Yrymlar

Gyz durmuşa çykarylanda, oňa bir jübüt tabak, bir jübüt çemçe berlip, durmuşynyň elmydama doly bolmagy arzuw edilýär.



* * *

Gudaçylyga çarşenbede ýa-da şenbede gidilse, şowly bolarmyş.



* * *

Gyzlar tikin tikende sapagyny uzyn sapsa, daş ýere, gysga sapsa, ýakyn ýere durmuşa çykarmyş.



* * *

Nesilme- nesil geçip gelýän sallançagy hiç kime başbitin bermek bolmaýar.



* * *

Saçlary buýra- buýra çaga ot ýaly dogumly bolarmyş.



* * *

Agşam külüň üstünden geçmek gowulyga ýorulmaýar.



* * *

Kimdir biriniň kemisligini ýaňsa alyp, üstünden gülseň, özüň hem kemisli bolarmyşyň.



* * *

Nahary çommalyp iýseň, berekediň gaçarmyş.



* * *

Köýnek biçip otyrkaň ýadasaň, galan mata bölejigini sag eliňe daňsaň, aýrylarmyş.



* * *

Hamyr syçrasa, öýe myhman gelermiş.



* * *

Bitin çöregiň iki tarapyndan döwseň rysgyň gidýär diýlip yrym edilýär.



* * *

Çöregi düňderip goýmak bolmaýar.



* * *

Çöregi döweniňde, iki eliň bilen döwmeli.



* * *

Çöregiň, saçagyň üstünden ätlemek bolmaýar.



* * *

Hamyr edilende kendirigi kim ýazsa, şol kişi hem ony ýygnamaly diýlip aýdylýar.



* * *

Toýa jüp, ýasa täk çörek alnyp gidilýär.



* * *

Tamdyryň, saçagyň, ojagyň , harmanyň ýanynda saçyňy daramak, dyrnagyňy almak günä hasaplanýar.



* * *

Saçagy asla boş goýmaly däl. Onuň içinde, iň bolmanda, bir döwüm çörek bolmaly. Ýogsam saçak gahatçylyga garaşarmyşyn.





Jahan Ýaýliýewa

Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby.
3 лайков 381 просмотров
24комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
Автор 21 дек 2021, 19:59
Saçlary buýra- buýra çaga ot ýaly dogumly bolarmyş.

maňa degisli eken şu
Shahrukh khan
21 дек 2021, 20:01
Bizinkilera 1nji gun gidipdiler. Showly boldy gaytym.
Liwerpul_fc
21 дек 2021, 20:02
Gyzlar tikin tikende sapagyny uzyn sapsa, daş ýere, gysga sapsa, ýakyn ýere durmuşa çykarmyş.
-öz eliňizde ekenä
Shahrukh khan
21 дек 2021, 20:03
Yrymy minusa yrym etsen minus bolya plyusa yrym etsen plyus bolya. Sahel zatlar ucin howsala dushup yormeli dal
Shahrukh khan
21 дек 2021, 20:04
Цитата: Liwerpul_fc
Gyzlar tikin tikende sapagyny uzyn sapsa, daş ýere, gysga sapsa, ýakyn ýere durmuşa çykarmyş.
-öz eliňizde ekenä


Menki sapagyny 100 km yere dagy sapypdyr oydyan onda :)
Leyli Amanowa
Автор 21 дек 2021, 20:07
Liwerpul_fc,
menem uzyn edyän şony)) çöregiň gyrasyny iymegi gowy görseň daş yere ortasy bolsa-da yakyn yere durmuşa çykyan ekeniň
Merdan
21 дек 2021, 20:08
Цитата: Shahrukh khan
Цитата: Liwerpul_fc
Gyzlar tikin tikende sapagyny uzyn sapsa, daş ýere, gysga sapsa, ýakyn ýere durmuşa çykarmyş.
-öz eliňizde ekenä


Menki sapagyny 100 km yere dagy sapypdyr oydyan onda :)

Başga köýnegi tiken bolaýmasyn onda hehe :]
Liwerpul_fc
21 дек 2021, 20:12
Nairobi,
Daşa gidesiň gelýändir seň,töweregiňdäkilere göwnüň ýetmän
Leyli Amanowa
Автор 21 дек 2021, 20:16
Liwerpul_fc,
towo şu wagt okadym
Leyli Amanowa
Автор 21 дек 2021, 20:18
Bagul_Atayeva,
yrymlara görä bagtly boljak ekenim))
Liwerpul_fc
21 дек 2021, 20:18
* * * Köp ýatagan ýigitler ýaramaz gylykly gyzlara öýlenermiş

name
Leyli Amanowa
Автор 21 дек 2021, 20:20
Liwerpul_fc,
bagtyň yatdy
Biohimik
21 дек 2021, 20:21
Цитата: Shahrukh khan
Цитата: Liwerpul_fc
Gyzlar tikin tikende sapagyny uzyn sapsa, daş ýere, gysga sapsa, ýakyn ýere durmuşa çykarmyş.
-öz eliňizde ekenä


Menki sapagyny 100 km yere dagy sapypdyr oydyan onda :)

Yuzdalow 200em bardyr))))))
Merdan
21 дек 2021, 20:22
Oglanlar hakda yrymlar ýokmuka?
Biohimik
21 дек 2021, 20:23
Yrymlar kopusi ynanar yaly dal yokarda sahruh hanyñ aydysy yaly dinepozitiw bolmaly yogsam bu caka olip giderdik))) bu yrymlar cyn bolsa
Oyde enem okap yoren wagty alan kitaby bar eken sonda yrymlar bar bilmeyan yrymlarym gaty gaty kopeken
Enejan
21 дек 2021, 20:24
Спасибо!, за приметы. Я верю приметам.
Biohimik
21 дек 2021, 20:26
Цитата: MerdanGeldiyevv
Oglanlar hakda yrymlar ýokmuka?

Bar
Merdan
21 дек 2021, 20:28
Bagul_Atayeva,
Ýokardakylaň hiçisi gabat gelenoga maňa
Merdan
21 дек 2021, 20:28
biohimik.,
Aýt hany
Leyli Amanowa
Автор 21 дек 2021, 20:29
Лучшая,
???
Shahrukh khan
21 дек 2021, 20:49
Mena yatagan dal koplenc gije 3e chenli futbol goryas. Noyabryn 6dan Martyn 31ne chenli zimny wremya gije 1de bashlayan futbollaram bar
Leyli Amanowa
Автор 21 дек 2021, 20:50
Shahrukh khan,
oň un ayalyňy gör nähili))
noname
21 дек 2021, 21:04
är garrasa galpak alar ýa gulpak alar, gyz garrasa gula barar ýa dula barar. Şonuñ ucin gyzlar wagtyragynda percot
Leyli Amanowa
Автор 21 дек 2021, 21:07
danger,
sawwol ajayyp maslahat!