Yslamy Sowallar №2

Saýtda dinimize bolan gyzyklanmany nazarda tutyp, Yslamy sowallaryň 2-nji bölümini hem taýýarladyk.
Bu gezek azajyk çylşyrymlyrak, kynyrak bolmagy mümkin, oňa garamazdan hemmämiz bilelelikde jogaplary tapmaga urunarys.

Başladyk onda:

1. Pygamberimiz Muhammet s.a.w näçe ogly we näçe gyzy bolupdyr? (Bilseňiz atlaryny hem ýazyp geçäýiň)

2. Yslamda erkeklerden we aýallardan birinji bolup iman getiren kim?

3. Resulullah s.a.w "Magraj" gijesinde asmanda birinji haýsy pygamberi gördüler?

4.  H.z Hamzany (r.a) naýza b.n atyp öldüren kim?

5. Nika - şerigatda nähili amal hasaplanylýar?

6.
a) "Juma" sözi nähili manyny aňladýar?
b) "Kyýamat" sözüniň manysy näme?
ç) "Umra" sözüniň manysy näme?

7.
a) Iň köp hadys rowaýat eden SAHABA kim?
b) Iň köp hadys toplan hadysçy alym kim?

8. Näçe mezheb bar we haýsylar?

9. Pygamberimiz (s.a.w) bir hadysynda "Mynapygyň (daşy musulman, içi kapyr) 3 alamaty bardyr.. birinjisi: Wada berse sözünde durmaz; ikinjisi: Amanada hyýanat eder; Üçünjisini siz aýdyň?

10. Eger bilseňiz keminden 5 sany sahabalaryň adyny ýazyň... (4 çaryýarlardan başga)

10 лайков 373 просмотров
31комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
04 фев 2022, 12:12
Meniň bilýänim dört gyz üç ogly bolan ogullary çagalykda aýrylan.
Rukiýýa, Zeýnep, Ümmü Gülsüm, Fatma
Abul Kasym, at Tahyr, Ybraýym.
Maksat
04 фев 2022, 12:15
Erkeklerden Hz Aly r.a aýallardan Hz Hatyja. Ikinji soragyň jogaby ýalňyş bolmagy mümkin.
Maksat
04 фев 2022, 12:19
2. Hz Hatyja, Hz Ebu Bekr.
Maksat
04 фев 2022, 12:30
Hz Hamzany Uhud söweşinde Wahşy naýza bn öldürdi.
Bentner
04 фев 2022, 12:40
1).3 огул 4 гыз
Огуллары:Касым, Ыбрайым (Ибрахим) Абдуллах
Гызлары:Рукийе, Зейнеб, Умми Гулсум, Фатма
2). Эбу Бекир Сыддых, Хатыжа
8). 4 мезхеб бар: Ымам Агзам, Ымам Малик, Ымам Шафиги, Ымам Ахмет
Bentner
04 фев 2022, 12:45
10).Эбу Давуд, Тирмизи, Ымам Агзам, Ымам Малик, Ымам Шафиги, Ымам Ахмет
Bentner
04 фев 2022, 12:48
3). Муса пыбамбер болмалы ялнышмасам
Bentner
04 фев 2022, 12:50
5). Ойленмен суннет
Maksat
04 фев 2022, 12:53
8. Dört mezheb bar olar
Ymam Agzam
Ymam Mälik
Ymam Şafygy
Ymam Hanbal
Ýöne toparlar ýetmiş üç sany.
Bentner
04 фев 2022, 12:57
Цитата: Bendtner
5). Ойленмен суннет

Ойленмек* суннет
Bentner
04 фев 2022, 12:59
Автор ответлерни айдайсан. Оз билянлерима шулар, галанларыны хем бейлеки сайтдашлар джогаплаймаса
Bentner
04 фев 2022, 13:00
Цитата: Bendtner
Автор ответлерни айдайсан. Оз билянлерима шулар, галанларыны хем бейлеки сайтдашлар джогаплаймаса

Берлен джогаплар догрымы шоны язай
Suleyman
Автор 04 фев 2022, 13:44
Цитата: Bayker
Meniň bilýänim dört gyz üç ogly bolan ogullary çagalykda aýrylan.
Rukiýýa, Zeýnep, Ümmü Gülsüm, Fatma
Abul Kasym, at Tahyr, Ybraýym.

