Maşgalañyzyñ söýülen perzendi kim?

Salam jankeýtalar! Soñky döwür saýtda işjeñligiñ pesligine tüýs ýüregimden gyýylýan.Munuñ sebäbi köpüñiziñ beýan edişi ýaly saýtyñ ýaramaz işlemegidir ýa-da öñ saýta işjeñ girýän agzalaryñ talyp bolup,okuw başagaýlygyna düşmegidir.Belkem,pikir alşyp bolaýjak mowzuklaryñ açylmaýanlygydyr.
Şu gün ýokarda agzan üçünji alternatiwimiñ takyklygyny barlap görmek maksady bilen şeýleräjik pikir alyşma mowzugyny açýaryn.
Bu sowaly bermek işdeşlerim bilen nobatdaky "ýygnagymyzda" kelläme geldi.Işdeş gelnejelerimiziñ biri ýoldaşynyñ uly ogluny halaman ikinji ogluny has halaýandygy hakda durup geçdi.Başga bir işdeşimem gaýnynyñ haýsydyr bir agtygyny beýlekilerden ileri tutýandygy barada aýtdy.Şonda başga bir işdeşim kiçijikkä enesi pensiýasyny alanynda çagalara pul paýlaýandygyny,şonda özlerine bir manat,oglan doganyna bolsa "Sen oglan çagasyñ"diýip iki manat berilenligini,her gezek şonuñ ýaly ýagdaý ýüze çykanynda goñşy otaga girip aglanlygyny gürrüñ berdi.
Bu gün şu meseläniñ üstünde durup geçesim gelýär.
1.Siz näçe dogan?
2.Doganlaryñyzyñ arasynda iñ söýüleni kim?
3.Ene-atanyñ perzentleri alalap söýmegine nähili garaýarsyñyz, şeýle ýagdaý başyñyzdan geçdimi ýa-da bu barada gören-eşdenleriñiz barmy?

Hemmejäñiz awtobusa münen bolsañyz,saýtyñ işjeñligini artdyrmak maksady bilen pikir alyşma mowzugyma işjeñ gatnaşmagyñyzy haýyş edýärin!
Hany onda gitdik!
5 лайков 540 просмотров
49комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusup
07 авг 2022, 09:46
2 oglan. Kicini menden gowy goryaler
#B.S
07 авг 2022, 09:48
Iki oglan iki gyz. In ulusy men in kicisem oglan. Elbetde shol kicimizi gowy goryale atamyň adyda. Blotnoy ozem :)
Mümkin
Автор 07 авг 2022, 09:49
Anil Kapur,körpe bolany üçinmi?
Yusup
07 авг 2022, 09:50
Mümkin,

