Geliň tanyşalyň?! Saýtymyzyň täze şahyry Juma şahyr bilen...

Salam! Asmany asuda, ili abat, ýüzleri nurly, ýigitleri namysly, gyzlary haýaly, kalplary joşgunly, berdaşy mizemez, çydamy synmaz, halal, zähmetkeş watandaşlar! Siziň rysgally ojagyňyzdan halallyk, bereket egsilmezligini dileýäris. Bize şeýle ajaýyp saýty peşgeş beren Abaddon agamyzyň jany sag, keýpi kök, maşgalasy abaddon bolsun.
Tüweleme! Saýtymyzda täze-täze agzalar, esasanam täze-täze şahyrlar peýda bolýar. Poeziýamyz gün-günden baýlaşýar. Bolawersin. Şeýle ajaýyp saýtymyz barka neneň joşmajak, neneň galkynmajak. Zehin, zähmet bar ýerde elbetde görüpçiligem, göwniýetmezçiligem bar.
Bu gün saýtymyzyň täze agzasy, täze şahyry, zehinli talyp ýigidimiz Juma şahyr bilen "Massimus production" gaýybana tanyşlyk guramasy söhbetdeşlik gurnamaga çalşar. Elbetde şahyr dostumyz garşy bolmasa.

1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Şygyrýete girip gelşiňiz barada aýdyp beräýiň, kim maslahat berdi, kim ýol görkezdi?
3. Şägirtleriňiz barmy? Indi şahyr boljaklara maslahatlaryňyz nähili?
4. Özüňizi ýazyjylykda synap görmek isläňizokmy ýa eýýäm proza eserleriňizem barmy?
5. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň. Gelnejeme (öýlenmedik bolsaňyz söýgüliňize) ýazan goşgularyňyzy paýlaşaýyň, eger mümkin bolsa.
6. Siziň üçin goşguda iň esasy zat näme?
7. Özüňizdäki ýazmak zehinini haçan duýup başladyňyz? Türkmen ýazyjy-şahyrlaryndan haýsylaryny has köp okaýarsyňyz?
8. Gomer taryhdan bilýän bolsaňyz iki gözem kör bolupdyr. Ýöne ol şonda-da "Odisseý", "Iliada" poemalaryny ýazypdyr. Gözi ýok adam nädip ýazdyka dost?
9. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
10. Siziň "Daşoguzyň gyzlary" goşgyňyzy haladym. Tüweleme, hemme etraplary agzap geçipsiňiz? Beýleki welaýatlaryň gyzlary barada ýazmak niýetiňiz ýokmy? Gumdagyň gyzlary, Çarşaňňyň gyzlary göwnüne getiräýmesin.
11. Leonardo Da Winçi özüne goşgy ýazyp ugradan bir ädikçä şeýle hat ýollapdyr: "Siz ädik tikiň, köpräk ädik tikiň, Siz diňe ädik tikiň". Ädikçi nä adam dälmi, oňam ýazasy gelýändir. Şolar şeýle bahyl bolansoň häzirkilerden nämä garaşjak? Tankyt bilen araň nähili?
12. Özüňize ylham gelmegi üçin esasan näme edýäňiz?
13. Muşdaklaryňyz geljekde Sizden nähili eserlere garaşmaly? (şu ýerde mugt reklama edip bilersiňiz).
14. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik bolsun, dokma senagatynda Size uly-uly üstünlikler arzuw edýärin!
15. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz.
6 лайков 311 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
03 фев 2023, 17:34
Juma halypaň adyny Nury diýip ýalňyşypsyňyz.
Perman Izakow
03 фев 2023, 17:36
8. Gomer taryhdan bilýän bolsaňyz iki gözem kör bolupdyr. Ýöne ol şonda-da "Odisseý", "Iliada" poemalaryny ýazypdyr. Gözi ýok adam nädip ýazdyka dost?
?
Soho
03 фев 2023, 17:42
Turkmen teleyaylymlaryna chykyanmy ya chykyanlaryn sozlerinin awtorymy kardesh?
Perman Izakow
03 фев 2023, 17:44
Juma halypa meniňem soraglarym şeýleräk!
1.Sögüden ýanyp goşgy goşup gördiňizmi öz döredijiligiňize?
Ýazan bolsaňyz paýlaşaýyň.
2.Niräni görseň şahyr boldy soňky döwür şol şahyrlara garaýşyň barada bir iki agyz aýdyp geçäýseňiz?!
3.Goşgy düzmekden başga ýenne näme zatlara gyzklanýaňyz?
4.Fubol bn araňyz nähilli?Haýsy oýunça haýsy komanda janköýerlik etýäňiz?
5.Boldy başga soragym ýok.
Massimus
Автор 03 фев 2023, 18:18
PROLIGA,
Juma halypaň adyny Nury diýip ýalňyşypsyňyz.

Wah, howwa, Juma şahyr, Nury nirden gelip ýör bärik, Pegas üýtgedäýdä kyn görmeseň şo ýerini
Belki
03 фев 2023, 19:06
Men Nury Sakçyýew hakda gürrüñ gidýändir öýtdüm.
Maksat
03 фев 2023, 19:34
Tüweleme @Massimus çeper ÿazypsyñ, garaz Juma şahyry bir Gomerden bir Da Winçiden tutdurjakda.
Leonardo Da Winçi hudožnik dälmi, ÿa men ÿalñyşÿanmy...
Kyn soraglarda üstünlik Juma şahyr.
Ajaŷyp
Ajaŷyp
03 фев 2023, 20:11
Gachyrdyñyz õytyàn yash shahyry
Massimus
Автор 03 фев 2023, 20:39
Belki,
Men Nury Sakçyýew hakda gürrüñ gidýändir öýtdüm.

Menem bulaşdyrdy bu şahyrlar
kesirkelle
03 фев 2023, 20:47
Ay menem reportaj okajakdan bolup geldim wln...
Ahmet
04 фев 2023, 10:53
kesirkelle
Ay menem reportaj okajakdan bolup geldim wln...

Ökeledi öüdýän )))
Venus
04 фев 2023, 12:50
Massimus,
Salawmaleýkim. Agam nomerňiz gerekdi)
Jumamyrat
28 апр 2023, 20:42
Gumdag,Çarşaňňy barada ýazjak maňa ol erraplar barada birazajyk maglumat gerek baryp göremok nätanyş ýerdä
Jumamyrat
28 апр 2023, 20:42
Döredijilik agşamyny geçiräýeli gurnaýyňda
Jumamyrat
28 апр 2023, 20:42
Maňa nomerleriňizi ugradyň