Geliň tanyşalyň?! Aýdymçy, şahyr Aksary bilen...

Salam! Asmany asuda, ili abat, ýüzleri nurly, ýigitleri namysly, gyzlary haýaly, kalplary joşgunly, berdaşy mizemez, çydamy synmaz, halal, zähmetkeş watandaşlar! Siziň rysgally ojagyňyzdan halallyk, bereket egsilmezligini diläp, mowzuga başlaýas. Bu gün saýtymyzyň şahyry, ýazyjysy, aýdymçysy, umuman durmuşy döredijilige ýugrulan ajaýyp agzasy Aksary bilen "Massimus production" her gün özlerini selfie düşürip ýadamaýan owadan, näzik, utanjaň "erkekleri" dogry ýola salmak we olaryň zenanlardan tapawutlydygyny (erkek kişä owadanlyk gerek däl, ony ýolda görende eşek ürkmese boldy) wagyz etmek merkezi söhbetdeşlik gurnar. Düzgünlerimiz şol öňki. Islemeýän soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz!
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Siz döredijiligiň köp görnüşlerinden professional baş çykarýan adam hökmünde haýsy görnüşini özüňize has ýakyn hasaplaýaňyz?
3. Durmuşyňyzy täzeden başlamaly bolsa nämeleri üýtgederdiňiz?
4. Sizi terbiýeli, sylaşykly ynsan hökmünde tanaýaryn. Ýersiz ýere göwnüne degeniňiz üçin, ötünç soramak isleýän adamyňyz barmy?
5. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
6. Söýgi bu......
7. Sizi şu derejä ýetirendigi üçin ene-ataňyzdan başga ýene kimlere minnetdarlyk bildirmek isleýärsiňiz?
8. Ýazyjy Mark Twen: "adamzadyň döreden ideallarynyň hemmesi oýlanyp tapylandyr" diýýär. Siz muň bilen ylalaşýaňyzmy? Siziň idealyňyzdaky gyz (zenan) nähili bolmaly?
9. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
10. Geljekde has meşhur bolsaňyzam, toýuma hem aýdymçy, hemem arzyly myhman hökmünde çagyrsam gelersiňizmi?
11. Özüňiz aýdymçy hökmünde häzirki moda bagşylaryň (olara moda diýilýämi, bilmedim, "däli, däli, etdiň meni, däli, däli", "söýgülimiň dodagy bal ýaly (ynanmasaňyz dadyp göräýiň)", "çörek ursun, alla bar, biwepa, garagyň aksyn, meni taşlap saýlanyň senden ara gaçsyn, içip oturan kofeňe gözüň gaçsyn", "janita, panita, kançita") aýdýan aýdymlaryna (eger olara aýdym diýip bolýan bolsa) nähili baha berýärsiňiz?
12. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik bolsun, döredijilik ýolunda Size uly-uly üstünlikler arzuw edýärin, hemişe şeýle pozitiw, akýürekli boluň!
13. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz we indiki sanymyzda haýsy agza bilen ýakyndan tanyşmak isleýärsiňiz?
9 лайков 409 просмотров
22комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gumly gelin
09 июн 2022, 11:31
@Aksary agza internetli dünýämizde özüni gowy adam hökmünde tanadyp bildi.Elbetde bu durmuşda-da gowy adamdyr.Ol bir gürrüñinde"Wekiliñ Halyl obasynda aýdym aýdamda"diýip agzap geçdi.Şonda menem""Juda golaýjak obamyzda aýdym aýdypdyr"diýip pikir edip @Aksary jigimiñ aýdymlarny diñläsim gelipdi...
Kerbaba
09 июн 2022, 12:12
Аксары.... бу ат иана китапчы сомда кан габат гелипди. Шо ердаки агзамыка бу?
Öwreniji
09 июн 2022, 12:21
1.Aýdymçy bolsaň sazdan başy çykýa diýmek, saz gurallaryndan haýsy saz gurallaryny çalýaň?
2.Sözlerini we sazyny özüň düzen aýdymyň barmy?
3.Haýsy kompozitorlary halaýaň?
Massimus
Автор 09 июн 2022, 12:24
kwadrat kelle,
Howwa, şol agza
Aksary
09 июн 2022, 13:08
Soraglaryñyzyñ ählisine agşam jogap bermekçi nesip bolsa
Massimus
Автор 09 июн 2022, 15:09
Aksary,
Bolýa dost, garaşýas...
Bentner
09 июн 2022, 15:47
1)Haysy instrument calyaň we shony saylamagyňa name sebap boldy?
