Dogruňy aýtmalymy?

Iki ştuk soragym bar saýtdaşlar. Şoň üstünde pikir alşalyň. Sebäbi soragalaryň jogaplary hakynda her kimde hir hili jogap, meňzetme, başdan geçirmeler bardyr.

1). Bir gyz b/n täze tanyşan oglan, şol gyzdan geçmişi hakynda soraýar. 'Menden öň biri b.n gürleşdiňmi?'.
Şeýle soraglarda gyzlar dogrusyny aýtmaýar, ýalan sözleýär, ýa täsirini peseldip üýtgedip aýdýar. Bu döwürde 'ýok men entäk hiç kim b.n gürleşemok' diýse-hä hemme oglan ynanmaz. Köp oglan beýle soragy berýänem däldir belki. (Esasy indi meň b.n gürleşse bolýar diýen pikirdedir).
Sorag şu: Şeýle ýagdaýda gyzlar dogrusyny aýtmalymy ýa aýtmalymy dälmi?!  Ýagny, öz geçmişiňi bolşy ýaly indiki tanyşjak bolýan oglanyňa hemmesini aýtmalymy?
Öňki gürleşen oglany kim, nähili gürleşipdir, nädip aýrylyşypdyrlar, bular oglany gyzyklandyrýandyr ahyry?. Öňki oglan sözünde durman eýýäm öýlenendir, ýa aç-açan geçendir, ýa ullakan dawa bolup sögüşendirler.
Şu bahanalar b.n indiki oglan kanagatlanarmy?
Umuman, gyz dogrusyny aýtmalymy? Dogrusyny aýtsa oglanda erbet pikir dörär diýip, aýtmakdan boýun gaçyrmalymy, ýa üýtgedip ýalan sözlemelimi?.

2). Ikinji soragym: Beýle ýagdaý sizde boldumy ýa bolonok, özümde-hä köp boldy, köp duş geldim. Hemmesine dogry jogap berdimmikäm-ä diýýän.
Ýagdaý şeýle: aýdaly siziň bir gyz tanşyňyzy (klasdaş, kursdaş, işdeş, goňşy) bir ýerlerden sorap gelýäler. Türkmençilikde bir gyza gudaçylyga gidilmezden ozal, şol gyzy sorap-ideýändirler. Goňşularyndan, garyndaşlaryndan, işleýän ýerinden we.ş.m, bular ýöne ululaň wezipesi. Emma öýlenjek oglan hem öz gezeginde ygtybarly ýerlerden özbaşdak informasiya edinmek maksady b.n şol gyz b.n deň-duşyrak tanyşlaryndan sorag-ideg edýändir. Bu elbetde gowy zat. Gyz synlangyç bolýar, şonuň üçin il tanaýar. Oglan onsaň şol gyzyň okan, işlän, gezen ýerlerinden (esasanam oglanlardan) sorap başlaýar. Diýjek bolýanym, meň ýanyma şeýle oglanlaryň bir-ä gyz klasdaşym üçin, biri hem goňşym üçin geldiler.
Şu ýagdaýda gyz hakynda ýamanu-ýagşy hemme bilýänje zatlaňy aýtmalymy?.
Adamçylyk, şol gyzyň 1-2 ýerde aýagyny gyşyk basjak bolanyny gören bolsaň, şonam gizlemeli dälmi ýa-da haýyr işiň başy tutulýar diýip gereginden artyk öwüp göýbermelimi???

5 лайков 346 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Shahrukh khan
05 фев 2022, 22:33
1nji sorag dogry zady aytmaly. Dogrulyk bn gurulan mashgala uZaga gider
Shahrukh khan
05 фев 2022, 22:35
2nji soragyna jogap gozun bn goren zadyny delili bn subut edip biljek bolsan gizleme. Delilsiz bolsa aytmada goy oglanyn ozi gyzdan owrensin
Kalp doctory
05 фев 2022, 22:35
1 gyz dogrusyny aytmaly oglanam dushinip ony oz bolshyna kabul etmeli 2 yaman yagshyny bilmek un soralya eger yaman aytsan ertesi ol oglan sagbol aytmagam mumkin ya ol gyz ona yarayan bolsa alatyan diyp dushinmegam mumkin yagshyny aytsanam ertesi durmush guranda ayrulsa sen gowy didin bolia mendede bolly shu yagday 100% garanti ozin sayla indi
Mona Lisa
05 фев 2022, 22:35
Gyzyň öň gurleşeni, gürleşmedigini öýünde berilýan terbiýesinden bilip bolar...
Liwerpul_fc
05 фев 2022, 22:36
1. Aýtmaly. Öňünden aýtsa,oglana duýdursa göwy bolar. Ertirki gün oglanyň özi bilip gyzdan sowaşmaz ýaly
2. Edil öz tanaýan gyzyň bolsa,bagtyny isleýän ýakyn tanyşyň bolsa aýtmasaň gowy
Hiayres
05 фев 2022, 22:41
1) "Ýalan söz dona bürenmez" diýýärler... Iru-giç ýalanyň üsti açylar we bu soňunda has uly betbagtçylyga eltip biler diýip düşünýän. Ýöne gatnaşygyň dowam etmegi üçin assa-ýuwaş aýdylsa gowy bolar. Sebäp göni we badabat aýtsaň kim bolanda-da (elbetde as sanly adamlardan başgasy) ol ýaşalan türkler aýtmyşlaýyn "ilişkileri" kim çekip göterip biler.))
Mona Lisa
05 фев 2022, 22:41
Biri gelip seň aýbyňy aýtsa nähili bolar? näme gizlin zadyň bolsa özuň aýdaýmaly illerden öň
Adamlardan eşitseň agyr deger (oz pikirm)
Hiayres
05 фев 2022, 22:44
2) Sorag-ideg etýäniň ýerine özüňi goýup görmeli. Şol ýagdaýda özüňe nähili jogap berilmegini isleýän bolsaň, illerede şeýle jogap bermeli.
Liwerpul_fc
05 фев 2022, 23:10
Цитата: Elif
Ikinji sorag gadym zamanlarda'da bar eken. Gyzy sorap barmazdan öň ilinden gününden soramaga ýörüte okde adamlar bolupdyr. Oňa,, Osmakçy,, diýýän ekenler. Bir ýerdenä okadym

