Geliň tanyşalyň?! Syrly Jeksparro bilen...

Salam, asuda Watanda erkana dem alýan, geçmişi taryhyň köklerine çuňňur ornan, geljegi bu gününden aýdyň, ýigitleri bürgüt, gözelleri humaý, ýaşululary dili senaly, nurana, jenneti ülkämiziň agzybir adamlary. Bu gün söýgili saýtymyzyň iň syrly agzasy Jeksparro (Afrasiýab aga) bilen "Massimus production" taryha we medeniýete aýratyn sarpa goýýanlary garamak we olaryň ýitip gitmeginiň öňüni alyş jemgyýeti söhbetdeşlik gurnar, özi garşy bolmasa elbetde. Islemeýän (syr bolup galmagyny isleýän) soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz!
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Islenen.saýtda esasan haýsy görnüşli mowzuklary köpüräk okaýaňyz?
3. Eger islenen.saýty bir döwlet diýip göz öňüne getirsek, Siz bu döwletde kim bolardyňyz?
4. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
5. Afrasiýab adyňyz maňa köpüräk ýaraýar, näme üçin bu saýta şol at bilen gelmediňiz?
6. Durmuşda gazananlaryňyz we ýitirenleriňiz barada näme aýdyp bilersiňiz?
7. Halamaýan agzaňyza hiç kime bildirmän minus goýup gördüňizmi?.
8. Siziň üçin iň uly duşman näme?
9. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
10. Adam arzuwsyz ýaşap bilmeýär. Çagalykda eden uly arzuwlaryňyzyň haýsylary amala aşdy?
11. Indiki sanymyzda söhbetdeşlik geçirilmeli agzany Siz saýlamaly. Indiki sanymyzyň myhmanynyň kim bolmagyny isleýäňiz?
12. Goý Siziň janyňyz sag, işiňiz rowaç, bize ýetirýän manyly, gyzykly mowzuklaryňyzyň yzy üzülmesin.!..
13. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz we ýokardaky soraglara jogap hem ýazyp bilersiňiz, sag boluň!
7 лайков 448 просмотров
32комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
20 май 2022, 08:14
Indiki sanyňyzda gowy edebiýatçylar, bar, şolaryň biri bn gürüňdeş bolsaň,
ajy
20 май 2022, 08:53
Senem saçyñy Jeksparroñky ýaly edip örümläp goýýañmy? ^-^
Maksat
20 май 2022, 09:05
Salam @Massimus @Jeksparro hakda bar bilýänimiz Aşgabatly bolmagy.:)) Gyzykly mowzuklar açyaň, üstünlik!
- Dani
20 май 2022, 09:17
@jeksparro jaň etdim, geler häzir sizi jogaplamana
ajy
20 май 2022, 09:23
wii birem öýlendiñmi diýip sorajakdym ^-^
ajy
20 май 2022, 09:23
-_-
- Dani
20 май 2022, 09:23
garaburc
wii birem öýlendiñmi diýip sorajakdym ^-^

ýok öýlenmedik ol
Massimus
Автор 20 май 2022, 09:27
Bayker,
sag boluň
Massimus
Автор 20 май 2022, 09:28
- Dani,
Sizede minnetdar, sag boluň
ajy
20 май 2022, 09:31
- Dani,
şoo sallah ýörişimi -_-
- Dani
20 май 2022, 09:32
garaburc,
hawa swist
Soho
20 май 2022, 10:01
Ozune in yakyn goryan we keshbini janlandyrmak isleyan taryhy shahsyyetin?
Soho
20 май 2022, 10:01
Osmanmy ya Alp Arslan?
Soho
20 май 2022, 10:02
taryhy filmlerdaki otrisatel keshpli in tanalan aktyor sen pikirinche?
Soho
20 май 2022, 10:04
anonim gezmegi halamagyn syry?
Soho
20 май 2022, 10:08
2 nji gatda yashayan bolsan, 1 nji gatda Ahmedik, 3 nji gatda Panturkist, sana gyssagly komek gerek bolanda yuz tutjak ilkinji adamyn?
Ahally
20 май 2022, 11:08
Eger bir kitap ýazsaň, näme hakda we kitabyň adyna näme goýardyň?!
Ahally
20 май 2022, 11:09
Taryhda esasy ünsüňi çeken we şoňa ýykgyn eden şahsyýetiň barmy, ol kim?!
Melike...
20 май 2022, 11:30
Taryhyn durli dowirlerinde Afrasiyap diyen shahsyyet agzalya. Shu shahsyyet barada oz shahsy garayshynyzy aydayyn Jeksparro. Kim bu adam name eden name wezipani alyp baran
ajy
20 май 2022, 11:51
Nevela soraga tutupsyñyz meñ dostyny -_-
Dañatar
20 май 2022, 12:48
Meñ bilen tanyshjak ýokmaý
Massimus
Автор 20 май 2022, 15:58
- Dani,
Şu professional žurnalist bolmagy çagalykdan arzuw edýärdim. Ýöne meşhurlardan interwýu almak barybir kynlygyny bilýärdim. Afrasiýaby tanaýan bolsaňyz, jaň eden bolsaňyz näme üçin jogaplanokka?
- Dani
20 май 2022, 18:27
Massimus
- Dani,
Şu professional žurnalist bolmagy çagalykdan arzuw edýärdim. Ýöne meşhurlardan interwýu almak barybir kynlygyny bilýärdim. Afrasiýaby tanaýan bolsaňyz, jaň eden bolsaňyz näme üçin jogaplanokka?

