Meşhurluga gysga ýol

Salam okyjy!.. Içimizde meşhur bolasy gelýän bardyr niýet bilen ýazdym bu mowzugy. Uzakdan-uzak süýji hem gyzykly gürriñlerem, (belki) edip bilerdim siz bilen. Ýöne beýle ajaýyp mümkinçilige, arma-an meniñ wagtym ýok. Eger siz haýsydyr bir türkmen saýtynda meşhur bolmak isleýäñizmi?! Onuñ üçin üýtgeşik bir ýagtylykda ýyldyzlara jort atýan bilim gerek däl.

1. SORAGLAÑ

Soraglañ. Ýo-ok! Soraglañ diýsem matematika, himiýa, ýa bolmasa algebra-fizikadyr öýtmäñ. Soraglajak zadyñyz takyk ylymlardan bolmasa haas gowy. Onsañam kim bilýär, 21nji asyryñ ýaşlaryna: "Himiýañ bize haýryndan şeri kän" diýip şermendeläberseñ, H2O-ñ nämedigini zordan bilýän halymyza masgara bolmak daşda däl. Onsañam hemme agzalar himiýa düşinýämişmi?! (Agzyny burnuny towlaýan smaýlik) bolsa-bolsa bir-ki sany ötegçi jedellešme bolar. Gutarar. Ine ýöne saýtlara girýän 7den 70e çagalardyr, "garry gurtylaryñ ";)   hemmesi diýen ýaly:

Nesip bolsa,
Kabul bolsun,
Musulmany bolsun,
Omyn-Ämin,
Imany hemra bolsun -sözlerini her gün ulanyp, her naharda töwür galdyryp, her anna agşamlar palaw bişirmäge wagty-ýagdaýy bolmasa-da öten-geçeniniñ ruhyna el-galdyrýan adamlardyr.(körpejiklerne-de şony öwredýändir. Özem birmahallar kiçijik goşawuşjygyny atyp töwür galdyrandyr. Ine, şularyñ sadadan ýönekeý hem çuñ ynanjyna kesek atyp bilseñ, derrew meşhur bolarsyñ. "Soraglaýan-soraglañ!" Diýiber. Tokaý otla a:t gazan. Ýa-da: "Guýa syçda a:t gazan" Juda bir öz adyñ bn ýazasyñ gelmese-de başga bir atlar tapyn. Her şübhäñe ýerlikliräk jogap beren kişiden jogap bermegi öwren. Öz adyñ bn öz sahypalañda dindarsyraber. Öwrenen jogaplarñyñam sepini bildirmän öz sözüñ ýaly edip ýazmagy başarsañ, al ana saña kör abraý...
(hany indi bärde duraly. Häzirlikçe ýadyma düşenjesi şular. Belki ýene yzyny dowam ederin. Göribirisdä)

@Ötegçi
26.06.2022ý
13:26
6 лайков 169 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
Автор 26 июн 2022, 13:31
Meşhur bolmagy mugt öwredýändirin. Mugtyñ gadry ýok edäýmäñ ýöne :D
Ötegçi
Автор 26 июн 2022, 13:32
Birem pikirlermi ogurlamañ cilimkesh
Ötegçi
Автор 26 июн 2022, 13:37
*goşawuşjygyny atyp töwür -açyp bolmaly
Ötegçi
Автор 26 июн 2022, 13:45
Admin aga sitatamy profil sazlamalarmam gowlaweri, agzalarña haýyr işleri mugt owrediwoturannyryn;)))
Гость
26 июн 2022, 14:52
Ötegçi Ötegçi off № 1Şu gün, 13:31
Meşhur bolmagy mugt öwredýändirin. Mugtyñ gadry ýok edäýmäñ ýöne :D

- Seň mugt öwretmäň daşyňa adam üýşýänçädirle. Klientiň köpelensoň platna geçersiňle senem. )
Telwas
26 июн 2022, 15:08
“Her kim bir zat edip ünsi çekmegiň derdinde...”
Ötegçi
Автор 26 июн 2022, 16:19
Hemedany, gorkuzma agam:) entek golaylamawersin)))
Ötegçi
Автор 26 июн 2022, 16:20
- Seň mugt öwretmäň daşyňa adam üýşýänçädirle. Klientiň köpelensoň platna geçersiňle senem. )
Гость, her kim bir zat edip çorek pulusyny gazanmalyda agam))
Ötegçi
Автор 26 июн 2022, 16:22
Nirvana,
Bu döwürde üýtgeşik zat edäýmeseñ añsat ünsem pulam çekip bolanok arak
Ötegçi
Автор 26 июн 2022, 17:21
1 alana 1 mugt edeñde de kilent ýok şuña :D her kimiñki ozinden kop artýar oydýän karol
Öwreniji
26 июн 2022, 22:01
Ötegçi,
Öýke etme, bir wagtlar derwüşler geçip barýarka öwüt berýän eken, seňkäm şoňa meňzeş, mugt paýlaşma pulyny al
Ötegçi
Автор 27 июн 2022, 00:10
Remezan,
Berenjelerni aljakla wah:) hiç kim zat emlänokda gardaşym :D (beý diýsem, adymy torbaly gedaýa çykarmasalaram biridir)