Söýeniñiziñ adyny telefonyñyza nähili bellärdiñiz?

Bu sorag ýadyma düýn-öññinlikde düşdi.
Işdeş gelnejeler bilen ýowara çykdyk.Aralaryndaky ýeke gyz,belkem,iñ ýaşlary bolamsoñ,arçalardan kesilip alnan bölekleri araba bilen daşamak ýaly jogapkärli wezipäni maña ynandylar :))
Daşap gelenimden soñ işdeşlerimiñ telefonlaryny goýan kölege ýerinde oturdym.Şol barmana-da biriniñ telefonyna jañ geldi.Ekranda "Ömrüm" diýip ýazylgydy.Telefonyñ kimiñkidigini bilmänim we degişme küýseýänim üçin uzakda duran gelinlere seslendim:
-Joralar,biriniñ eline jañ gelýär.Biriniñ "ömri" jañ edýär. :)
Gelinler allaniçiksi boldylar.
-Ömri?!
-Howwa."Ömrüm" diýip ýazylgy.
Birdenem olaryñ arasyndan täzeräk durmuşa çykan işdeşim atylyp çykdy...
Gyzykly gürrüñiñ yzyny dowam etdirmek isläp,gelinleriñ ýanyna ýüwürdim:
-Hany onda her kim özüniñkä näme diýip ýazýanyny aýtmaşak.
Işdeşimiziñ biri "Ýürekdeşim" diýip ýazýan eken.Ýaşy 50-den agan bolsa gerek,agtyk söýüp ýören işdeş gelnejem "Aşkım"diýip belläpdir ýoldaşynyñ adyny.
Soñ olar maña bellemäge at tapyp ugradylar:
-Ölüp ýetenim!
-Zordan tapanjam!
-Otuzdan öñ tapanym!
-Garramankam duşanym! :))

Şol gün şu soragy size-de soramak aýgydyna geldim.
Eýsem,siz öz söýeniñiziñ (ýanýoldaşyñyzyñ) adyny telefonyñyzda nähili bellärdiñiz?
17 лайков 862 просмотров
129комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nurmuhammet
03 июн 2022, 12:55
ýürekdeşim diyip bellengi
Massimus
03 июн 2022, 12:58
Ýekejäm diýip belläpdim 8 ýyl mundan öň, şondan bärem üýtgän zat ýok
Soho
03 июн 2022, 13:09
mena adyny okanymdan sandyrap duran bolamson, at yazylgy dal
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 13:12
Soho,
Diñe belgisi görünýärmi jañ gelende? :)
Senyorita.
03 июн 2022, 13:15
Pikirem edip göremok.
Mümkin
Salam! Özüňiz?!
Soho
03 июн 2022, 13:15
Mümkin,
*****
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 13:18
senyorita.,
Men-ä talypkam "Ýüregim" diýip bellemek isleýärdim.nurmuhammet,
Ýürekdeşim juda gulaga ýakymly.Sebäbi şol sözden söýgi bilen bilekikde dostlugyñam ysy gelýär.
Massimus,
Ýekejäm - romantik!
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 13:19
Soho,
Ýyldyzjyk belgimi?!
Toba etdim :))
Maksat
03 июн 2022, 13:21
Salam, meň telefonumda ady ýazylgy bolany. Meňem diňe adymy ýaz diýýän. Eger kontaktda meňzeş at bolsa tapawutlandyrar ýaly bir belgi goýýan.
Maksat
03 июн 2022, 13:23
Aşkim diýip ýazana gabat geldim, öz ady barka dällaý ýöne başga zat diýip ýazsaň.
Soho
03 июн 2022, 13:26
Hojalyk Ministri, Icheri ishler...
Soho
03 июн 2022, 13:27
Mümkin,
hawa, yyldyzjyk belgisi
Nurmuhammet
03 июн 2022, 13:28
Mümkin,nurmuhammet,
Ýürekdeşim juda gulaga ýakymly.Sebäbi şol sözden söýgi bilen bilekikde dostlugyñam ysy gelýär.
elbetde dogry
hemde icki syryny derdini paylasyanyn bolya. bizin yuregimiz bir.sana birzat bolsa. men duyyan diyen yaly
noname
03 июн 2022, 13:33
Öýdaki
Ötegçi
03 июн 2022, 13:43
Bilemok, geçiñ :D
Telwas
03 июн 2022, 13:45
“Iliň çagasy”

Men ady we familýasyny ýazaryn.
AYNURA
03 июн 2022, 13:49
Menä adyny ýazýan
Hiayress
03 июн 2022, 13:51
Nirvana
“Iliň çagasy”

Men ady we familýasyny ýazaryn.


Ady we familýasyny näme üçin ýazjak?! Ýa birden çalyşaryn ýada ýitirerin öýdüp gorkýaňmy?! :D
Nurmuhammet
03 июн 2022, 13:52
"Iliň çagasy"Nirvana,
???
Margarita
03 июн 2022, 14:07
ÖÝBIKE ☺
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 14:07
Nirvana,
"Iliñ çagasy" diýip näme diýjek bolduñ?!
Gowsy, "Ýoldaş Planyýew" diý-de ýazaýsana. :)
Nazar
03 июн 2022, 14:10
Adynyñ bash harpy
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 14:11
Mena adyna,sypatyna gora gysgaldyp lakam goyup bellardim :))
diýýär Felicita.
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 14:14
Dogrudanam,umumy sözler bilen däl-de şol kişiñ diñe özüne mahsus ýüzlenişiñ bilen bellemelidir adyny.Munam onuñ özüni alyp barşyna,gylygyna görä saýlamalydyr.Ýöne muny öñünden bilip bolmaz.Şol kişi durmuşyña girenden soñ aýtsa bolar.
Mümkin
Автор 03 июн 2022, 14:15
Margarita,
Ýoldaşyñ seni şeý diýip belleýärmi?
Garabufer
03 июн 2022, 14:54
Salam !
seň bilen çaga psigologýasy barada gywat bardy welin ?
Garabufer
03 июн 2022, 15:02
Öz dogulan günimiň senesi bilen meňzeş nomer alyp berdim .
Şondan jaň gelýä weli tanaýan ,
Mende suwjorşmak ýokdur dos.
????????(◣_◢)
03 июн 2022, 15:03
Çykdaýjy
Garabufer
03 июн 2022, 15:08
Araba sürip ýöreniň gözöňmö gelläý ?
Durmush
03 июн 2022, 15:14
Men bolsa alynmaýanjaň diýip belleýän. Haçan öýlensem öz adyny goýaryn diýip umytetýän. Ýöne bellidäl öz adyny goýjagym BAŞLYK diýip goýmagym mümkin ýada ÖÝBAŞLYK şuny goýmagymam mümkin.