Bu jogabyň dogry. 1nji soragyň jogaby tapyldy.
Suleyman
Автор 04 фев 2022, 13:44
Цитата: Bayker
2. Hz Hatyja, Hz Ebu Bekr.

Başda ýalňyşdyňyz, emma bu jogabyňyz hem dogry. 2nji hem tapyldy.
Suleyman
Автор 04 фев 2022, 13:45
Цитата: Bayker
Hz Hamzany Uhud söweşinde Wahşy naýza bn öldürdi.

Dogry. 4nji hem tapyldy.
Suleyman
Автор 04 фев 2022, 13:46
Цитата: Bendtner
1).3 огул 4 гыз
Огуллары:Касым, Ыбрайым (Ибрахим) Абдуллах
Гызлары:Рукийе, Зейнеб, Умми Гулсум, Фатма
2). Эбу Бекир Сыддых, Хатыжа
8). 4 мезхеб бар: Ымам Агзам, Ымам Малик, Ымам Шафиги, Ымам Ахмет

Şu jogaplaryň dogry.
1,2,8
Suleyman
Автор 04 фев 2022, 13:47
Цитата: Bendtner
10).Эбу Давуд, Тирмизи, Ымам Агзам, Ымам Малик, Ымам Шафиги, Ымам Ахмет

Bu jogabyňyz ýalňyş. Bular sahaba däl.
Suleyman
Автор 04 фев 2022, 13:48
Цитата: Bendtner
5). Ойленмен суннет

Munyňyzam kabul edýäs. Öýlenmek däl-de, Nika - şerigatda sünnet amal.
Maksat
04 фев 2022, 15:00
10. Ebu Ubeýde bin Jerrah Uhud söweşinde pygamberimiziň ýüzüne çümen demir böleklerini dişleri bn çekip çykaran sahaba.
Mälik bin Sinan pygamberimiziň ýüzündäki ganlary dili bn arassalan sahaba.
Hz Musab bin Umeýr Uhud söweşiniň şehit boldy.
Eburum diýen sahaba tug göteriji.
Hz Jabir hendek gazylýarka musulmanlary nahara çagyrdy, şol gytçylykda.
Ebu Hureýre r.a sahaba.
Abdullah bin Rewahan.
Selman Farsi.
Hz Zübeýir bin Awwam.
Hz Zeýd bin Harise
Hz Seleme bin Eslem.
Hz Sad bin Muaz.
Hz Nuaým bin Mesud.
arkac
04 фев 2022, 15:38
6.
a) "Juma" sözi nähili manyny aňladýar?
b) "Kyýamat" sözüniň manysy näme?
ç) "Umra" sözüniň manysy näme?

a) "Juma" sözi hepdaniñ "anna" ýagny 5-nji gūni diýmeklik.
b)"Kyýmat" sözūniñ manysy "ahyrýet"diýmek. Hasap-hesibiñ soraljak gūni. Mizan terezisiniñ gurujak gūni. "Halala hasap bar, harama azap" diýlen guniñ başlangyjy.
ç) "Umra" haç parzynyñ baýramçykda edilmedik zyýaraty. Oña "umrahajy" hem diýilýar.
Suleyman
Автор 04 фев 2022, 15:51

Tüweleme. Sahabalary tanaýan hem barlygy begendirdi. Sahabalar Pygamberimizden s.a.w soňra iň kämil ynsanlar hökmünde saýylýar. Olary tanamak, olaryň derejesini bilmek biz üçin wajypdyr. Çünki olar Pygamberimizi gören, Onuň ýanynda bolan, hyzmatyny eden, Onuň diregçisi bolan Allahyň nazar salan (köpüsi dirikä jennet buşlugyny alan) ynsanlarydyr.
Suleyman
Автор 04 фев 2022, 15:57
Цитата: arkac
6.
a) "Juma" sözi nähili manyny aňladýar?
b) "Kyýamat" sözüniň manysy näme?
ç) "Umra" sözüniň manysy näme?