ol şuwagt işde, gişlik boşansoň girer
Şamuhammet
20 май 2022, 23:55
1. Men bir ýönekeýje oglan! :)
2. islenen.ru da @Hiayres, Pegas ikisiniň açýan mowzuklaryny sypdyrmazlyk mümkin däl. Aslynda islendik ugurdaky temalar maňa ýaraýar!
3. Ýönekeý raýat bolardym.
4. Şahsy durmuşyň hakynda gürrüň bersem, orslaryň diýişi ýaly dolgaya istoriýa bolar. Onsoň kelläňiz agyrar... :D... Käbir şermende agzalar maňa ýerliksiz ''Din nökerçisi, Dindarsumak'' diýip ýaňylýar. Aslynda men dindar adam däl. Dini temadan tema açsaň, Dindar adam bolýan dälsiňä?
5. ertir.comda Afrasiýap, Seljukly lakamlary üýtgetdirip soňam Jeksparro etdim. Aslynda bu zatlar maňa gyzykly däl.
6. Durmuşda ýitirenime gynanamok. Gazananymy hem ile paýlamagy gowy görýän, bu meň söýýän hobbim...
Sebäbi gazananyňy görüňe äkidip bolanok...
7. Halamaýan agzam-a ýok, ýöne minusyň basylşyny görmek üçin aýtman basan minuslarym bar 2 ýeke...
8. Meniň üçin iň uly duşman ýok!
9. Aý näme aýdaýyn bu agzalara...
10. Arzuwlarymyň hiçisine ýetip bilmedim. Diňe akyma görä hereket edip dilemedik arzuwlaryma ýetdim...
11. @Xyivenia bilen söhbetdeş bolsaňyz! :)
12. Sag boluň, dogrusy garaşmandym meň üçin beýle mowzugyň açylaryna...
Şamuhammet
20 май 2022, 23:57
garaburc,

Ýok olar ýaly edemok, :)
Şamuhammet
20 май 2022, 23:57
garaburc,
Ýok
Şamuhammet
20 май 2022, 23:59
Soho,
Ozune in yakyn goryan we keshbini janlandyrmak isleyan taryhy shahsyyetin?
Osmanmy ya Alp Arslan?


Hiçisi...
Şamuhammet
21 май 2022, 00:00
Soho,

Diriliş Ertogruldaky Sagadetdin Köpek :)
Şamuhammet
21 май 2022, 00:03
Soho,

2 nji gatda yashayan bolsan, 1 nji gatda Ahmedik, 3 nji gatda Panturkist, sana gyssagly komek gerek bolanda yuz tutjak ilkinji adamyn?

Ilki Panturkiste kömek ederdim, soňam näme aşak düşüp Ahmedik-97 ä. Ýöne ikisiniňem meni şol momentda kömege çagyrmagy kinolarda-da bolup geçenok dälmaý? ?
Şamuhammet
21 май 2022, 00:09
Ahally_24,
Eger bir kitap ýazsaň, näme hakda we kitabyň adyna näme goýardyň?!

Kitap ýazýaryn, dogrusy kitap däl-de gündelik, başdan geçirmelerim, ady hem ''Gündeligim'' diýäýmesem!