Maşgalañyzyñ söýülen perzendi kim?

Salam jankeýtalar! Soñky döwür saýtda işjeñligiñ pesligine tüýs ýüregimden gyýylýan.Munuñ sebäbi köpüñiziñ beýan edişi ýaly saýtyñ ýaramaz işlemegidir ýa-da öñ saýta işjeñ girýän agzalaryñ talyp bolup,okuw başagaýlygyna düşmegidir.Belkem,pikir alşyp bolaýjak mowzuklaryñ açylmaýanlygydyr.
Şu gün ýokarda agzan üçünji alternatiwimiñ takyklygyny barlap görmek maksady bilen şeýleräjik pikir alyşma mowzugyny açýaryn.
Bu sowaly bermek işdeşlerim bilen nobatdaky "ýygnagymyzda" kelläme geldi.Işdeş gelnejelerimiziñ biri ýoldaşynyñ uly ogluny halaman ikinji ogluny has halaýandygy hakda durup geçdi.Başga bir işdeşimem gaýnynyñ haýsydyr bir agtygyny beýlekilerden ileri tutýandygy barada aýtdy.Şonda başga bir işdeşim kiçijikkä enesi pensiýasyny alanynda çagalara pul paýlaýandygyny,şonda özlerine bir manat,oglan doganyna bolsa "Sen oglan çagasyñ"diýip iki manat berilenligini,her gezek şonuñ ýaly ýagdaý ýüze çykanynda goñşy otaga girip aglanlygyny gürrüñ berdi.
Bu gün şu meseläniñ üstünde durup geçesim gelýär.
1.Siz näçe dogan?
2.Doganlaryñyzyñ arasynda iñ söýüleni kim?
3.Ene-atanyñ perzentleri alalap söýmegine nähili garaýarsyñyz, şeýle ýagdaý başyñyzdan geçdimi ýa-da bu barada gören-eşdenleriñiz barmy?

Hemmejäñiz awtobusa münen bolsañyz,saýtyñ işjeñligini artdyrmak maksady bilen pikir alyşma mowzugyma işjeñ gatnaşmagyñyzy haýyş edýärin!
Hany onda gitdik!
5 лайков 540 просмотров
49комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Shahan
07 авг 2022, 11:08
5 çaga. In uly oglan uc gyz yenede korpe men. Mana artykmaclyklan kandigini bilyan. Olar bekirak tutulyady. Yone hicisinin mana artyaclygy berilmegine nagileligi yok. Hemmesem gowy gorya. Menem olary. Menden uly bilen men aramam 6 yas. Galany yakynrak.
Hazir yone biz indi uly. Indi hersinin oz masgalasy bar. Koplenc uysulya. Birek birege hormatam uly. Solara yada solan cagalaryna bir zat bolsa janymy bermane tayyn.
Nazar
07 авг 2022, 11:15
Belkijan banla diysemem banlamadylar. Adminstrasiya sen hayys edip beramasaň
Apples
07 авг 2022, 11:29
Banlamasa ozun banlar yaly eday:)
Mümkin
Автор 07 авг 2022, 11:43
Fan B, banlatdyryp gitmek özüne erk edibilmeýänleriñ işi.Erkli adam niki duranda-da gelmän oñup biler.
Ýogsa-da näme üçin gitmekçidiñ sen?
Hiayress,özüñde bir problema bardyr diýäýseñ :))
Kerbaba
07 авг 2022, 13:35
Бирвагт ,, туркменин кичиси боландан,орсун гужуги бол" диен соз бар экен. Не себап бн бейле дийленни билйанизми?
Soho
07 авг 2022, 14:04
ejem uchin hemishe men, kakam uchin... bilmedim :-/
Hiayress
07 авг 2022, 14:18
Rigel
bu bilesigelijiligin bilen halajak bilmedimow hiayress kaka

Oýun etdimlaý, ur diýilse senem gözüni çykarýaň. Söýmez ýaly oglanmy ýa men. :)
Hiayress
07 авг 2022, 14:21
kwadrat kelle
Бирвагт ,, туркменин кичиси боландан,орсун гужуги бол" диен соз бар экен. Не себап бн бейле дийленни билйанизми?