a) "Juma" sözi hepdaniñ "anna" ýagny 5-nji gūni diýmeklik.
b)"Kyýmat" sözūniñ manysy "ahyrýet"diýmek. Hasap-hesibiñ soraljak gūni. Mizan terezisiniñ gurujak gūni. "Halala hasap bar, harama azap" diýlen guniñ başlangyjy.
ç) "Umra" haç parzynyñ baýramçykda edilmedik zyýaraty. Oña "umrahajy" hem diýilýar.

Siziňki hem dogry. Tüweleme.
Siz ýöne türkmençe aňladýan manylaryny ýazypsyňyz. Bu wariant hem dogry. Ýöne Juma, Kyýamat (ýagny Kyýam), Umra - üçüsi hem arap sözleri. We şularyň hem göniden-göni öz latynça terjimeleri. Men aslynda şolary göz öňüne tutupdym.
Meselem: Juma - arapça söz bolup, 'jemleniş, toplanyş' diýen manyny berýär.
Kyýamat - Kyýam sözüne meňzeş bolup 'Dik durmak' manysyny aňladýar.
Umra - arap dilinde 'zyýarat' diýen manyny berýär.

Şunlukda 2 wariant hem dogry. Jogabyňyz üçin minnetdar
Suleyman
Автор 04 фев 2022, 16:01
Diýmek: 1-2-4-5-6-8 soraglaryň jogaby tapyldy.

Entäk: 3-7-9 tapylanok we 10-njy'ny goşmaça ýene dowam edip bilýäňiz islegiňize görä.
Suleyman
Автор 04 фев 2022, 16:01
Цитата: Bagul_Atayeva
Alla razy bolsun Dark Wolf şeýle soraglar goýýanyň üçin. Din hakda näçe köp goýsaň şonça gowy bolar.

Sizdenem razy bolsun. Şeýdip gatnaşyp duruň.
Suleyman
Автор 04 фев 2022, 16:03
Цитата: Bagul_Atayeva
3. Adam atany görýär

Jogap dogry. Berekella.
3-nji tapyldy.
Suleyman
Автор 04 фев 2022, 16:05
Цитата: Bagul_Atayeva
7nji soragyň 1njisi meň pikirimçe Ebu Hureyre

Hawa, 7 nji soragyň a) warianty dogry. Iň köp hadys rowaýat eden sahaba Ebu Hureyre r.a.
Ýöne b) jogabyň nädogry
arkac
04 фев 2022, 16:25
9. Pygamberimiz (s.a.w) bir hadysynda "Mynapygyň (daşy musulman, içi kapyr) 3 alamaty bardyr.. birinjisi: Wada berse sözünde durmaz; ikinjisi: Amanada hyýanat eder; Üçünjisini siz aýdyň?

Ūçūnjisi ýalan sözlar!
Suleyman
Автор 04 фев 2022, 16:31
Цитата: arkac
9. Pygamberimiz (s.a.w) bir hadysynda "Mynapygyň (daşy musulman, içi kapyr) 3 alamaty bardyr.. birinjisi: Wada berse sözünde durmaz; ikinjisi: Amanada hyýanat eder; Üçünjisini siz aýdyň?

Ūçūnjisi ýalan sözlar!

Berekella! Dogry.
Suleyman
Автор 04 фев 2022, 16:44
7.
a) Iň köp hadys rowaýat eden SAHABA kim?
b) Iň köp hadys toplan hadysçy alym kim?

1. Iň köp hadys rowaýat eden Ebu Hureyra r.a
2. Iň köp hadys toplan Ymam Al-Buhara
Maksat
04 фев 2022, 17:23
Dark_Wolf,
Berekella. Bilmeýänlerimi hökman belläp alýan bir depdere ýada skrinshot edýän. Soraglarňyzdan köp zat öwrendim.