Çilimi nàdip goýmaly?
Adam üçin iň bir möhüm zat onuň saglygydyr. Saglyk bolmasa, durmuşda ruhubelent ýaşap bolmaýar. Sagdyn ýaşamaklyk adamyň durmuşdan lezzet almagyna, durmuşy söýmegine itergi berýär. Dünýäde iň uly baýlyk diýseler, her bir adamyň aklyna ilki bilen saglyk atly tükeniksiz hazyna gelýär. Şahyr Kerim Gurbannepesow şeýle belleýär: Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al, Ylgap baryp saglyk bilen erki al, Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al, Soň tapylar galan zady zyňyp git. Diýmek, iň uly üç baýlygyň biri hem saglykdyr. Sagdyn durmuşda ýaşamak üçin özümizi zyýanly endiklerden näçe uzakda saklasak, şonça gowudyr. Zyýanly endikleriň duzagyna düşmek bolsa, biziň üçin uly howpdur. Şeýle uly howplaryň biri hem çilim çekmekdir. Çilimkeş hakynda atamyz Magtymguly Pyragy şeýle setirleri aýdyp geçipdir: Hak seni raýyňa goýmuş jahanda, Ede bileniň etgil munda, çilimkeş. Diwan gurlan güni hasap jaýynda Jogabyň nämedir anda, çilimkeş? El götergil beýle nähak talaşdan, Puluň köýer, janyň ýanar bu başdan, Erte garnyň doldurarlar ataşdan, Zähmi çykmaz, galar janda çilimkeş. Iki dünýä ýagşylyk ýok egriýe, Kişi bolsaň, gadam goýgul dogruýa Binamaza, gybatkeşe, ogruýa Ýoldaş bolar ýowuz günde çilimkeş. Hakykatdanam, çilim adam saglygynyň duşmanydyr. Çilim çekýän adam sagdyn ýaşap bilmez. Çilim çekýän adamyň dem alyşy kynlaşýar. Ony bendi eden beýleki spirtli içgilere hem baş goşup biler. Çilim çekýän adamyň öýkeni öz işini kadaly ýerine ýetirip bilmeýär. Wagtyň geçmegi bilen öýkende keseliň döremegine getirýär. Çekilen her bir çilim biziň ömrümizden 5,5 minut kemeldýär. Çilimiň esasy zyýany 20-30 ýyl geçen soň bildirip başlaýar. Çilimden adama 24 dürli kesel geçip bilýär. Çilim adama ilki başda zyýansyz ýaly bolup görünse-de, soňy bilen ol adamyň iň uly duşmanyna öwrülýär. Ony dost eden adam dostsuz galar. Ondan gaça duran bolsa, durmuşdan lezzet alyp sagdyn ýaşar. Adamyň özüne ynamy bolsa, ol her bir zadyň hötdesinden gelip bilýär. Eger-de sen çilimi taşlap biljekdigiňe çyn ýürekden ynansaň, onda ony goýmak kyn däldir. Eger çilimden gutulmak isleýän bolsaňyz, aşakdaky maslahatlara üns beriň. *Durmuşda kynçylyklary ýeňip geçen pursadyňyz bolandyr. Onda siz çilimi hem goýup bilersiňiz. *Maşgalaňyzdan hem-de dostlaryňyzdan çilimi goýmaga goldaw bermeklerini soraň. *Biri size çilim hödürlese, ony goýandygyňyzy aýdyň. Bu siziň özüňize ynamyňyzy has hem artdyrar. *Köke, süýji ýaly zatlary iýmek bilen ony unudyp bilersiňiz. *Köpräk suw içiň. Suw içmeklik bedeniňizden zyýanly mikroblaryň çykmagyna sebäp bolar. *Bu ýazgymyzy okap bolanyňyzdan soňra ony taşlamak üçin meýilnama biçiň. *Çilimi goýmak üçin belli bir gün belläň, bu gün täze durmuşyňyz üçin başlangyç boljakdygyny ýatdan çykarmaň. *Çilimi goýup bilseňiz, özüňizi sylaglandyrEger şulary doly ýerine ýetirip bilseňiz, durmuşda sagdyn we ruhubelent ýaşap bilersiňiz. Şu ýollary özüne ýörelge edip, çilim çekmekden gutulan adamlar sagdyn durmuşda ýaşamagyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Size hem bu bagtyň nesip etmegini arzuw edýärin. Adam entek hassa bolmazdan öň öz saglygynyň gadyryny bilse, saglyk oňa baky ýar bolar.
20комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.