Islenen.site barada wajyp mesele
Salam hormatly agzalar, ertiriňiz haýyrly bolsun! Gowumy ýagdaýlaryňyz? Şu blog öň hiç açylmadyk bolsa gerek, kellä pikir geldi-de, açaýyn diýdim. Belki açylyp, meň gabat gelmedik bolmagymam ahmal. Ýöne, şu blog saýt (isle şu saýt, isle başga) barada çynlakaý mesele. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, internet, innowasiýa çalt depginler bilen ösýär. Internetde her gün ...-lerçe saýtlar döredilýär, milliardlarça maglumat paýlaşylýar. Her kimem boş wagty telefonuny eline alyp internete girýär, güýmenýär. Her kim her dürli saýta girýär, her dürli maglumatlary paýlaşýar (tekst, surat, wideo, mp3) hemem şol saýtynyň boldugyça ömürlik bolmagyny isleýär. Başgalara biljek däl welin, meň özümä şeýle. Admin saýty uzak ýyllar boýunça ýapman saklap bilermi? Geliň, şular barada pikir alyşalyň. Şu saýtyň adminine şu saýtdan peýda barmy?! Şu saýtyň agzalaryna şu saýtdan peýda barmy?!
Şu iki soragyň üdtünde durup geçäýeliň, eger mümkin bolsa. Şu saýt, admin üçin nä derejede peýdalydygy barada maglumatym ýok. Ýöne agzalaryna peýda bardygyny duýýan. Özümä peýdasy bar. Geliň, admini özümiziň gündelik ulanýan şu saýtymyzy edil ömürlik bolmasa-da (minimum 50 ýyl) uzagrak ömür sürer ýaly nämeler etmelidigi barada maslahata çagyralyň?! Käbir soraglaryň üstünde durup geçeliň:
Admin:
1. Şu saýtdan näçe pul gazanýar?
2. Şu saýta näçe çykdaýjy edýär?
3. Şu saýtyň şu ýagdaýyna gelmegi üçin näçeräk azap etdi?
4. Şu saýtyň ömri näçe wagt dowam eder?
5. Şu saýtyň ykbaly kimiň elinde?
Admin, saýta edýän azaby gowuşmasa, ony taşlamak bilen bolýandyr. Geliň şony taşlatmaly... Geliň hemmämiz üýşüp şu saýty özümiziň garran çagymyz çagalygymyzda ýazan zatlarymyzy ýatlap gülüşip degişer ýaly şol döwüre çenli saklaly?!....
Nädip?! Bu soraga jogap tapmak üçin, agzalaryň şu saýtdan peýdalanyşy barada bileli. Bilşimiz ýaly, her kimem bir zatdan peýdalanmak üçin gelýär şu ýere. Ol anyk fakt. Ýönekeý mysallar:
1. Iň bolmanda gürrüň etmäge,
2. Gerek maglumatyny almaga,
3. Hobby, güýmenje,
4. Bilýänjelerini paýlaşmaga,
5. Ony-muny okamaga.
Ine, şu ýokarky mysallar mydamalyk biz bilen şu saýtda galsa, ýaşlygymyzy ýatlap gülüşenimiz nämä degenok?!
Meň pikirimçe admine haýyş etmeli, saýty uzak wagt ýapylman ulgamda bolmalydygyny aýdyp, şoňam ýerine ýetirilmegi barada teklip bermeli. Oňa bolsa biziň goldawymyz gerek. Nähili goldaw?! Googlede hiç haçan maglumaty öçürmeýän (pozmaýan) serwerler bar. Saýtymyzy şol serwerde saklalyň. Elbetde, bu meniň teklibim. Eger başgada men ýaly pikirlenýän bolsa, eliňi galdyr, özüňi görkez.
Şu blogy öz pikiriňizi ýazyp onsaň bahalandyryň. Saýtymyzyň mydama ýanymyzda bolmagyny isleýän agzalar pikirini ýazyp /like/ bassyn, islemeýänler, olaram pikirini ýazyp /dislike/ bassyn.
Kim nähili pikirde, göreli hany.
Meň özümä garşy däl, ilkinjileriň hatarynda duryn.

51комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.