Yskrynşot we şuňa meňzeşler...

Hemmäňize salam. Gele gelmän akyl satýaram diýersiňiz emma şonda hem gaty köp wagtdan bäri şu meselede blog ýazaýsam diýen pikirde gezdim. Ynhada wagt tapyldy we menem ýazaýyn diýdim.
Gozgamak isleýän meseläm, häzirki döwrüň ýaş çagalarynyň we ýetginjekleriň Türkmen dilini we onuň grammatikasyny bulamaklary bilen baglanşyklydyr. Esasanam jemgyýetçilik torlarynda (imo, tiktok, instagram we ş.m.) paýlaşýan zatlarynda gaty köp gabat gelmek bolýar.
Türksüpikçilik edýänlere aýratyn medal bermeli, ne gözel jümläniň soňuny "diýom" "bilýom" "edijam" ýaly sözler bilen gutaryp, ne Türkçe - ne Türkmençe ýazylany belli bolmadyk manyly sözlere geň galaýynmy diýsem, ol postlaryn müňläp laýklary we podelitsalary beter haýranymy hekkerdýär.

Esasanam "Ý" harpyna derek "i" harpyny ulanýan täze marsly nesilimize guwanýan.

"Skrinşot" däl "yskrynşot", "blýutuz" däl "blytuz", "original" däl "argynal" diýip akyl öwredýän tiktokerçilerimiz üçin jähennemde aýratyn bir gazan sargalandygyny hem aýdyp geçmek ýerlikli bolsa gerek.

Diýjegim, Türkçe ýa Rusça ýazjakmy?! Dolulygyna şol dilde şo dilleriň grammatikasyna eýerip ýazyň. Türki Türkmençeläp ýazjak bolmak. Gözel Türkmen dilimizi harlamaň.
23 лайков 382 просмотров
29комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
31 май 2022, 06:42
"h" harpymyzy hem "x" bilen ýazmak ýoň bolupdyr. Mysal üçin "Gülruh" diýip ýazman, "Gulrux" (Gülruks) diýip ýazýalar. :D
Ahmet
31 май 2022, 06:45
Ai boliada nm diyeyin :D
www.bilgirje.com
Автор 31 май 2022, 06:51
Pegas,
Eger "Gulrux" diýip ýazylan bolsa menä şony "Galraks" diýip okardym))
www.bilgirje.com
Автор 31 май 2022, 06:51
Ahmedik_97,
Diýip gal birzatlar, blog sorag-jogap ahyryn.
Nury
31 май 2022, 07:04
Muňa düşünjekler az.
Öwreniji
31 май 2022, 07:11
dogry.
Coco
31 май 2022, 08:00
Tik tokda aýdan bolsañ ozine çekip hasam düzeljekler bolardy.
Serdar
31 май 2022, 08:05
Gaty yigrenyanda arasyna turk sozleri gosyalara bilyanmi bosver diyya yada olan oldu nasilsan.
3 nji etajdan aşak oklasyn gelyar tutup.
Biohimik
31 май 2022, 08:08
Hay bla;))
Yorite gazan zakaz edildi diydiñow???
Biohimik
31 май 2022, 08:10
Imodagyny gorer yaly dal iñ bulasyk tor şolmyka diyyan. Grustny sitata yazjak bolup joraby kellesine geyyaler:((
Ogulşirin Bayramowa
31 май 2022, 08:32
Aý sag bol-aaaa))
www.bilgirje.com
Автор 31 май 2022, 08:43
Coco,
Tiktokda namede bolsa biri bar ekeni. Kardona ýazyp düşündirýär nädip dogry ýazmalydygyny)) belki görensiňizem)
#B.S
31 май 2022, 08:48
Bilgirje
Coco,
Tiktokda namede bolsa biri bar ekeni. Kardona ýazyp düşündirýär nädip dogry ýazmalydygyny)) belki görensiňizem)