Öňler näme iş bolsa, bar, ýet diýilýän türkmeniň kiçisi bolýady. Ýoldan geçip barýarkaň ýolda oturan uly oglanlar hem saklap eliňe pul tutduryp magazine çilim ýa çigide ugradyp bilýädi. Ýaýdanjyrap dursaňam gulak düýbüňe bir şarpyk, batlyja gidip gelýädiň. Ýöne indi beýle däl.
Kerbaba
07 авг 2022, 16:17
Бу гуррун энтек магазин,чилим,чигит дореманка болан вака.. Биринин 10 оглы бар экен. Ин кичисинин ады Онбеги. Онбеги корпе болансон хеммеси говы горйар экен. Йоне юмуш буйурмагам ятдан чыкараноклар экен. Вагт гечйар ,илки оларын эне - атасы,сонам агалары бир бирден паныны терк эдйарлер.. Ин сонунда галан Онбеги ага болса ,, Бира догран аглар ,бирем доган аглар,озгеси ялан аглар, туркменин кичиси боландан орсун гужуги болмалы экеним дп еке озунин галанына гынанып аглачр экен.
ýüreksözi
07 авг 2022, 18:36
menä çagalardan in ulusy özümem ýeke gyz düýäniň ulysy köprüde taýak iýer diýen ýalagrak ýagdaýlar bolman duranok ýöne ýeke gyz bolamsin aýnadylmanam duramok ahyry körpe körpe bolaýýada
OrazMuhammet Aşyrow
07 авг 2022, 20:00
Asyl ene ata perzentleriniň ählisinem gowy görýän bolmaly, sebäbi perzent ene atanyň ýüreginiň bir bölegi. Perzende bir zat bolsa ilki onuň özündenem beter ene-ata gyýylýar. Emma körpe çaga mähriň aýratynrak bolmagy bu öz özünden tebigy ýagdaý. Sebäbi körpe çaga dogulanynda beýlekiler azajyk ulalan ýaly görünýär beýlekilere garnyňda kiçiräk ejiziräk çaga körpe bolup galaýar. Netijede ene ata şoňa mähribanrak bolýar. Süýjiligiň uly bölegi körpäňki bolmagy mümkin emma täze alynan welosipet barybir uly perzende berilýär. Galan ýagdaýlaram ýaşaýyş durmuş ýagdaýyna we aň, düşünjä garap her hili bolup bilýär
OrazMuhammet Aşyrow
07 авг 2022, 20:08
Hiayress,
Öňler näme iş bolsa, bar, ýet diýilýän türkmeniň kiçisi bolýady. Ýoldan geçip barýarkaň ýolda oturan uly oglanlar hem saklap eliňe pul tutduryp magazine çilim ýa çigide ugradyp bilýädi. Ýaýdanjyrap dursaňam gulak düýbüňe bir şarpyk, batlyja gidip gelýädiň. Ýöne indi beýle däl.


Häzirem öýüňden çete (Ýagny ene-ataňa jögisiräp aýdyp baryp bilmejek derejdägi uzaga) çyksaň, firma ýaly ýerlere işe barsaň "Türkmeniň kiçisi bolandan, orsuň gürjisi bol" diýilýän sözüň nä derejede ýerliklidigine göz ýetirmek mümkin.
My life
07 авг 2022, 21:01
Salam, bizde korpe gowy gorulyar.))) Yone menem, umuman hemmamizem gowy gorulyas, menem oyde yeke gyz. Hemmamiziñ yerimiz ayratyn.
Mahri
07 авг 2022, 22:14
Menem yeke gyz hem 1nji...oyde has kop gowy gorulyan men ...ozum azajyk läligräk :) 2 oglan jigim bar- olaram ekiz bolanson yerleri ayratyn..yone sonnada men söýülýän...ikinjilik bilenem körpe :)))
S❤
07 авг 2022, 23:46
Ejem den garaya
Kakam agama kan soygusin gorkesmeya meni kan gowy gorya.
Garabufer
08 авг 2022, 02:30
Ata Enäň ýürekdeş çagasy bolýar, beýlekiler bilen deň tutsada , barybir ýürege ýakyn şol çaga, kä ata ene gizläp bilýä, käsi gönimel aýry tutýa ,
Kakasy ölen soň , oglunyň ölenini gördim , ogly ölen soň kakasynyň ölenini gördim , syrkowlan enäni gördim
Mümkin
Автор 08 авг 2022, 06:45
Atayewa,ekizleriñ atlary näme?
Mahri
08 авг 2022, 07:06
Mümkin
Atayewa,ekizleriñ atlary näme?

Hydyr & Ylýas
Enesh_Turkmengyzy
15 авг 2022, 14:01
Bizina Nanem dädemizem bolmady ???