Islenen korollygy barada söhbet...

Günüňiz haýyrly bolsun. Bir jigim bar näçe ýyl bäri Clash oýnaýar. Arada bir gyzykly gürrüň tapdy. Aýdyşyna görä, Amerika biziň ýurdumyza çozmaga gorkýamyşyn. Sebäbi bizde hemme ýaşlar, urşuň taktikasyny gowy bilýämişin (Doly düşünemok, şol oýunda başga ýurtlar bilen urşup, ýeňýälermi, nämemi). Olam bir ýerden eşidendirdä. Hakyky uruş bilen wirtual oýunyň tapawudyny seljermeýän bu pikirlere güljegimem, haýran galjagymam bilmedim. Ýöne olar şol wirtualy hakyky durmuşdan pes görenoklar. Geliň bizem şu saýty bir korollyk (ýa-da bir kiçiräk döwlet) diýip göz öňüne getireliň. Haýsy agza haýsy wezipäni ýerine ýetirerdi we näme üçin?

Abaddon - prezident, özüni şoň ýaly alyp barýar, kän bolgusyz zatlara goşulanok, gerekli wagty görünýär.

Nirvana - Daşary işler ministri. Diplomatiýany gowy ýerine ýetirýär.

Pegas - Içeri işler ministri. (käbir pikirleri bilen ylalaşmasamda) işini berk alyp barjagyny bilýän, (sebäbi özüne ýazylan hiç bir teswiri jogapsyz galdyrmaýar, şu häsiýetini halaýan).

Mümkin - Medeniýet ministri. Düşünjeli, her mesele barada özüniň şahsy pikiri bar, medeni gymmatlyklarymyza hormat goýýar.

Hemedany - Isleneniň müftisi. Dinimiz barada gaty köp zatlary bilýär.

Hiayress - Baş prokuror.

FanB - Sport ministri.

Dark Wolf - Ýaşlar syýasaty ministri.

Senýorita - Zenanlar birleşiginiň başlygy.

Esma - Ýazyjylar birleşiginiň başlygy.

Remezan - Halkara gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy.

Khanture - Ylymlar Akademiýasynyň başlygy.

Keap begcon - "Dinsiz durmuş" partiýasynyň başlygy.

Ahmedik97 - "Dik 97" hususy telekanalynyň hojaýyny.

Aksary - Isleneniň halk artisti.

Nairobi - "Şadyýan joralar" şousynyň alyp baryjysy.

Granger - "Germiona magic" hususy psihatriýa klinikasynyň eýesi.

Gost - Salgyt gullugynyň başlygy (Nalogam şadyýan bolsunda).

Soho - Pensiýa ätiýaçlandyryş guramasynyň başlygy (Pensionerlerem şadyýan bolaýsyn).

Baýker - Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy.

Bendtner - Informatsion gepleşikleriň alyp baryjysy, orator.

Siz bular barada näme pikirde, özüňiz kimi haýsy wezipede goýardyňyz?
9 лайков 829 просмотров
155комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 18:58
Ahow muň yaly zatda men general adyudant bolmala
Massimus
Автор 28 июн 2022, 19:00
Hemedany,
Sizi şu ýerde-de Gaýyp Begjanyň garşysyna goýandyryn
Pegas
28 июн 2022, 19:00
Hiayress - Baş prokuror

Hmmm, Baş prokuror Şiralyň fanady... Birhili eşidilýär. :D
Serdar
28 июн 2022, 19:01
Beýlekiler näme zad raýatlarmy?
Massimus
Автор 28 июн 2022, 19:01
Nairobi,
Ahow muň yaly zatda men general adyudant bolmala


Şu sözüň manysyna düşünip ýazdyňmy ýa agzyňa geldi goýberäýdiňmi :))
Pegas
28 июн 2022, 19:02
Esma - Ýazyjylar birleşiginiň başlygy

Şahyry zaýalamagyň iň birinji usuly - wezipe bermek. Beýtmäň munam. :)
Pegas
28 июн 2022, 19:03
Keap begcon - "Dinsiz durmuş" partiýasynyň başlygy.

Şuny Ylymlar akademiýasyna prezident etmeli gaýta.
Massimus
Автор 28 июн 2022, 19:03
Pegas,
Hiayress - Baş prokuror
Hmmm, Baş prokuror Şiralyň fanady... Birhili eşidilýär. :D


Muň tapýan soraglary baş prokuroryňam kellesine gelýän däldir :))
Pegas
28 июн 2022, 19:03
Khanture - Ylymlar Akademiýasynyň başlygy.

