"Her gün bäş agza" 2-nji bölümi

Salam Islenen . ru saýtynyň hormatly , mähriban, akylly , edermen, mert, gözel , owadan... hihi Agzalary !

Ynha bu günki "Her gün bäş agza" atly oýlanmamy nämemi şuňa gatnaşýan agzalar

@Çiçek,Blesk,Gültäç Tuwakmyradowna
@ Liwerpul, Gost, Dove sabyn
@ Shahkruh khan (meşhur dünýäbelli aktyor)
@ Biohimik
@ Ladybug

Başladyk.
7 лайков 528 просмотров
39комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
- Dani
11 фев 2022, 09:58
Bir soz bn jemlesek:
Shahruhan FULL....
BIOHIMIK TOŽE FULL
Galanyny tanamok
Mechta
11 фев 2022, 10:19
Hicisinem tanamok mena aynekli bir klasdashy calaja tanayan aynekli
Mechta
11 фев 2022, 10:21
Umuman gowy adamsynyz baryn aynekli
Ejegyz.
Автор 11 фев 2022, 10:23
felicita,
Gültäç mugallymy tanaňokmy ?
Sahruh han , Ýusup aga ?!
Biohimik Ysmaýyl aga ?!
Liwerpul plany aga ?!
Ladybugam plany bibi hihi
Mechta
11 фев 2022, 10:32
Ejegyz,gowy edip tanysdyrdynay arbuz
мусульманка
11 фев 2022, 10:57
meni gosmansyna desant
мусульманка
11 фев 2022, 11:14
Цитата: Ejegyz
мусульманка,
Indikide hökman goşjak ertir

