Gyşda awtoulaglaryň aýnalarynyň doňmagynyň öňüni almagyň alty usuly
Sowukda awtoulaglaryň aýnalarynda, köplenç, buz emele gelýär. Munuň özi sürüjiniň görüş ukybyny peseldýär we ýol hereketiniň howpsuzlygyna gönüden-göni ýaramaz täsir edýär.
Nädip awtoulagyň içinde çyglylygy peseltmeli we şonuň bilen birlikde aýnanyň bugaryp, soňra bolsa doňmagynyň öňüni almaly?
1. Gyş döwründe hereket edýän awtoulagyň içinde elmydama howa çalşygy, mümkin boldugyça, gyzgyn howa çalşygy bolmaly. Üflenilýän howany öň tarapyndaky we iki gapdaldaky aýnalara ugrukdyrmaly.
2. Gyşda rezin düşegiň ornuna, dokma düşek bolsa has amatly. Dokma düşekler çygy özüne çekýär. Şol bir wagtyň özünde rezin düşekler çyglylygy aýagyň aşagyna ýygnaýar. Şonuň netijesinde hem awtoulagda çyglylygy ýokarlandyrýar.
3. Awtoulagyň aýnasy diňe bir hereket edýän wagty doňmaýar. Duralgada sowuk gijeden soň irden bu aladalardan dynmak hem-de arkaýyn ýola düşmek köp wagty talap edýär. Awtoulagyň hereketlendirijisini herekete getireniňizden soň, onuň içini gyzdyrmaga mümkinçilik beriň. Aýnanyň ýüzündäki gary ýa-da doňy aýryň.
4. Awtoduralga gelip ýetmezden 5-10 minut öň awtoulagyň içiniň gyzdyryjysyny öçüriň we aýnasyny açyň.
5. Awtoulagy ýerleşdirenden soň, ulagyň gapylaryny bir-iki minut açyň. Munuň özi awtoulagyň içiniň we daşynyň gyzgynlyk derejesini deňleşdirýär.
6. Hatda köne halk usulyny peýdalanmak hem bolar. Mata süpürijä duz sepmeli we aýnany iç tarapyndan süpürmeli. Şondan soň aýnanyň doňmaklygy köp derejede peseler.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.