Muňa bir obserwatoriýa açyp bermeli we şoňa ýolbaşçylyk ediber diýmeli.
Senyorita.
28 июн 2022, 19:03
Bähh, gabat geläýşin-aý. Mekdepde-de klasdaşlarym aýtmyşlaýyn"Göwher başlyk"-dym :)).
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 19:04
Massimus,
koneşna dusunip yazdym ya-ha sen entek men tanaňok ya başga bir zat
Pegas
28 июн 2022, 19:04
Aksary - Isleneniň halk artisti.

Beýle wezipe ýok. Mukamlar köşgüne başlyk etseňiz bolar durar.
Massimus
Автор 28 июн 2022, 19:04
Pegas,
Nirvana - Daşary işler ministri. Diplomatiýany gowy ýerine ýetirýär.
Diplomat bolardan gowşak. Aglak. Gaýtam, Ýaşlar syýasaty ministrligini şuňa ynanmaly. :)

Daşary syýasatda aglamaly ýerlerem bolýar käwagt
Гость
28 июн 2022, 19:05
Gowy ýerde işleýän ekenimä ?
Гость
28 июн 2022, 19:05
Pegas Pegas on № 4Şu gün, 19:00
Hiayress - Baş prokuror
Hmmm, Baş prokuror Şiralyň fanady... Birhili eşidilýär. :D


))))
Pegas
28 июн 2022, 19:06
@Gumly gelin gelnejemizi medeniýet ministri etseňiz, janyňyz dyna:ýar. :)
Ötegçi
28 июн 2022, 19:06
Гость,
Menem yanyña işe alaweri agamjan:)
Massimus
Автор 28 июн 2022, 19:06
Pegas,
Sizem arkaýyn öz pikirleriňizi, dolulygyna ýazyp bilýäňiz
Massimus
Автор 28 июн 2022, 19:07
Ötegçi,
Sen ýatdan çykypsyň agam, izwini
Dañatar
28 июн 2022, 19:07
HANYYYYY MEEEEEEENNNNNN
Pegas
28 июн 2022, 19:08
@Ötegçi agzany Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy bellemeli)
Гость
28 июн 2022, 19:09
Ötegçi Ötegçi on № 20Şu gün, 19:06
Гость,
Menem yanyña işe alaweri agamjan:)


- Sähel galdygyň "agamjanda ,agamjanaýt" şularam
Massimus
Автор 28 июн 2022, 19:09
Agzalar, Sizem pikirleriňizi ýazyberiň, öz hökümetiňizi nähili göz öňüne getirýärsiňiz
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 19:10
men närazy ?
Pegas
28 июн 2022, 19:10
Гость
Ötegçi Ötegçi on № 20Şu gün, 19:06
Гость,
Menem yanyña işe alaweri agamjan:)


- Sähel galdygyň "agamjanda ,agamjanaýt" şularam

?
Hiayress
28 июн 2022, 19:11
Pegas
Hmmm, Baş prokuror Şiralyň fanady... Birhili eşidilýär. :D

Döwür üýtgedi dogan. :) Biz prokurar bolsak Şiraly halk şahyry bolmazmy?!
Massimus
Автор 28 июн 2022, 19:11
Seri,
Beýlekiler näme zad raýatlarmy?

Tanaýşyma göräräk ýazjak, ýatdan çykanlaram bar eken, yzyny Siz dowam edibermeli
Ötegçi
28 июн 2022, 19:11
Гость,
- Sähel galdygyň "agamjanda ,agamjanaýt" şularam

ýokhow agamjan men öñem sizi sylap başyma täç edinýadimä agamjan;))))
Ötegçi
28 июн 2022, 19:12
Massimus,
Hiçle. Mena özume gelşayjek kar tapmadym. Naloga Gost agamjanyñ yanyna geçeyin dp durun:) Pegasam bir zatlar diydi ýone:))
Гость
28 июн 2022, 19:13
Massimus,
Şunça dymjak boldum bolmady, özüň goýmadyň "pikirňizi aýdyň" diýip. Diňle indi!


Sen näme üçin prezidentlige mynasyp adamy ýönekeýje salgyt gullugynyň başlygy edip goýduň?!