Gushly naharhana
Rawylar sheýle gürrüñ beripdir. Bir bar eken, bir ýok eken. Ir zamanlarda bir derwüsh garnyny doýurmak üçin, gapy-gapy aýlanyp ýörkä, bir naharhananyñ hojaýynyna ýagdaýyny - ýeke teññe pulunyñ ýokdugyny aýdypdyr. Sahawatly hojaýyn gashyny çytman, derwüshiñ garnyny doýrupdyr. Derwüsh turmakçy bolanda, naharhananyñ bir diwaryna owadan gushuñ suratyny çekipdir-de, hojaýyna: ,,Size naharlanmaga gelýän müshderiler köpçülik bolup, el çarpsalar, shu gush diwardan düsher-de, geñ-enaýy tans eder. Onsoñ bu geñ ýagdaýy görmek üçin, seniñ müshderileriñ has köpeler" diýip, gapa ýönelipdir. Ol gapydan çykyp barýarka, hojaýyna: ,,Gushy hiç wagt ýeke adam üçin tans etdirmegin" diýip hem tabshyrypdyr.
Naharhananyñ eýesiniñ shol günden soñ rysgaly has hem artyp bashlapdyr. Gaýry ýurtlardan hem bu jadyly gushyñ tansyna tomasha etmäge gelipdirler. Gülerde bir gün bir tütjar baý gushuñ tansyna ýeke özüniñ tomasha etmek isleýändigini hojaýyna aýdýar. Hojaýyn baýyñ wada berýän ummasyz pulundan geçip bilmän, oña razyçylyk berýär. Baý haýbatly el çarpýar. $onda gush diwardan düshýär. Ol iki-üç gezek göwünli-göwünsiz aýlanýar-da, ýene-de diwarda surata öwrülip duruberýär.
$ol günden soñ ol gush köpçülik bolup çapak çalsalar-da, hiç tans etmänmish.
* * *
Dünýäni unudyp, nebsi otugan,
Göwni arsh öýünde mesgen tutunan.
Çarhy-pelek oýun gurup ýör munda,
Diýdiler: ,,Nebsine mäkäm çatylan".

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.