2)Haýsy bagşyň ýolundan aýtýaň?
3)Aydymcy ekeniň, entek ýaş höwesjeňmi ýa kämil derejä ýetip barýan aýdymçymy?
4)Aydym aýdanyňda oktawa galmaly ýerleri bolyar, oktawa galaňda kynçylyk çekýäňmi?
5)Muzkalny shkol okadyňmy eger hawa bolsa Solfejiodan başyň cykyamy?
6)Häzirkizaman kompozitorlardan haýsylary bilen söhbetdeş bolup gördüň we özüňe nähili gerekli informasiýa aldyň?
7)Häzirki günümizdäki plagiator bagşylar barada öz pikiriňi aýdaýsaň?!Bularyň öňüni alyp bolmazmy degişli çäreleri görseň?!
8)Iň gowy görýän aýdymyňy hiňlenip ber diýseler haýsy aýdymy hiňlenerdiň?
9)Türkmen RAP sungatyndan iň gowy görüp diňleýäniň kim we haýsy RAP-lary?
10)Ýolda gidip barýakaň öňüňden Azat Dönmez çykdy ilkinji etjek hereketiň we diýjek sözüň?)
S❤
09 июн 2022, 17:12
Televizora cykdynmy
S❤
09 июн 2022, 17:12
Ilki bilen Salam
Öwreniji
09 июн 2022, 23:11
Massimus,
Aksary jogap bermäge çekindi öýtýän
Ötegçi
10 июн 2022, 01:45
Azat Dönmezi üýtgeşik bir zat ýaly edaypsiña how:DBendtner,
Aksary
10 июн 2022, 02:04
Salam.sylagyñyza sogboluñ.
1.adym Baýgeldi ýaşaýan ýerim Mary.okan ugrym ýok.1997 nji ýylyñ oktýabrynda doglan.
2.edil professionala däldirinle.ýöne poeziya .
3."geçilmeli däl zatlaryñ deñinden
Özüm geçenimi duýman galdym men" diýýär Daşoguzly Aýt kaka,etsem petsemim känle...
4.arada harbyda bile bolan oglanlañ biri üç gezek jañ etdi almadym.göwnüne degdigim däl welin göwnüne alandyr öýtýän.ana şoña jañ edip ötünç sorasym gelýär.ýöne şony şeýdemok.bilemok nämçün.
5.
6.bagyşlañ bu barada doly netije beren söýgä gabat gelemok.(men barada bilýänler bardyr şu ýerde)
7.öz agama,,kitappisint adamlaryma(kitaplara)
8.Mark Twiniñ ol aýdanlary bilen doly ylalaşamok,Alla tarapynyk hemişede bar. Edepdir haýasy bilen özüni gorasa.lebzi halal,oñşukly
9.aý ýok edil häzirä ýok
10.edil meşhura bolmaryn men.ýöne hany sen ayt,nesibe çekse bararys,baryp bilmesegem toýa garrama ýoga
11.hawa olaram aýdym azsalymlyk bolsada.kimdir biri şondan lezzet alsa ,ana şonuñ üçin aýdym şol.
12.sagboluñ minnetdar ýagşy dileglerñize.ömrüñ bolsun
13.özüñiz saýlaýyñ
Aksary
10 июн 2022, 02:23
Bendtner,
Men diñe öýkünip bilýanä
Aksary
10 июн 2022, 02:29
Xyivenia_babayeva.,
Hawa telewizorda interwýu beripdim
Massimus
Автор 10 июн 2022, 06:58
Aksary,
Jogaplaryňyz üçin sag boluň, geljekde-de işleriňizde üstünlik, abraý arzuw edýärin
S❤
10 июн 2022, 09:29
Aksary,
Haysy geplesikde
Aksary
10 июн 2022, 13:09
Xyivenia_babayeva.,
8nji matrdada bolypdy...
Bentner
10 июн 2022, 15:55
Aksary,
Tuweleme, sag bol 10 soragada jogap berenin ucin!
S❤
10 июн 2022, 15:55
Aksary,
Hm dogry.
Bolya sag bolun. Isisnizde ustunlik. Eger televizora cykyan bolsanyz ya cykjak bolsanyz buslap dagy pylancada pylan kanaldada dp mowzuk acarsynyzda
Aksary
11 июн 2022, 07:57
Xyivenia_babayeva.,
Aý o zatlardan indi daşlaşylandyr uýam
Aksary
11 июн 2022, 07:58
Bendtner,
Göwnüñize degen bolsam bagyşlañ
S❤
12 июн 2022, 17:04
Aksary,
Hm ay bolya, zyyany yok