Howwo. Korpe her yerde gowy gorulya
Mümkin
Автор 07 авг 2022, 09:50
Khanture,blotnoý näme diýmek?
Nazar
07 авг 2022, 09:55
2 dogan
Ejem ulymyzy kakam meni gowy gorya :)
Nazar
07 авг 2022, 09:57
Shu jankeyta sözüň manysy näme?
Barselonada Seýdou Keýta diýip oýunçy bardy şony gowy gördüňmi ya? :))
Ötegçi
07 авг 2022, 09:59
1. 4
2.Men uly
Meni ejem kakam haaas gowy gorerdi. Korpamizi indi has gowy goryaler(mika) diyyan. Enemem indi beyleki jigimi haas gowy gorya. Namemiş ol okuwa girjek bolanda enesi 20 sapar Ayatylkursi sanapmyş, şoñ ucinem onuñ dag ýaly ady "jan"syz tutulmayan teke ogly okuwa giripmiş?
3. Turkmenler mydamam korpesini, at dakylanyny has beter soýgüleya.
Ötegçi
07 авг 2022, 10:01
Doganym menden owadan bolansoñ, kakamyñ doganlary mydam ýanjap durardy.... ol bizin tiramize in kop menzeyanimis... we.s.m.
Ötegçi
07 авг 2022, 10:03
Uly ogla pul dokup okuwa salmasalaram, korpelerne pul dokyaler. Hany manlarnam soña beryaler koplenc. Bu dile getirilmese de maşgala atly kicijik dowletde incelik bn yoredilyan gadymy politika yaly.
Ötegçi
07 авг 2022, 10:06
Soñrak men ene ata bolsam, haýsyny halaýanmy bildirmezdim.(Ozleri dogrup-eklap-saklap haýsynyñ has gowrakdygyny bilyandirlerle.) Sebabi beýlekilere negatiw tasir edyarmika diyyan. Pessimist bolyalarmyka diyyan.
Ötegçi
07 авг 2022, 10:08
Hany birdowurler haysy milletdi, adam bolmajak gowuşgynsyz cagalarny zyñýadylar?!. Bizde de adam bolmasañ-hunar gorkezmeseñ a:t berilmandir.... bu bolaýmaly zatlar...
Izma
07 авг 2022, 10:12
Gören ýeriňden eşiden bolgusyz gepleňňi getirip bärik dökmäňi goý.
Mümkin
Автор 07 авг 2022, 10:15
Fan B,saýtdan gitmediñmi gyz sen?
Jankeýta Janiçgäñ mahymlaşdyrylan görnüşi.Patenti maña degişli.Kim ulansa awtorlyk hukugy tarapyndan jogapkärçilige çekiljekdir.Başgaçalap aýtsam "ýygnadaryn" :)
Mümkin
Автор 07 авг 2022, 10:17
Ikonic,pikir alyşar ýaly has gowy temañ bar bolsa,baş üstüne!
Ötegçi
07 авг 2022, 10:17
Bir döwür 2014 bn 2017 ýylyñ maşynyny gezek-gezegne münemde, 1500 dollar durýan telefon ulanamda, juda añsatdan haýbatly nomer ulanamda tiramizde hormat bn seredilyan adama owrulenmi bildim. Aslynda bu zatlañ nirden gelenini naceragini ozumiñ gazanyp, naçesi dostlañkudugny anyk hiçisi bilenokdy. Şonda bildim, pul bolsa barsy bolmasa da gaty kopusi daşyñda pyrlanýar... süýtdeşinden başlap obadaşmy babadaşyna çenli... tiraniñ maşgalanyñ han ogluna owruljek bolsa hemmesinden has kop gazanmalyken...
Apples
07 авг 2022, 10:29
Mena ortanja. Ortanja okam yok bokam
Yusup
07 авг 2022, 10:33
Jankeyta. Keitajan bolya. Gowy gormez yaly futbolchy daldi
#B.S
07 авг 2022, 10:33
Kind_boy™
Mena ortanja. Ortanja okam yok bokam

hihi
Ötegçi
07 авг 2022, 10:40
Hantöre name telefondan girýañaýt gardaş. Like basýan duwmañe gorüpçilik edip ugradym indi :D
Serdar
07 авг 2022, 10:40
Korpesidigi korede malim bolsa gerek)
#B.S
07 авг 2022, 10:43
Ötegçi
Hantöre name telefondan girýañaýt gardaş. Like basýan duwmañe gorüpçilik edip ugradym indi :D

Içgysgynçlykdan basýanlaý bro. Bugün dynç günimdidä... :) Galaxy Core II diýen prostoýja telefonlaý
Ötegçi
07 авг 2022, 10:46
Içgysgynçlykdan basýanlaý bro. Bugün dynç günimdidä... :)
Aý näwileýin menem monça bir like uçinem(like gytcylygyda buwat) :D
Çopanlarda da dynć guni şugunmi name
#B.S
07 авг 2022, 10:50
Ötegçi
Içgysgynçlykdan basýanlaý bro. Bugün dynç günimdidä... :)
Aý näwileýin menem monça bir like uçinem(like gytcylygyda buwat) :D
Çopanlarda da dynć guni şugunmi name

Aý biziňki gezekleşilýä. Jigim gitdi. Öýlan indi men bakyan. Jigim toya gidya.
Hiayress
07 авг 2022, 10:53
Ýeke ogul, onda-da hiç biri halanok. Biziňkiler perzentsöýer däldirdä, ýogsa söýmezçe oglana däl. :)
Ötegçi
07 авг 2022, 10:54
Süriñde nacerak goýun bar, geçilerem barmy, yeke bolp bakjak bolsañ kyn dalmi?!. Geçi bar bolsa işiñi goryandir,:D başymy gosup goren işim:)
Ötegçi
07 авг 2022, 10:56
@Hiayress, siziñkiler söýman söýyan bolaýmasyn :))))
#B.S
07 авг 2022, 10:58
Ötegçi,
Azaltdyklaý satdyk soýduk iýdik goyun geci jemi 30 sany dortje sany goyun bar :) on altmysha yetipdi...
Ötegçi
07 авг 2022, 11:00
(7 ýyl)Geçi bakandan akyl sorama diýyami Hantore :D :D
#B.S
07 авг 2022, 11:02
Ötegçi
(7 ýyl)Geçi bakandan akyl sorama diýyami Hantore :D :D

:))