Geliñ indi bolsa biraz sorag-jogap alyşaly...

Salam saýt agzalary. Agşamyñyz haýyrly bolsun. Arada 1-2 hepdelikde şahsy işler çykyp galanlygy sebäpli biraz aktiw bolup bilmedim indiden aktiw bolup gyzygyndan gyzykly mowzuklary size ýetirerin.
Geliň indi bolsa şu mowzuk barada pikir alyşaly:
- Ýewropada köplenç daşary ýurtlarda aýaly çaga dogranda äri aýalynyñ ýanynda gollawçy hökmünde ýanynda bolýar eken. Bizde bolsa başgaça ýagny aýalyñ ýanynda köplenç zenan ýakynlary bolýar. Indi bolsa mowzugyñ esasy ýerine gelsem bizde hem ýewropadaky ýaly edilse yada etseler nähili gararsyñyz?

Mowzukda hapa paýyş kommentarýalary ýazmagyňyzy haýyş edýärin! Diňe öz pikiriňiz...

#Perhadik
0 лайков 172 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
16 дек 2023, 00:59
,,Mowzukda hapa paýyş kommentarýalary ýazmagyňyzy haýyş edýärin! Diňe öz pikiriňiz...''

Bu haýyşyñ birhilirak damay.. ya yazyberelimi...?
noname
16 дек 2023, 01:04
Bizdede gadagan dal özüñ barsañ barybermeli... yöne mena geregi yokmyka diyan. Baranyñ bn yenil doguryan bolsa bolya welin
Uly Hojaýyn
16 дек 2023, 09:44
Howwa, bizde hem barylýar islege görä. Ýöne bu soragly tema birhili näme hakynda açjagyny bilmän açylan tema meňzeş, gaty görme welin...
Yusup
16 дек 2023, 12:09
Manada barjakmy diydiler. Edil shol wagt Chelsi bn Real Madrid oynayady pereryw wagty barypdym. Akusherka girjekmi yanyna diydi menem yok ozum pereryw wagty gaytdym oyunyn ikinji yaryna yetishmeli diyip 1 termos cayy eline tutdyrdymda ylgadym mashyna. Bolnitsa oy bn aralygy mashynda gidip gelende 5 minut. Garaz raddoma chykyanchan chayy berinchan 5 minut gidya. Pereryw bolsa 15 minut. Oyuny gorup bolup yerime gecjek bolup yatjak wagtym Ginekolog ayal jan etdi bushluk diyip. Tazeden gitdim. Yone dogandan son girdim. Akusher gen galypdyr shonda illera heleyinin yanyna girjek diyip urushsa bu futbol bar diyip gitdi diyip
Yusup
16 дек 2023, 12:11
Erkegin gerek yeri yok onun yerine gayyn enesi eger ol bolmadyk yagdayynda eltisi. Olam bolmadyk yagdayynda jorasy ejesi bolar. Baldyzy hokman dal sebabi baldyz bn gelin tak asuda gun onshanoklar otayda gelne goldow bolman gelnin sussuny basaymasa
Gunay
16 дек 2023, 12:35
Anil Kapur,
Bir zenan bilen günäsiz çagaň jany hakynda gürrüň gidip dur welin,haýp siziň düşünjäňize.Allaň size beren amanady şol iki janyň ikisem.
Gunay
16 дек 2023, 12:42
Mowzuga gelsek ýoldaşyň ýanyňda bolmasa gowy bolaýmasa(beýle diýsem Anil ýaly öýüňizde oturmaň oglanlar gapyda duruň däri derman geregi bor,dogup bilmese operasiýa etmeli bolduk diýip razyçylyk sorarlar adamçylyk gerek).A tak ozalam praktikasy bar aýal maşgala hökman gerek.
Uly Hojaýyn
16 дек 2023, 18:53
Anil Kapur
Manada barjakmy diydiler. Edil shol wagt Chelsi bn Real Madrid oynayady pereryw wagty barypdym. Akusherka girjekmi yanyna diydi menem yok ozum pereryw wagty gaytdym oyunyn ikinji yaryna yetishmeli diyip 1 termos cayy eline tutdyrdymda ylgadym mashyna. Bolnitsa oy bn aralygy mashynda gidip gelende 5 minut. Garaz raddoma chykyanchan chayy berinchan 5 minut gidya. Pereryw bolsa 15 minut. Oyuny gorup bolup yerime gecjek bolup yatjak wagtym Ginekolog ayal jan etdi bushluk diyip. Tazeden gitdim. Yone dogandan son girdim. Akusher gen galypdyr shonda illera heleyinin yanyna girjek diyip urushsa bu futbol bar diyip gitdi diyip

Sen nämüçin bespantowyý zatlar ýazýaň!? Ýa derejemi bu saňa?