gorers kloun
Suleyman
11 фев 2022, 11:55
Näme üçin bir adamyň 2-3 niki bar?
Ladybug
11 фев 2022, 11:57
@Cicek agza basda gowydy biraz owunmesi bar diymesen,yone son oykelap bilgesleyin etdimi namemi birzatlara boldy. Yone caga gowunli gyz diyip pikir edyan mena.
@Gost bu agzany ozume zor salyp,kynam bolsa owmeli bolyan?. Adyny okanymdan yylgyryp baslayan,tuweleme gaty degisgen,sadyyan adam. Adamlary guldurmani basarya,uzagyndan bolsun.
@Sahruh han aladacyl,masgalasynyn ugrunda hozanak bolyan biri teswirlerinden tanaysymca. Bir yanyoldasda,kakada,ogulda bolmaly esasy hasyet so pikirimce. Bardede her kimin ozune gora gurlesmani basarya.
@Biohimik telekeci,dogumlyja oglan yaly yasyna garamazdan. "Senki dogry" diyip goyaymasan sypdyrjak gumany yok tema baryny acysdyryp, biri bilen cekelesayse.
@Ladybug bu agza soz yok. Bir soz bilen aydanda super( owunip galayyn,basga kisin owjegi belli dal).
Dove
11 фев 2022, 12:12
Ejegyz, 2-nji agza ýazan 3nji niki aýyrmaly. Sebäbi ol nik meňki
Dove
11 фев 2022, 12:13
Hemmesem gowy.
Ejegyz.
Автор 11 фев 2022, 12:14
Dove,
Düşünmedim
Dove
11 фев 2022, 12:16
Ejegyz,
Gost agza ýazan "Dove sabyn" ýazgyňy pozmaly diýýän
Serdar
11 фев 2022, 12:16
@ÇIçek. Bu syraýana meñzeya asly erwedem dal oytyan.
@Gost. Uwajayu patsany.
@bihohimik bilesigelji patsana menzetdim
@Ladybug plan diymayin tanamok.
Serdar
11 фев 2022, 12:16
@sahruhan. Durmusyn agy garasynyn ujundan dadan.
Aýnur
11 фев 2022, 12:30
Bizlerem 5 aýdan bari saytlarda gezip ýörus, aktiwdigem şu gunler işli bolansoň ýatlaýanam ýok... cilimkesh
S❤
11 фев 2022, 12:35
Kan tanap barmanson hasiyetlerine plan diymayin
Hiayres
11 фев 2022, 13:04
Çiçek: Realda edip bilmedigini wirtualda edip göwün hörpinden çykýan, özboluşly gyz.
Shahruhk Khan: Paýlaşýan mowzuklaryna üns berseň, durmuşy wakalara baý, adamlar bilen gowy gatnaşyp bilýän we syýahat etmäni gowy görýän, futbolyň hem GALATASARAÝYŇ hakyky muşdagy.
Biohimik: Bilesigeliji, okamany-öwrenmäni gowy görýän we ýygy-ýygy çekeleşiklere girip biriniň tarapyny tutýan (hiç kimiň tarapyny tutmaly däl, öz tarapyň bolmaly) intäk görjegi öňünde bolan ýaş nesil.
Ladybug: Täsin, alçak, şol bir wagtda akylly hem agras, gowy eje. (Ýalňyşmasam dostluk.ru saýtyndaky "suey" agza bolmaly)
Liwerpool: Giň dünýägaraýyşly, adam ýazgaryjy garaýyş bilen garamaýan, şatlanmany söýýän we gyzlaryň göwnünden turup bilýän oglan. (Çekeleşik ýatdan çykdy öýtýän?! Aý borla ýene bir gezek?)
Belki
11 фев 2022, 13:16
Çiçek - şu gyza ýüregim bilen imrenýärin.Içindäkileri arkaýyn aýdyp bilýär.Saýta gelip onuñ teswirlerini okamda nerw dartgynlylygy,iş stresi aýrylyp gidýär.Ýylgyrdýar.Diýmek, agzalarda gowy emosiýa galdyrýar.Arzuwyna ýetsin!
Gost daýymyñ gelin-gyzlarda gözi bar :))).Degişýän.Meni güldürmegini halaýan.Kempirini täzelemek arzuwyna ýeter diýip umyt edýän :)))
Şahrukh Khan agam - entek sahypalaryny doly agdaryp ýetişmedik kitabym ýaly.Düşünişimçe aýtsam,käbir sözleri we hereketleriniñ arasynda çaprazlyk bar.Ahlak meselesinde yrga dünýägaraýşy bar.Gowy tarapy,garşysyndakyny kemsitmän medeniýetli jedelleşmegi oñarýar.
Biohimik - şu okuwçy oglanyñ dünýägaraýşy ýaman däl."Öz-özüñi terbiýelemek" baradaky kitaplary okaýanlygyna telpek goýýan.Kämilleşiberse adam bolar :))) Ýalñyş kişileri özüne görelde alýandygyna düşünse gowy.
Ladybug- Pikir ogrusy we geljekki eltim!Şazadamyñ gelnejesi.Ýöne şazada kitaýski bolup çykaýsa aýdanlarymyñ tersinesini aýdaryn.:))
Ýaşdaş ekenik.Bulam gowy.
Leyli Amanowa
11 фев 2022, 13:29
@Çiçek- iki sözuniň birinde "men mugallym" diymesi we oglanlara garşy jaň etmesi wirtualda öz nomerini aç-açan goymasy bolanok. Degmedige degenok bu gowy zat welin biri bir zat diyse yzyndan galanok biderek kellesini agyrdyp yörendir.
@Liwerpul- yigidiň güli şu wara cilimkesh Prosta söz yok. Şuňa bolan garayşymy beyan eder söz yetenok mende
@ Şahruhan köp zada diňe öz yaşan gören zatlary bilen baha beryä köptaraplayyn seredip bilenok. Empatiyasy gowşak öydyän. Degişjek diyip aşa öte geçyä käwagt
@Ladybug- akylly gelin
@Biohimik hökman bir zat bolsa biriniň tarapynda durya şoňkyny goldaya her kimiň öz pikiri we garayşy bolmaly tarap-tarap oyny hökman däl
Bagyşlarsyňyz
@
GuljemilE
11 фев 2022, 13:34
Çiçek-başlarda govudy akylly,tanyşypdygam govniaçyk hem çaga govunli,sonlara birzada boldy şona bilmedim,govy gyz.
Gost-agamyz,govy adam hem degişgenje? soz yok munada.
Şahryh han-bulam agamyz,govy adam,kate degişmesem bar,aladaçyl hem dogruçyl.
Biohimik-bilesigeliji,govy oglan yone azajyk men-menlik bar))ozuninkini dogry etmegi one suryar?.
Ladybug-hazira tanyşmadym,yone tesvirlerini okayan govy gyz)))
Mechta
11 фев 2022, 14:00
Belki,agy eyyam guda bolaydynmy jora:)
Mechta
11 фев 2022, 14:00
Belki,agy eyyam guda bolaydynmy jora:)
doctor
11 фев 2022, 14:56
ÇIÇEK- ILKI GYZJAGAZ DIYIPDIM MOLLUM EKENI ADAMÇYLYGA GOWY:)
GOST- GATY DEGISHGEN WE GORMEGEY PENSIONER SHY:)))))
SHAHRUK KHAN-OZI HINDISTANLY BOLANY UÇIN MOWZUKLAMMY GOSHUP OKASADA DUSHINMEYA MANA ADAMÇYLYGY WE NESIHATLARY GOWY:))))
BIOHIMIK- BULAM GWOY BILESIGELJI EMMA BUNA DUSHINJEK BOLSAN ADAMDA SAÇ GALMAYA:))))))))
LADYBUG- TANAMOK SHUNY DEGSIHGEN GYZA MENZESH YONE:)))
Ladybug
11 фев 2022, 14:57
Hiayres,
Sizin diyyan Suey agzanyz dal men,gowy eje hem dal. Nesip so beyik eje bolmak bagty yetdiren wagty gowy eje bolmak esasy arzuwlammyn biri
Ladybug
11 фев 2022, 14:57
felicita,
Senem naz eden boldunda sen bilenem bolayjakdym guda
Hiayres
11 фев 2022, 15:01
Ladybug,
Pardon, onda-da şu äheňi, heňi, tarzy, harizmany bir ýerde eşiden ýala bolup durun. "Gowy eje" hakynda - şu wagt gowy eje däl bolsaňyz, bolarsyňyz. Häsiýet sypatlandyrylanda wagt araçäklendirme ýokdura.))
Ladybug
11 фев 2022, 15:11
Ensalla gowy eje bolaryn.
Wagty men ozum duymazdan aracaklendiripdirin,suwagt eje bolmagyn jogapkarciligi yadyma dusup,gerdenime agyr yuk urulan yaly boldy. Beynimde bolsa " men cyndanam gowy eje bolarmykam?" diyen sorag doredi.
Mechta
11 фев 2022, 16:12
Ladybug,:)
Telwas
11 фев 2022, 18:09
Гость- meň saýtda glawny joram. Aramyzdan gylam geçenok. Toýumyzam goşup bile edýäs. :) Özem örän görmegeý. 3 tar saçy, saga-çepe oýnap duran gözi, towşanjygyň dişi ýaly dişi bar. Oýun edemok, görseňiz aşyk bolarsyňyz bu oglana. Adamçylygy edil gyzyl ýaly diýilýänlerden. Pikir alyşyp-berişmäge-de ökde. Alçajyk, ýürejigi ýuka, akylly, medeniýetli, jomart Türkmen ýigidi bu. Edebiýat, Syýahat, Taryh bilenem arasy saz. Kitabam ýaltanmasa, tapsa okaýar. Saýtda özüni alyp barşy 5-lik. Umuman, örän gowy oglan. Bu joramyň, mendäki orny, ähmiýeti uly we aýratyn.