Bäh görmeli etdiňle dost!
Margarita
31 май 2022, 09:30
Türkmençe ýazylany belli bolmadyk manyly sözlere geň galaýynmy diýsem, ol postlaryn müňläp laýklary we podelitsalary beter haýranymy hekkerdýär.
"postlaryň", "podelitsalary" şu sözleriňemä terjimeleri bolaýmaly, Bilgirje?! )
Maksat
31 май 2022, 09:36
Dogry aýdýaň. Instagram, TikTok däl-de şu saýdyň özünde-de köp. Başga ýurtlaryň adamlary, islendik sosial ýerde ýazylyş şeklini dogry ýazýarlar (şoňa üns berýärler). Biziňkileriň bolsa, piňine däl.
www.bilgirje.com
Автор 31 май 2022, 09:47
Margarita,
Ýazgylaryň we paýlaşymlaryň (ýa-da paýlaşmalaryň) diýip terjime etse bolar elbetde. Emma terjime etsem düşünmersiňiz diýip bolşy ýaly ýazaýdym.
Ayjahan
31 май 2022, 10:15
"diýom, ediýom" diýip hawa türkler aýdýa sebäbi olar käwagt aýdylyşy şeýle bolaýmasa
Garabufer
31 май 2022, 11:14
Garry kürresiň kimem bolsaň , trkspk , haýranm hekgerdi sözleri bilýän bolsaň
Kerbaba
31 май 2022, 12:35
мумкин болса шу Тик -Ток барада айтсанызла... Бу ере впнсиз гирип болярмы?МТС бар вагты олнокласса гирйардим. Инди вай-фай чекдиремде о ерик гирмегин гадагандыгыны дуйдырдылар. Тик -тогам шейлемика?
Mümkin
31 май 2022, 13:25
Bilgirje,
Paýlaşym diýip türkmen sözi ýok.
www.bilgirje.com
Автор 31 май 2022, 14:22
Mümkin,
O dereje seljerjek bolsaň Kartoşka ýa-da piýaz diýen sözem ýok. Emma Türkmen şiwesi we häzirkizaman sözleri hem unutmazlygy maslahat berýän.
www.bilgirje.com
Автор 31 май 2022, 14:24
Garabufer,
Howwa bizem garraýas özä, Taňry nesip kylmyşyndan eýýäm asyryň bir çärýegini ýaşadyk.
www.bilgirje.com
Автор 31 май 2022, 14:26
kwadrat kelle,
Gepiň gysgasy vpn ulanmazdan tiktoga girip bilmeýäňiz. Elbetde edil kanunda madda edilip ýazylan ýeri ýok tiktoga girmek gadagan diýlen. Ýöne görýän we paýlaşýan zatlaryňa ünsli bolmaly.
Kerbaba
31 май 2022, 14:48
Bilgirje,
Билгирже саг болун!!! Жогапланыныз учин..???
Aýnur
31 май 2022, 16:37
Atlaryna goşulan artykmaç harplar nebir atlarynyň manysyny bozýar, meselem Aýnur diýmäm Ainura,Aenura diýip ýörler, gelşiksiz
Maksat
31 май 2022, 16:44
Bilgirje,
Dogry aýdypsyň, türkmen dili käwagt gaty ýoýulýar.
Ýöne "piýaz" diýen söz saryk şiwesinde bar, sogan diýmek. Üýtgeşik sözler bar şolarda mysal üçin "bädreň" diýip hyýara diýýän ekenler.
Гость
31 май 2022, 19:00
Hakyky ?
Aksary
31 май 2022, 19:46
iiiok(ýok) diymek bolýa şilkiklerde
Mümkin
01 июн 2022, 05:28
Bilgirje,
Kartoşka gepleşik dilimize ornap giden söz.
Emma "paýlaşım" türk sözi.
Ýagny seniñ ýokarda "türksüpik" diýip atlandyran kişileriñ aýtjak sözi.
Diýjek bolýanym,kimdir birini tankytlanyñda tankytlaýan aýratynlygyñ sende bolmaly däl.Sende welin bar eken.