Çörek #öziñe kyssa sowgat et diýilene goşulýan

Çörek

Ady belli türk psihology Dogan Jüjelogly özüniň guraýan seminarlarynyň birinde bir döwüm çöregi ýerde goýup, oturanlardan:

– Şu çöregi haýsyňyz basyp biljek? – diýip soraýar.

Elbetde, «men» diýip orta çykyp bilen bolmaýar. Onsoň, psiholog:

– Öňe çykyp, şu ýekeje döwüm çöregi basyp biljek adama ýüz dollar berjek – diýýär.

Zaldakylardan ýene ses çykmaýar. Psiholog bahany bäş müň dollara çenli galdyrýar. Şol pursat zalda oturanlaryň biri ýerinden turup:

– Mugallym! Sen bäş ýüz müň dolar berjek diýseň hem, bize çöregi basgyladyp bilmersiň. Şonuň üçin biderek arrygyňy gynap oturma! – diýip gygyrýar. Şeýlelikde, psiholog:

– Ine, gymmatlyklaryň ähmiýetiniň öwredilmegi diýip şuňa aýdylýar – diýýär hem-de sözüni şeýle jemleýär: – Diýmek, pul berjek diýseňiz hem çöregiň üstünden basjak adam aňsat-aňsat tapylanok eken. Ýeri, beýle ýagdaýda mugtuna ýalan sözleýän, gybat edýän adamlaryň sanynyň köp bolmagy birneme geň dälmi?! Biz näme üçin ýalan sözlemeli däl bolanda-da edil şonuň ýaly berk durup bilemizok? Ýa bolmasa, köpçüligiň içinde biri gybat edip başlasa, näme üçin barymyz şoňa «Beýtme» diýip bilemizok? Ýere gaçan çöregi basmazlyk babatynda bizi uly alada galdyrýan duýgurlygymyz näme üçin aýak astynda galan käbir gymmatlyklarymyz basgylanýan mahaly herekete geçmeýär? Elbetde, çörek iýilýän zat, ol ýerde ýatmaly däl. Ýeri onda, beýleki gymmatlyklar näme?!
2 лайков 104 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
03 фев 2023, 17:47
Meselem?