Enemizi birje gün görmesek mährini küýseýäs

Rowaýatdaky oglanjygyñ soñky durmushy hakynda okanymdan soñ-a hasam ynandym.
Ol sheýle bolupdyr.

Günlerde bir gün shol diýýän oglanjygym Enesi ishden geleninde ondan:
__ Ene, saña her gün ishe baranyñ üçin näçe manat berýärler - diýip sorapdyr.
Enesi:
__ Balam, muny nämeden soradyñ?
__ Aýdaýsana, Ene!
__ Bar, otuz manat eken-dä.
__ Sen maña shonuñ ýigrimi manadyny karz beräý!

Enesi ogluna "Ýok berjek däl, sen ony gerekmejek bir zada sowu goýberersiñ" diýýär-de, öz ishleri bilen boluberýär. Soñrak çaý-çörek edinip, biraz dynjyny alansoñ içinden "Ýogsa-da, bäsh ýashlyja çaganyñ munça pul nämesine gerek bolduka?!" diýip oýlanýar. Muny soramak üçin oglunyñ ýanyna barsa, ol eýýäm uklapdyr. Aýasynyñ içindäki pullaryny hem berk gysypjyk ýatyr. Enesi bialaç ýerine geçip ýatýar. Ertesi säher bilen çagalary öreninden oglunyñ eline ýigrimi manat tutdurýar-da, ondan soraýar:
__ Oglum, öñem-ä özüñde pul bar eken, agsham mendenem karz soradyñ. Munça pul saña nämä gerek boldy?!
__ Ene, kakamdan on manat aldym, sendenem ýigrimi alsam, laýyk otuz manat bolýardy - diýip, bäsh ýashlyja oglanjyk ýylgyrýar.
__ Ene, shu laýyk otuz manat. Me, bir günki ish hakyñy bereýin welin, bir günlük ishden galyp, biziñ ýanymyzda bolaý-da, hä! Sen ishden gelýänçäñ, biziñ seni göresimiz gelýär-ä!

Ýekeje gün görmesek mährini küýseýän Enelerimiziñ perishdedigine neneñ ynanmajak, onda-da iñ owadan perishdedigine...

17 лайков 99 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.