Geliň tanyşalyň?! Hakyky miss Miss Minnosh bilen...
Salam, islenenler! @Mümkin agza bilen başlanan, dünýäniň iň global soraglaryny özünde jemleýän Siziň söýgüli gepleşigiňiz dowam edýär. Bu gepleşigiňem meniň saýtdaky karýeram ýaly özboluşlyja taryhy bar. Oňa gatnaşan käbir agzalar häzirem aramyzda agzybir ýaşap ýör. Ýöne käbir agzalar (@Гость bilen @Ahmedik97. Geliň şular üçin bir minutlyk dymyşlyk yglan edeliň) eýýam geçmişe öwrülip aramyzdan biwagt gitdiler. Ine bu günem saýtymyzyň a:dam Miss, özem Miss agzasy, Top-10 reýtingiň ýeketäk lideri, iň görnükli agzalarymyzyň biri hormatly Miss Minnosh bilen ýatda galyjy söhbetdeşlik gurnamaga synanyşarys. Söhbetdeşligi "Massimus production" köçede hiç kime göwni ýetmän, çuwaklar ýaly çişip ýöräp, öýüne gelibem aýalyna aýtdyrmany öýüň hemme işlerini birkemsiz ýerine ýetirýän "krutoý" maçolary hasaba alyş agentligi gurnar.
Mikrofonyňyzy gowuja dakynyň, sesiňiz gowy eşidiler ýaly.
-1,1,1. Rasss, rassss, rasss. Eşidilýämi Minnosh?
-Howwa, sesiňiz gaty ýakymly eken Massimus! -Bolly suwjaryşmaly, öňem bir näbelli gyza hat ýazdyň diýip bir daýza asyllysyrap, adamsyny hormatlaýansyrap, hakyky türkmen zenanynyň keşbine girip maslahat baryny beren bolupdy. Şu ýigrenýänim akyl satýanlarda.
-Ok, başlaly onda.
-Start...
Islemeýän soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz!
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. "Minnosh" sözüniň manysy?
3. Göz öňüne getiriň, ýura eýýamynda ýaşaýaňyz, haýsy dinozawr bilen selfie düşerdiňiz?
4. Saýtdan giden agzalara soňky sözüňiz?
5. Miss Minnosh "dünýä gözeli" ("Miss world) bolmak üçin näme etmeli?
a). ýüzüni operasiýa etdirmeli.
b). propiskany çalyşmaly.
ç). täzeden dogulmaly.
d). şol ýaryşa gatnaşsa ýeterlik.
e). islendik başga jogap.
6. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
7. Söýmek ýakymlymy ýa söýülmek?
8. Erkekler zenanlara görä has mähriban bolýar diýip hasaplaýaryn, Siz bu barada nähili pikirde?
9. Agzalara aýtjak ýürek sözleriňiz?
10. Minnosh üçin iň gowy baýramçylyk haýsy? Näme üçin?
11. Ýolda haýsydyr bir gyzy görüp: "Bu nejis mendenem owadan eken-aý" diýip pikir edip gördüňizmi?
12. Haýsy aýdymçyň ýerinde bolup haýsy aýdymy aýtmagy arzuw edipdiňiz?
13. Durmuşdaky şygaryňyz?
14. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik, durmuş ýoluňyzam rowan, aýdyň, şowlulyklardan doly bolsun!
15. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!

52комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.