Durmuş gurmak

Salam agzalar, men känbir gürriñlerñize goşulyp ýöremok, ýöne sessiz okamaga elim degdiginden okaýan, içiñizde juda sylaýanlarym bar, gyzyklanýanlarym bar. Mysal üçin: @Pegas, Khanture, Belki, Tiko, Marly_Boreц, Shahrukhan, Nairobi, Jeksparro, Kalp_doctory, Liverpul_fc, Bayker, Gost, Don_Maxx, State, Elif, Biohimik..... talyplarda Nirvana(onda yazyp bilemmok)
Durmuş gurmakda deñlik meselesine nähili garaýañyz?!
Ýaş deñligi?!
Abraý deñligi?! (Biri abraýlyrak, biri biabraýrak bolup biler)
Iñ esasam pikir deñligi?! Biriniñ söz baýlygy köp biriniñki ýok bolsa?!
Ýene de bir zat äri är edýänem gara ýer edýänem aýalmy?!
(Hemmäñiziñ pikirlerñize hormat goýmak bilen jogaplarñyza garaşýan)
2 лайков 690 просмотров
93комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 17:37
Salam Näme gyzyklanyaň biz hakda ? arbuz
Ötegçi
Автор 20 янв 2022, 17:44
Gyzyklanýan zatlam köp, ýöne edil häzir şu soraglara kim nähili garaýar?! Maña häzir juda zerur şu mesele @Nairobi
nejisje
20 янв 2022, 17:45
Baxx... dalimisen
Ötegçi
Автор 20 янв 2022, 17:46
Mysal üçin ýañra akylly bilen dymma kümsük bile ýaşap bilermi?!
Ötegçi
Автор 20 янв 2022, 17:47
Arassa gyz alyp islänini edip ýören oglanlaram kän?! Ilki yzynda it ýaly kañkap soñ gadryny bilmeýänler
Ötegçi
Автор 20 янв 2022, 17:47
Gaýyn-gelin oñşuksyzlyklary
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 17:47
1 Yaş deňligi
Oglanyň menden uly bolmasyny isleyän min 3 yaş maks 12 yaş bolsun ara (Sebäbini aytjak däl)
2 Gyz abrayly bolsun esasy zat . Gyzyň abrayyna şek duşmesin. Eger gyzyň abrayynda mesele bar bolsa, äri hökman yuzune basar gahary gelse. Gyzyň özi gowy bolup doganlaryndan biri abrayyny yitirse yene äri yuzune basya şony. Oglanyň abrayy nähili bolanda-da gelini yuzune basyp bilmez (eger gatyrak tutyan bolsa) Ikisiniň abrayy deň bolsa-da bolya
3 Pikiri deň bolmasa hersi özuniňkini dogry etjek bolup uruş bolar ya-da biri-birini oňlaman nägile bolup yörler
4 Bu-da ikinji bilen baglanyşkly şoň un gyz abrayly akylly bolsun
3
Ötegçi
Автор 20 янв 2022, 17:48
Gelin-baldyz oñşuksyzlyklary
Maksat
20 янв 2022, 17:48
Meň pikirim ýaş deň bolsun bolmasyn durmuşda päsgelçilik döredenok. Meň gelnim özümden dört ýaş kiçi))
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 17:49
Ärini daşlaşdyrmazlyk gelniň özune bagly zat
Ötegçi
Автор 20 янв 2022, 17:50
3 12 yaş kiçi bolsa nähli bordy?! Kyn bolarmy Nairobi
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 17:51
menem 10 yyllyk är-ayal bolup tejribelä meňzäp bolup otyrşymy)) Özum şeyledir diyip pikir edyän
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 17:52
Ötegçi,
Kiçi bolsa men-ä halamok her kimiň öz garayşy barda
Maksat
20 янв 2022, 17:52
Meň pikirim dogry bolsun ýalňyş bolsun elmydama pikirime hormat goýýar.
Meň sözüm gelnim üçin kanun hiçhili çekeleşik ýok, diýmek akylly.
nejisje
20 янв 2022, 17:55
yash gyzyklandyranok esasy gyzda abray bolsun gyzda abray bolmasa @ Nairobi aydyshy yaly gahary gelse yuzune basya yone hic hacan gyz oz adamsynyn yuzune hic zat basyp bilmez sebabi icine salyp gezya gyz dine ozunin mashgalsynda agzybirlik bolsun diyip gezermika diyyan gara yer etmez hic kimem oz durmushyny bulashdyrmana yurek barmaz meñ pikirim
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 17:56
Bayker,
yalňyş bolsa duzetsin sylaşykly dusundirip bolyara
meň ärim soňy erbet zatlara eltjek kararlar aljak bolsa ilki duşundirerim duşunmejek bolsa-da boguşayarynda soň şol karary un gynanyp gaharlanyp gezenden meň bilen urşup gaharlasyn
nejisje
20 янв 2022, 17:56
yash men ucn oglanynky uly bolmalymyka diyyan
Ötegçi
Автор 20 янв 2022, 17:57
Цитата: Nairobi
Bayker,
yalňyş bolsa duzetsin sylaşykly dusundirip bolyara
meň ärim soňy erbet zatlara eltjek kararlar aljak bolsa ilki duşundirerim duşunmejek bolsa-da boguşayarynda soň şol karary un gynanyp gaharlanyp gezenden meň bilen urşup gaharlasyn
Goşulýan
Ötegçi
Автор 20 янв 2022, 17:58
Цитата: Bayker
Meň pikirim ýaş deň bolsun bolmasyn durmuşda päsgelçilik döredenok. Meň gelnim özümden dört ýaş kiçi))

