MENIŇ SÖÝGI BARADAKY TEORIÝAM
“Söýgi bar. Eger ol ýok bolaýanda-da, oýlap tapanyňa degýän zat! Sebäbi söýgüsiz durmuşda köp zatlarymyzy ýitirýäs, gysgynç bolýas” diýmegi gaty halaýardym mekdepde okaýarkam. Şol döwürler dostlarymyz bilen hemme zat barada pikir alyşýardyk (Aý, 16-17 ýaşly oglanjyklar-da!).
Ýokardaky sözler sitata bolup biler. Men bu sözleri, belki, bir ýerlerden eşidendirin. Ýöne şol sözler dogry diýýärdim. Logiki pikirlenseň, daş-töweregiňe seretseň we beýleki adamlaryň durmuşyny analiz etseň, “söýgi ýok” diýmek has ýakyn. Ýöne käwagtlar bagtly maşgalalary göreniňde: “Aý, biri-birlerini söýýändir” diýýäň içiňden. Elbetde, öz ýanýoldaşyňy halasaň, sulhuň alsa, oňa ýetesi näme bar?! Gaty az zat bar... Ýöne hemişe beýle bolaýanok durmuşda, gynansagam... Mümkin, söýgi diýip adamlar ýalňyş düşünýändirler ýa söýdümmikäm diýip durmuş gurýandyrlar. Soň seretseler, söýgem ýok, zadam. Söýgi diýen zat gaty seýregem bolsa, adam pahyryň göwni Kap dagynda. Şonda-da ynanýar, umyt edýär... Ýok diýip çürt-kesik aýtmak kyn bolsa-da, kalbyň bir ýerlerinde söýgä ynanç ýatyr: “Bolaýmaly! Söýgi bolaýmaly! Menem öýlenmeli. Söýmän-söýülmänem bir 40-50 ýyl bile ýaşaşyp bolarmy?” diýen pikir at salýar gursakda. “Birrje perizady tapsam, ýüzi Aý ýaly bolsun, mylaýym bolsun, düşünjeli bolsun” we ş.m arzuwlar her kimiň göwnünde barmyka diýýän. Ýöne orslarda “Мечтать не вредно” diýlişi ýaly, arzuw arzuwlygyna galyberýär köplenç. Öýlenip 1-2-3 ýyl geçensoň söýgi diýen söz köp adamyň sözlüginden çykyberýär...

12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.