Pähimler

1. Kim başga birinde gören aýbyny geň görse, özi hem şol aýba duçar bolman ölmez.


Hz.Muhammed (SAW)





2. Nadanyň ýanynda kitap ýaly sessiz bol.


Möwlana




3. Haýra niýet eden wagtyň howlugyň tä şeýtan seni aldap ol niýetiňden döndürmesin.


Hz.Aly




4. Günäler garşysynda özüňe erk edip çydamak, käwagt ýüzlerçe rekat namaz okamakdan has sogaplydyr.


M.Fethullah Gülen




5. Her bir eşiden zadyny aýtmagy, kişiniň günä gazanmagy üçin ýeterlikdir.


Hz.Muhammed (SAW)




6. Akylly adam, bütin ýumurtgalaryny bir sebetde goýmaz.


Cervantes




7. Iň çalt kabul edilen doga bir musulmanyň başga bir musulman hakynda eden gaýybana dogasydyr.


Hz.Muhammed (SAW)




8. Yigit söweşde, dost dertde, agras adam gaharda belli bolar.


Arap Atasözi




9. Garaňky gijelerde metjide gitmäge dowam edenleri kyýamat güni doly ýagtylyk bilen buşlaň.


Hz.Muhammed (SAW)





10. Mekirlik akyllylyk däldir.


Euripidies




11. Çagaňy özüň üçin söý, ymmat üçin ýetişdir.


Ebu Hanife




12. Köp gülmäň, çünki köp gülmek kalby öldürýär.


Hz.Muhammed (SAW)




13. Allah bilen bolsaň ölüm hem, ömür hem hoşdur.


Möwlana




14. Aňsatlaşdyryň, kynlaşdyrmaň! Söýdüriň, ýigrenç döretmäň.


Hz.Muhammed (SAW)




15. Kakaňa hormat goý, ogluňam saňa hormat goýsun.


Hz.Aly




16. Sadakasyny gizlin beren adam, Rebbiniň oňa garşy ähtimal gazap oduny söndürer.


Hz.Muhammed (SAW)




17. Mekirlik her işe ýarar, emma hiç bir iş üçin ýeterlik däldir.


Amiel




18. Gün geldi aglan günlerime agladym.


Hz.Ebu Bekir




19. Gülüň dikeni bar diýip gynanjak ýerimizde, dikeniň güli bar diýip begeneliň.


Goethe




20. Özüň üçin arzuw edýän zadyňy beýlekiler üçin hem dile-de musulmanlygyň tamamlansyn.


Hz.Muhammed(SAW)




21. Söýgide gün ýaly bol, Dostlukda akar suw ýaly bol, Ýalňyşlary örtmekde gije ýaly bol, Pespällikde toprak ýaly bol, Gahar gazapda öli ýaly bol, Näme bolsaň bol, ýa bolşuň ýaly görün, ýa-da görnüşiň ýaly bol! .


Möwlana





22. Çagalaryňyzyň ertir söz eýesi bolmagyny isleýän bolsaňyz olara kitap sowgat ediň..


Hz.Aly



23. Jennetiň merkezine tagtyny gurmak isleýän, jemagata berk ýapyşsyn.


Hz.Muhammed (SAW)




24. Özüne göwni ýetýän adam Allaha daýanma duýgusyny ýalňyş ýerde ulanýar diýmekdir, mümin Allaha ynanyp diňe oňa daýanmaly.


Hz.Aly




25. Allanyň gahar etmeýänligini görüp aýnama, Möhlet berýänligini pikir et we gork!.


Anonim





26. Ýönekeý bir adamyň elinden gelenini etmegi, zehinli biriniň ýaltalygyndan has gymmatlydyr.


Baltasar Bracias





27. Niçeme ajaýyp ukyply adamlar, çekinjeňlik sebäpli ýitip gidendir..


Muhammet Bozdag




28. Tygşytly bolan garyp bolmaz, maslahat eden hem puşman bolmaz.


Hz.Muhammed (SAW)





29. Wagtlaryň iň gowusy bolan ýaşlyk çagyny, amallaryň iň haýyrlysy bilen geçirmelidir..


Hz.Aly




30. Adamlaryň jepasyna sabyr edip olaryň arasynda bolan mömin, olardan aýry durup jepasyna çydap bilmeýän adamdan has köp sogap gazanar..


