@Ependi
Salam @Ependi. Siz arada şeýle teswir ýazan ekeniňiz:
Ependi off № 77 июля 2022 19:10
Ogulsenem Taňňyyewanyň "Solan Solmaz" diýen bir hekaýasy bardy, powest bolmagam ahmal. Şol eserini indi tapamok. Öň Ýürekdeşde bir agza onuň entek okalmadyk eserlerini goýardy. Bilemok, garymdaşy, ýakynlary bolada ahmal. "Solan Solmaz" diýen eserde Solmaz atly bir okuwçy gyz hakynda gidýär. Gyzyň kakasy agzy aja degeni üçin, ejesi işe gidende gyzyny goňşy-golama ugradyp pul sorap gel diýip gorkuzýan. Ejesine aýtmaga gorkan gyz her gün pul dilemäge gidýär. Aý ýaly owadan gyza nebsi agyryp pul berip goýberýäler. Bir günem bir baý goňşusyna pul dilemäge barýar. Baý adam ol gyzy aldap öýüne salýar. Soňam namysyna degýär. Gyz näçe aglasada hiç. Ol adam Solmaza 100$ berip goýberýär. "Puluň gutarsa ýene geläý" diýär. Gyz görgüli kakasynyň gazabyndan dynsa kaýyl, şol puluň ujundan günelik çekerligini kakasyna alyp berýär. Ejesine hiçzat aýtmaýar. Ahyry, ol pulam gutarýar. Kakasy ýene arlap başlanda, ol gyz,ýene şol gurply adamyň öýüne barýar. Ol adam işini bitirensoň ýene oňa 100$ berýär. Şonda, başga bir erkegem bulary görýär. Olam gyzyň yzyna düşüp başlaýar. Umuman yzy kän, gysgaldyp aýdanymda ýaňky Solmaz diýen okuwçy gyz doly bozulýar. Köçä çykyp islän maşynyna münýär. Gijelerine kaşaň-kaşaň myhmanhalarda daşary ýurtlulaň elinde bolýar. Ähli düşen pulam kakasyna getirýär. Şoň diňe gazabyndan gorkýar. "Öldürerin" diýip gorkuzýar ol gyzyny mydama. Şeýlelikde, ol gyza erbet kesel ýokuşýar
Bu eseri bilýän ähli saýtlardan gözläp çykdym, ýok eken. Talyplarda şol eseri okanlaryň gürrüňdeşligi bar eken. Gynansak-da talyplaram bu wagt ýapyk. Eseriň mazmuny gowy eken...
Şonda, ilkinji namysyna degen baýyň oglam gyzyň klasdaşydy. Ol Solmazy şeýle gowy görýän eken, emma çekinip söz aýdyp bilmän ýören. Gyzyň birwagt darganyndan aslada habary ýok. Bir günem pete-pet gabatlaşýarlar. Şonda oglan, gyza ýüregini aýdýar, gyzam arkaýyn kabul edýär. Şol ýerde hem ol gyz, oglany toruna salyp ýatym-turum edýär. Gyz şonda "eger kakaňdan günde pul ogurlap getirseň, gündelik şeýeris" diýär. Entek bu zatlardan gögele oglan derrew razylaşýar. Şeýlelikde, bulaň günelik içgin söýgi başlaýar. Gyza ýokaşan erbet keselem ahyry ony bolnisada ýatmagy bilen soňlanýar. Gyzy barlan doktorlar, onuň ejesine diagnozy aýdanlarynda ol özünden gidýär. Gyzynyň beýle zatlara çolaşyp ýöreninden asla habarsyz bolsa nätjek. Çünki, Solmazyň ejesi, irden işe gidip agşam öýüne dolanyp gelýärdi. Maşgalany eklejek bolup, gyzyňam entek kiçi jigileri bardy. Kakadan derek ýok, gaýtam azar diňe. Gyz şonda ejesine hemme zady gürrüň berýär. Kakasynyň gazabyndan gorkup şeýle işlere baş goşanyny. Gyz iň soňky deminde, şol ilki namysyna degen adamy ýanyna, bolnisa çagyrýar. "Menlik näme aladasy barka, meni satdymyka bu, indem pul sorajakdyr" diýip, bolnisa gelýär. Şonda ol gyzyň ýeke özi eken. Gyz ol gurply adama garap şeýle diýýär: "keselim agyr eken, maňa uzak ýaşamaz diýdiler doktorlar, muny olaň pyşyrdysyndan eşitdim. Ýöne, saňa haýyşym, soňky keselli wagtym ogluňyz bilen kän ýakynlyk edipdirin. Oňada indi geçdimikä? Haýyş edýän, onuň janyny halas ediň" diýýär. Bu sözleri eşidip baýyň ýüregi agzyndan çykara gelip eňýär öýüne tarap. Solmaz gyz birki günden soň ýogalýar. Gyzy iň soňky ýoluna alyp ýöräp ugranlarynda, şol gurply adam erbet ses edip aglaýar. Hemmeler muňa geň galýar. "Aý, ýaş gyza nebsi agyrandyr" diýip, ýene herkim oňa üns bermeýär. Ýöne, şol eseriň iň soňunda şeýleräk sözler bardy: "Bu gün goňşusynyň işiginde tabyt göterilen bolsa, indiki onuň öz işigidi" Umuman, gaty gyzykly eser, döwre görä ýazylan. Agzy aja degenleň döwri bolan waka. Eseriň soňunda şeýle ýazylan: "Ýazgylar, bolan wakalar esasynda ýazyldy" diýlip. Ýokarky eserem şoňa meňzeşräk manysy, görkezeniňi görersiň diýleni.
"Çagalygymyň sezasy" eserem gaty gynançly eken, redaksiýada işleýän Nunna janyň (ady ýadymda ýok) şeý diýip gaýtmasy, soňra edarada ýygnagyň başlanmagy... Selbinýaz gelnejäň başyndan geçirenleri, soňra Nunna jana hat ýazmagy... Gaty gynançly... Seň aýdan bu eseriňi hiç ýerden tapmadym, tapan wagtyň özüň paýlaşaýmasaň...
Ependi off № 97 июля 2022 19:12
Şol eseri tapsaňyz goýuň, durmuşy eser.
Hökmany suratda goýaryn, ýogsa-da, sizde haýdy eserleri bar?! Mende [b]Saýlanan eserler /b] atly kitaby bar birem zametgamda şular bar eken:
Häzir skrinşotyny paýlaşjak

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.