Perişdejik

PERIŞDEJIK



Men size çagalygymdaky bölek-bölek wakalary gürrüň bermekçi bolýaryn. Öňler men 6-7 ýaşly kiçijek oglanjyk wagtym kiçijek perişdejigiň bardygyny duýýardym. Men ony görýärdim. Ýöne beýlekiler görenokdy.
Ol meni oýnatýardy. Ýöne soňa baka öýdäkilere ol perişdejigiň bardygyny bildirmän başladym. Bir gün şo perişdejik ýanyma gelip elime ruçka tutdyrdy-da ak kagyzlary görkezdi. Men ak kagyzyň öňüne geçip oturdym. Soňra bu perişdejik ruçkany tutan ýerimden, ruçkanyň arka tarapyny eli bilen sazlap surat çekdirdi. Şol suratymy ejem synlap duran eken. Ol ýanyma geldi-de başymdan sypalap, muny nädip çekdiň diýdi. Menem perişdeler öwretdi diýdim. Ol meniň perişdejikler diýýänime kän üns berenokdy. Soňra ejem meni öwülýalara zyýarata äkitdi. Şonda men zyýarata gelýän adamlara nahar çekilmäge kömek edýärdim. Maňa surat çekdiren perişde diýýänim ýanymdady. Ol meň saçymyň arasyna girip oturýardy. Kä wagtam uçup yzymdan ýetýärdi. Adamlar töwür galdyranlaryndan soň zyýarat edýärdiler. Menem olardan galamokdym. Ejem meni okamyş molla görkezdi. Şonda ol molla ejeme: ''Myň ýanynda goragçysy bar, gözüne seredip bilemok, şonuň eýesi meni güýçden gaçyrýar'' diýipdir. Onuň eýe diýýäni şol perişdejik bolmaly. Men bir gün ol perişde bilen bukullym oýnadym. Men ondan ulyrak bolanym üçin bukulmak kyndy, şoň üçinem köplenç men eşşi bolýardym.
Perişdejigiň uzyn aňyrsy görnüp duran saçy bar. Ol saçyny örýärkä men oňa begenip seredip oturýardym. Ol saçynyň ujy bilen burnuma sokup meni asgyrdýardy, ol şonda gülüp: ''Sabyr et'' diýip meni kowalaýardy.
Hemişekisi ýaly ýatyrkam men ony elimde goşa owujyma alyp, ýaňagymyňa degirip ýatýardym. Bir günem men ony üfläp gorkuzyp turuzdym. Ol menden gaty gördi. Üç günläp meň bilen gürleşmedi. Soň ol meň ýaňagymdan ogşady. Egnime ýapyşan bolup meni gujaklady.
Bir günem men Ak kagyza Ýeriň üstündäki jaýlary we aşagynda ösümlikleriň kökli ýagdaýyny, ondan aşagyrakda hem birnäçe adamlary şekillendirip surat çekdim. Şonda bir-iki ýola jaýymyz sarsyp gitdi. Öýümiziň aşagy amarsatrly, tekerli wagon bolany üçin diňe titräp gidýärdi. Ol wagony dagyň eteklerine, Pöwrizä maşyna tirkäp aýlanmaga gidenimizde äkidýärdiler.
Şonda men ýer titränine gorkdum. Doganymam şol çeken suratymy erbetlige ýordy-da ''Indi beýle surat çekme, gowulyk däl'' diýdi. Soň ol gowy edip çeken suratymy ýyrtdy. Soň men şahly zatly Arwahlaryň suratlarynam çekdim. Hiç zat bolmady. Ýerem titremegi wäää diýip doganymyň içini ýakdym. Ol meň täze çeken suratymam görüp ýyrtdy...
Men 3-4 ýaşymdakam ''Nu pogodi'' multfilme tomaşa edýärkäm, ýanyma plastmasdan edilen gök towşanjygy gujaklap ýatýardym. Bir günem ejem meniň telewizoryň öňünde aglap oturanymy gördü-de: ''Oglum, näme üçin aglaýaň, näme diýdiler, urdylarmy?'' diýip ýaşa suwalan ýaňagymy süpürip ogşady. Şonda men: ''Eje näme üçin nuppagadidaky möjek şu towşany tutup bilmeýänine aglaýan'' diýdim....
Ine çagalygymdaky ýadyma düşenje pursatlaryň käbiri şulardan ybarat...


01.02.2024.
1 лайков 55 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.