Mars şokolady ýa-da arzuwly çagalygym.

Şokolady çaga wagtyň hat-da uly bolsaňam gowy görmeýän az bolsa gerek. Hut şolar ýaly menem mars atly şokolady gowy görýädim. Şokolady diýsem aňyrrakdan gaýtdygym bolar has dogrusy "mars" ýazgyly gabyny gowy görýädim. Sebäbi özüni iýip göremokdym. Köçelerde gaby öňimden çyksa şeýle bir gowy görýädim "mars" diýen ýazgysyna dagy aşykdym heý goýaý seredip okap doýamokdym. Onda-da bir gapdaly çalarak açylyp täzeräk taşlanan bolsa açyp içiniň ysyny özime çekişimi, hamana şo wagt özim täze açanym ýaly şeýle bir gowy ysy bardy. Ah, çagalyk seni ýatladygymça içine girip gitdim. Bu ýagdaýlar ýagdaýmyzyň pesligindenmi ýa düşünjämiň pesligindenmi ýa şony iýesim gelýä diýmeýänimdenmikä. Dogrusy ony diňe baý we üýtgeşik adamlar iýýändir, biz ýaly adamlar iýmeli däldir diýip pikir edýädim we iýesim gelýä diýip aýdamokdym. Ýogsa kakam almasada ejem eýdip-beýdip çagasynyň göwnini tapardy ahry, sebäbi biz döwüriň kakalary öýinde bir halta un bilen 5 kl et bar bolsa galan ownuk zatlara üns edip durmazdylar.
Indi şo şokolady iýsemem näme üçindir arzuwymdaky ýaly däl ýa, gabynyň ysam öňki ýaly däl. Siziňem gowy görýän, çagalygyňyzda iýip bilmän arzuw eden şokoladyňyz ýa ýene bir zadyňyz bardyr mümkin, belläp geçäýseňiz!
11 лайков 282 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Uly Hojaýyn
08 дек 2023, 10:52
Aý ýok, çagalygymda iýen şokoladlarym tersine häzir ýok((( ine gynançly ýeri
IDEALLIDER
08 дек 2023, 16:29
Tormaza dälle weli, şondada snikersä şuwagdam iýýän.
Balary
08 дек 2023, 23:41
bää m&m i gowy göryädim. kakam görgüliñ eli gaty yuka ekini(garnymyz doklugyndan bilmändirisem, çagakak) gaty köp alyp bererdi. dobryy sok alyp bererdi. birinji gezek sprite içemde harplap okayshym yadyma dúshdi yazyarkam...
Venus
09 дек 2023, 12:08
Snikers iň "elitnysydy". Ejemiň getirýän Täze ýyl sowgatlaryndan iň birinji gözlenýäni snikersdi...
Nazar
10 дек 2023, 12:33
"Lezzet" atly bedreli semeýni moroženo bardy. Bahasy 25 müň manatdy ýöne şol puluň güýji häzirki puldan 25 manat ýaly bolýa. Ana şol moroženo arzuwymda galdy. I başga-da "Metro" şokolady bardy ana şol şokolad awtoryň aýdyşyndaky ýaly pikirde gezip çagalyk arzuwymda galypdy.

Hany indi ol çagalyk
Oglan
11 дек 2023, 22:20
Bah... Hem ajy hem süýji ýatlama.
Oglan
11 дек 2023, 22:22
Menä "ROXY" diyen sekalady gowy goryadim
TtDžumaýewa
12 дек 2023, 13:37
O dowurler gaty hezildi koropkalap snikers gelerdi yone 2-3nji klaskam sokaladnyy pasta iymegem gowy goryadim:))