Guda barmazlaryndan öň,guda gidiljek ýere adam ugradylýa "size guda geljek bolýalar,gelibersinlermi,saçagny açýaňyzmy"diýip soramaga. Ana şňa "osmakçy" diýilýä. (Biz tarapda)
MEKAN
05 фев 2022, 23:11
1 Dowrysyny aytmaly
2. Mendenem soradylar iki koce anrymyzda yasayan gyzy o gyzynam ady cykyady mena gowan diymedim erebedem diymedim kan tanamok diyip basymdan sowyp goyberdim gowy gosylmazlyk
Leyli Amanowa
05 фев 2022, 23:13
1) Şu wara öňki-soňky bar zadyňy aydyp bermeli näme erbet nhäsiyetleriň bolsaň aytmaly. Gurleşen bolsaň onam aytmaly daže şony gujaklanam bolsaňam aytmaly-da. Diyjek bolyanym sei şo zatlaryňy eşidibem söyjek bolsa onda ol oglana bil baglap bolar
2) Hemme zadyňy özuň boyun alyp durkaň ilden soramak nämä gerek? Özuňi özuň gowy tanarsyňa. Şu wagt meni biri sorap borsa tutuş Gubadag etrap "Abrayly yeriň ay yaly gyzy" diyjeklerini bilyän. Sebäbi olar meň nähili gödek häsiyetli ynjyk gyzdygymy bilenoklar
Leyli Amanowa
05 фев 2022, 23:21
Like basyň yaltanman yazdym
Hanguly
06 фев 2022, 03:37
Ýalňyş düşünjeler köpüräk meniň pikirimçe. Hany biraz real tarapdan seredeliňle. Ilki bilen, 1-nji bellikde, gyz aýtmaly däl. Aýtmaly diýenler näme üçin aýtmaly men düşünemok. Ýaňy tanyşan täze tanyşan diýýär, adaty gyz bolanda şeýle soraga "tanyşanymyz ýaňa" we ş.m zatlar diýmelimikä diýýän meniň pikirimçe. Şeýlesi biraz pozitiw bolaýmasa. Netijede intek oglanam tananok, tanadym diýsede tananok, hemme zatlaryny beýdip başda aýdyşdyrsa gatnaşygyň gyzygam galmaýar. Okan zatlarymda-da bar şu. Hem arkaýyn boluň bolgusyzrak we utançlyrak waka bolsa oglan soň ýüz bermän başlaýar. Umuman gatnaşygyň tagamy gaçýar hemme zady birden aýtsaň, iň azyndan geçsin 4-5 aý, öwreniş.
Ikinjide-de aýtmaly näme bolsa bolsun
Mechta
06 фев 2022, 08:17
Birek birege ynamyn bolsa aytmaly hokman.Iki tarapam.
Ayagyny bir gezek gysyk basan gyz basga bir oglany bagtly edip bilmez.Sonam eder sol isi
Biohimik
06 фев 2022, 10:40
Цитата: Wlad
Ýalňyş düşünjeler köpüräk meniň pikirimçe. Hany biraz real tarapdan seredeliňle. Ilki bilen, 1-nji bellikde, gyz aýtmaly däl. Aýtmaly diýenler näme üçin aýtmaly men düşünemok. Ýaňy tanyşan täze tanyşan diýýär, adaty gyz bolanda şeýle soraga "tanyşanymyz ýaňa" we ş.m zatlar diýmelimikä diýýän meniň pikirimçe. Şeýlesi biraz pozitiw bolaýmasa. Netijede intek oglanam tananok, tanadym diýsede tananok, hemme zatlaryny beýdip başda aýdyşdyrsa gatnaşygyň gyzygam galmaýar. Okan zatlarymda-da bar şu. Hem arkaýyn boluň bolgusyzrak we utançlyrak waka bolsa oglan soň ýüz bermän başlaýar. Umuman gatnaşygyň tagamy gaçýar hemme zady birden aýtsaň, iň azyndan geçsin 4-5 aý, öwreniş.
Ikinjide-de aýtmaly näme bolsa bolsun

Dogry aytmaly dal oz peydan ucinem hemem gatnasyk ucinem gowy owrenisdnson aytmaly..
GuljemilE
06 фев 2022, 10:50
Aytmaly
Aytmalymyka diyyan