Güýçli we üstünlikli ynsan bolmagy isleýärsiňizmi?!
1. Gorkydan gaçmaň!
Gorkyňyzy seljermegi başaryň we oňa ýönekeý bir duýgylaryňyzyň biri hökmünde serediň. Özüňizdäki gorkyny gözden salmaň, we onda ýeňilmäň. Bu hadysany edil bir kinofilm ýa-da eseriň sužeti ýaly kabul edip bilseňiz ähli zat ýuwaşlyk bilen özgerip başlaýar.
Geçmiş bilen ýaşamaň!
Unutmaň, hemme zady täzeden başlamak üçin hiç wagt giç däldir. Geçmişiňizden galan agyr ýük bolan şowsuzlyklaryňyzyň ýatlamasy bilen ýaşamaň. Durmuşyňyzyň iň möhüm pursaty şu gündir, ony bagt we guwanç, üstünlik düşünjeleri bilen doldurmagyňyz üçin mümkinçilik diňe şu gün berilýändir!
3. Öz-özüňize gynanmaň!
Öz-özüňize gynanmak ýaly adatyňyzdan bütinleý ýüz öwüriň! Bu güýjiňizi biderek harç etdigiňiz bolar. Özüňize nebsiagyryjy nazar bilen seretmäň, arman we öýke duýgylar beýik daga dyrmaşmagyňyza böwet bolar. Bu bolsa ynsana ruhy täsir etmek bilen çäklenmän, saglyk ýagdaýyňyza hem uly zyýan ýetirip biler.
4. Näme bolsada bagyşlaň!
Bagyşlap bilmek häsiýeti ynsany bezeýän iň ajaýyp häsiýetleriň biridir. Geçmiş pursatlary, sizi gynanmaga mejbur eden ynsanlary, durmuşyňyzdaky şowsuzlyklary, adalatsyz ýagdaýlary, gurbanlyklary, ahmyrlary bularyň ählisini diňeje kalbyňyzyň düýp düýbindäki bagyşlamak usuly bilen daşyna çykarmagyňyz mümkin!
Hemme zat gowylygadyr.
Durmuşy hiç haçan adalatsyz, azaply düşünje bilen taryplamaň. Ömrüňiziň dowamynda her bir kynçylyk ýene-de güýçli we parasatly bolmagyňyz üçin sapak alar ýaly dersdir. Durmuşymyzdaky biz halamaýan erbet adam, size kiçijik bolsa-da sapak bermek üçin garşymyzda peýa bolandyr. Şonuň üçin, bir zat hakda pikirleneniňizde onuň diňe gowy taraplaryny görmäge çalyşyň!
Başgalara kömek ediň!
Heý bir wagt üns berip gördiňizmi! Özgelere kömek edip el uzadanymyzda ýüregimizde özümiziň hem düşünip bilmejek üýtgeşik bir duýgy peýda bolýar. Şol pursatdan başlap özüňizi öňkiden has bagtlyrak, güýçli we şadyýan duýýarsyňyz. Bu siziň paýlaşan bagtyňyzyň hakyky sylagydyr!
Duýdansyz urgylara ýeňilmäň!
Durmuşyňyzda nähili ýagdaýda bolanda-da, başyňyzy hemişe belent tutup, özüňize ynamly ýöremegi adat ediniň. Duýdansyz urgulardan ýeňilmek güýçli hemem üstünlikli ynsanlara mahsus häsiýet däldir. Unutmaň durmuşyňyzdaky hakyky üstünlik – bu üstünlige ýetmek ýolunda kemala gelen ynam we yhlasyň güýji hasaplanýar.
Gunça ORAZOWA, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.