Şol 4 ýaş uly bolanda ýene öñki ýagdaý bolardymy,
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 18:00
nejisje,
käbir gyzlar eder şolary alyp yalňyşan oglanlar bardyr maşgalasy bozulan. Karoçi gyz bolup oglanjyklara maslahat bereyin. Alan gyzyňyzda yalňyşan bolup bilersiňiz tak şto yaman bolsun gowy bolsun başyndan gaty tutuň. Soň özi öwrenip endik bolup gider. Birinjem boynuna pyçak direlse-de size dogrusyny aytmagy yalan gurlemezligi öwrediň
Maksat
20 янв 2022, 18:00
Ikimizem abraýly maşgaladan daýzamyň gyzy hiçkim bn söýüşmedi, men welin gyzlar bn söýüşdim))
Äri är edýänem gara ýer edýänem aýal dogry şu söz.
Liwerpul_fc
20 янв 2022, 18:01
Aýalyň özüňden beter uly bolmasyn.
Ötegçi
Автор 20 янв 2022, 18:02
Mysal: Gyz owadan akylly, abraýly.
Oglan: dymma, gyzyñky ýaly abraýy ýok, ýöne gyzy gowy görýär,öñem gaty gowy görenleri bar. Oglana gyz doganlary ýok o gyzy alma diýýä. Ýöne oglanyñ agalary hem kakasy almagy maslahat berýär. Gyz uly oglandan. Şu ýagdaýda nähili bolardy?!. Oglanyñ gyz doganlar bn gyz oñşanok. Soñam oñşuksyzlyk boljak. Oglanyñ niýeti ýöne gelnini alyp derrew gocmek
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 18:06
Ötegçi,
näme un gyz baldyzlary bn oňşanok?
arkac
20 янв 2022, 18:08
Цитата: Ötegçi
Mysal üçin ýañra akylly bilen dymma kümsük bile ýaşap bilermi?!


Elbetde tebigat haýsy hem bolsa birine parhly bolmak hasiýeti bagş eden bolsa ýaşaşyp bilerler. Ýone bu wagt dymmamy, ýañramy o zatlara kän seredilip durlanak. Adamlaryñ esasy uns merkezinde diñe pul bar. "Maña pul ber soñ, ...okly köwūş bn agzyma ur" diýilýän döwūre geldik.
Maksat
20 янв 2022, 18:09
Цитата: Ötegçi
Цитата: Bayker
Meň pikirim ýaş deň bolsun bolmasyn durmuşda päsgelçilik döredenok. Meň gelnim özümden dört ýaş kiçi))

Şol 4 ýaş uly bolanda ýene öñki ýagdaý bolardymy,

Öňki ýagdaý bolmazdy sebäp dogry aýtsada maňa akyl bermeli däl uly bolsa akyl berjek bolar diýip hasap edýän @Nairobi ikimizem özümizi bagtly hasap edýäs eger bagt şu bolsa. Meň harakterim köpler üçin erbetdir ýöne meň aýalymyň türkmen däp dessurlarny doly ýerine ýetirmegini isleýän. Men nirede, nähili pikirde, nähili ýagdaýda bolsamam meň arkamda durýa hiç wagt bir ädim öňe geçeýin diýenok.
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 18:12
Bayker,
näme diyjek bolanyňa 3 gezek okabam dusunmedim Bayker aga :( Biz nämäni bagt hasap etyäs?
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 18:14
arkac,
goyayyňda menem pul diyen bolup degişyän yöne pul diyip ölup baramok. "Häzir öňuňe bir petde pul gaçsa bilerdiň" diyen bolarsyňyz welin şol petdäni almazdym
Maksat
20 янв 2022, 18:19
Цитата: Ötegçi
Mysal: Gyz owadan akylly, abraýly.
Oglan: dymma, gyzyñky ýaly abraýy ýok, ýöne gyzy gowy görýär,öñem gaty gowy görenleri bar. Oglana gyz doganlary ýok o gyzy alma diýýä. Ýöne oglanyñ agalary hem kakasy almagy maslahat berýär. Gyz uly oglandan. Şu ýagdaýda nähili bolardy?!. Oglanyñ gyz doganlar bn gyz oñşanok. Soñam oñşuksyzlyk boljak. Oglanyñ niýeti ýöne gelnini alyp derrew gocmek

Eger ýaşlar biri birine hormat goýsa, söýseler esasam iki bolup durmuş diýilýän ummanda herhili gaý tupanyň boljagyna düşünseler, hiçhili mesele bolmaz bagtly bolarlar. Gelin baldyz oňşuksyzlygy köp gabat gelýä, maşgala nikadan soň döreýär dogry ýa ýalňyş kararlar bolup biler şeýdibem taplanar. Häzirki ýaşlar bir söz üçin ýa bolgusyz sebäp bn ýoluny aýyrýalar, gynandyryjy ýagdaý.
Liwerpul_fc
20 янв 2022, 18:19
Цитата: Nairobi
arkac,
goyayyňda menem pul diyen bolup degişyän yöne pul diyip ölup baramok. "Häzir öňuňe bir petde pul gaçsa bilerdiň" diyen bolarsyňyz welin şol petdäni almazdym

Alyp maňa beräý