Iñ owadan surat (Rowaýat)
Öñem bir obada iki sany suratkesh dünýädäki iñ owadan zenanyñ suratyny çekmekde ýaryshypdyr. Olara ýeterlik wagt berlipdir. Suratkeshleriñ birinjisi eline kagyz-galamyny alyp, suratyny çekjek zenanynyñ gözlegine, uly shäherlere sary ýola düshüpdir. Hyýalyndaky zenany tapman, köp shäherleri söküpdir. Ýogsa, ol ýoly düshen shäherlerinde ömründe görmedik owadan zenanlaryna hem dushupdyr. Barybir olar suratkeshiñ göz öñüne getirýän zenany dälmish. Gözlegde nijeme köwshi tozadan suratkesh halys ruhdan düshüp, dogduk shäherine dolanmagy ýüregine düwen mahaly ýitigine dushupdyr. Onuñ suratyny gelniñ özündenem has owadan edip çekipdir.
Beýleki ýash suratkesh bolsa hiç ýere-de gitmän, göni öýlerine dolanypdyr. Öýlerinde Enesiniñ ishlerini dynaryna garashyp oturypdyr. Ahyry käbesiniñ eli boshansoñ, onuñ suratyny çekipdir. Enesinden owadan zenan bardyr diýen pikir hatda onuñ akylyna-da gelmändir.
Ýaryshyñ jemlenýän güni adamlar birinji suratkeshiñ çeken suratyny synlap, dünýäde beýle owadan zenanyñ bardygyna haýran galypdyrlar.
Ikinji suratkesh suratyñ ýüzündäki perdesini syranda, birbada, hemmeler lapykeç bolupdyr. Bir-birlerine "Bu, näme, hemmämiziñ tanaýan zenanymyzyñ suratyny çekip geläýipdir. Öýünden çykman, gününi çagalarynyñ egin-eshigini ýuwup-ardyp, hojalygyñ günamasyna bashagaý bolup geçýän ol zenany biz her günen görýäris" diýshipdirler. Emma ýash suratkeshiñ çeken suratyny synladyklaryça pikirleri üýtgäp bashlapdyr. Ýüzünden Günüñ nury, Aýyñ shuglasy çogup duran bu mährem zenany synladyklaryça synlaslary gelipdir. Olaryñ hemmesiniñ ýatlaryna öz Eneleri düshüp, ýash suratkeshi ýeñiji diýip yglan edipdirler.
Beýik Hytaý akyldary Konfusiý:
"Göwheriñ hem bahasy bar, emma Enäniñ bahasyna ýetme ýok. Göwheri ýitirseñ gazanyp bolýar, Enäni tapyp bolmaýar" diýýär.
Ene - keramat.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.