Hz.Muhammed (SAW)




31. Nadanyň nadanlygyny subut etmek aňsat, ýöne oňa boýun aldyrmak kyndyr..


Hz.Aly




32. Sen tohum at-da git, hasyly kim alsa şol alsyn.


***



33. Bilimli Nesil, Kuwwatly Watan.


Türkmenbaşy




34. Köp ýalan sözleýäniň edýän kasamy hem köp bolar.


Alfieri




35. Köp güleniň hormaty gaçar.


Hz.Aly




36. Magtymguly namyradam,


Iller hoşdur, men näşadam,


Söz manysyn almaz adam,


Bir guýruksyz ite meňzär.


Magtymguly Pyragy




37. Kyýamat güni meniň şepagatyma laýyk boljaklar, maňa iň köp salawat getirenlerdir.


Hz.Muhammed (SAW)




38. Ýaman endikleri taşlamak iň gowy ybadatdyr.


Hz.Aly




39. Bütin haýyrlaryň açary pespällik, bütin şerleriň açary hem ulumsylykdyr.


Ýusuf b. Hüseýin




40. Çaganyň haýyrsyzy bolmaz, Allah haýyrly ene-ata bersin.


Hekimolgu Ismaýyl




41. Geler bir bir, gider bir bir, galar bir, Gelen gider, giden gelmez bu bir syr.


Anonim




42. Allanyň gatynda dogadan has gymmatly zat ýokdyr.


Hz.Muhammed (SAW)




43. Pul garyplygy ýok eder, bagtsyzlygy däl, nahar garny doýurar, ruhy däl.


Bernard Show



44. Gybat duşmançylyk besleýänleriň, görüpleriň we dikdüşdileriň iň köp ulanýan biderek ýaragydyr..


Said Nursi




45. Jemagat bilen bile boluň, we dawa jenjelden uzak duruň. Ýadyňyzdan çykarmaň, şeýtan ýeke özi hereket edýänleri boş goýmaz.


Hz.Muhammed (SAW)




Syryñy özüñden başgasyna aýtma


Her syrdaşyñ başga bir syrdaşy bardyr



Hezreti Aly




Etjek bolýan haýyrly işleriňi ertire goýma, görersiň welin, ertir bolar, sen bolmarsyň.



Hezreti Aly (r.a.)



Her gün şol bir eşikde daşary çykmaga utanýan adamlar näme üçindir her gün şol bir düşünjede köçä çykmaga utanmaýarlarka!?


Fahrian Berotti





Hudaý bize kynçylyklary, bizi synamaklyk üçin ugradýar, nalamaklyk üçin däl.




Bir zatlara güýmeniň, ýer dyrmalaň, ýöne boş bolmaň. Işsizlik ynsany hemme zatdan beter zaýalaýandyr.




Daşky owadanlyk tanyşmak üçin gerek. Ýaşaşmak üçin kelle gerek. Adamçylyk gerek.



Esasy zat bilimiň köp bolmagy däl, onuň hiliniň ýol bolmagy möhümdir. Çünki köp bilibem, iň esasy zady bilmän bilersiň.


L.Tolstoý




Esasy zat, öz-özüňizi aldamaň.



-F. M. DOÝTOÝEWSKIÝ-

6 лайков 243 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pakize
09 окт 2023, 17:54
Juda gowy mowzuk ýöne bölümleriñ aradaşlygy biraz gözümi ýadadatdy.
Pakize
09 окт 2023, 18:06
ýadatdy diyjek boldym.
Diamante
09 окт 2023, 18:45
Sag bol toplap bize yetireniň üçin
Sahedowa
09 окт 2023, 21:33
cyn yurekden aydyaryn beter gou bolupdyr azabynyz ucin sagbolun ustunlik hemranyz bolsun