Ladybug- bu gyz dönükdir saýtdaşlar. Öz bähbidi üçin adam satyp bilýändir :) (ine, maňa dönüklik etseň, häsiýetnamaň şeýle ýazylar)
Gyzlardan özüme has ýakyn saýýanlarymyň biri, göwnaçyk, alçajyk, sadaja gelin. Saňa durmuşyň iň süýji günlerini arzuw edýän. Arzuw-islegiňe ýet klasdaşym. Seni tüýs ýürekden gowy görýän. Zyýany ýok, meni ýoldaşyň jigisine almasaň alma, ýöne maňa baramda söz beren suharileriňi berseň bolýar. Seňem bahaň 5-lik.

Shahrukh Khan- adamçylygy gowy. Şu oglanyň sesi owadan diýip reklama etdiler welin, diňläp görmeli boljak öýdýän. :) Durmuşy däl-de, durmuş baradaky temalaryny gowy görýän. Ýardamsöýer, akylly şahsyýet. Pozitiw energiýasy bar. Olam özüne çekýär. Sylag saňa agam!

Çiçek- Gültäçjan gowudyr-la. Köpem öwmäýin bu gyzy. Özüni saýtda, her wagt her hili alyp barýar, saýtdaşlarynyň käte gaharyny getirdýär. Käte, göwünlerini açýar. Adamçylygy gowy gyza meňzeýär. Menem şu gyzyň temadan daşary özi tema döredip teswir ýazyşyny, öz-özi bilen gürleşişini görelde alyp, saýtda bir gün barlap görüpdim. Işe ýaraýan eken, menä haladym. Şeýle-de, olar ýaly edýän diňe Gültäç däl, ýene biri şeýle. Bahaň häzirlikçe 4-lik Gültäç. Indiki sapaga gowy edip taýýarlanyp gelmeseň-ä bolanok.

Biohimik- sag bolsun şu jigim bilen-ä sözümiz azaşyp, jedelleşip göremzok. Çekinýänem, sebäbi bir jyny düşse gaty erbet gaharlanyp, gören ýerinde sögäýjek ýaly. Hatda edýärem :) Psihologiçeski kitaplar bilen gyzyklanýanyna begendim. Ykdysadyýet, söwda bilen gyzyklanmasam meni begendirdi. Özümem söwda etmegi gowy, biznesi gowy görýän. Ýaşyň näçedignä bilemok jigimjan, ýöne, okuwçydygyňa garamazdan, kämilleşmäge ymtylýandygyň buýsandyrýar. Özüňi alyp barşyň erbet däl. Adamlara görä bolýaň. Sylaga-sylag pähimine eýerýäniň bildiripjik dur. Adamçylygyň gowudygna welin, şübhäm ýok. Senem men gowy görýän.