Wikipediamyzy ösdüreliň(haýyş soňuna çenli okaň we teswir ýazyň
Wikipedia
Salam Garaşsyz baky Bitarap watanymyzyň eziz Türkmenistan ýurdumyzyň erkana raýatlary !
Hormatly watandaşlarym ! Bu gün men size hemmämize şol sanda Türkmenistan ýurdumyzyň ösmegine bähbitli boljak bir zady teklip edýärin. Elbetde siz eýýäm aňan bolsaňyz gerek meniň size teklip etjek zadym eziz Türkmenistan ýurdumyzyň wikipediasyny ösdürmek .
Döwür tehnologiýa döwri.Indi biz sanly ulgam arkaly bir näçe hyzmatlardan peýdalanýarys . Ýöne gynansakda köplenç bolgusyz zatlara wagtymyzy we nagtymyzy sarp edýäris .Oňa derek azajygam bolsa watanmyzyň ösmegine öz şahsy goşandymyzy goşalyň . Ýagny wikipediamyzy ösdüreliň.
Wikipedia nähili maglumatlar ýazyp bolar
Iň esasy Türkmenistan watanymyz onuň welaýatlary etraplary barada has giňişleýin maglumat ýazsaňyz sizden hoşal bolardym . We başgada taryhy şahsyýetlerimiz, alymlarymyz,şahyrlarymyz ,serdarlarymyz ,daşary ýurtly şahsyýetler barada we häzirki döwürde ýaşap ýören adamlar barada hatda özümiz barada hem maglumat ýazyp bileris .
Wikipedia goşgy , hekaýa, bolan waka ýaly zatlar ýazyp bolmaýar. Oňa derek gysga we derwaýys maglumatlar ýazmaly.
Wikipedia nädip maglumat ýazmaly?
Onuň üçin https://tk.m.wikipedia.org girmeli we agza bolmaly . Howatyrlanmaň wikipedia agza bolmak kyn däl .Edil şu we beýleki saýtlara agza bolşyňyz ýaly wikipediada agza bolup bilersiňiz. Agza bolanymyzdan soň wikipedianyň "Baş sahypa"syndaky "Täze sahypa ýazyň" diýen ýere sahypanyň adyny (meselem : Magtymguly Pyragy ) ýazyp "Sahypa döret baslamy.Soňky çykan sahypadan maglumatlary ýazup ýokarky sag burçdaky gökje düwmä basmaly.Soňra "Döret"düwmesine basyp sahypa döretmeli.
Käbir belgiler
Wikipedia maglumat ýazanyňda peýdalanyp boljak käbir belgiler barada gysgaça ýazyp geçeýin .
Baglanşyk- [[...]] (haýsy söze baglanşyk berjek bolsaň şol sözüň iki tarapyna şu belgi goýulýar . Meselem [[Magtymguly Pyragy]]
Gara hat - '''...''' (haýsy sözi gara hat bilen ýazjak bolsaň şol sözüň başynda we soňunda üç sany şu belgi goýulýar . Meselem '''Magtymguly Pyragy''')
Aýratyn sözbaşy ==...== (haýsy ýerde aýratyn sözbaşy döretjek bolsaň sözbaşyny täze setirden ýazyp onuň öňüne we soňunda iki sany deňdir goýulýar)
Eger wikipedia maglumat ýazyp bilmeseňiz ýazjak maglumatlaryňyzy gerceknazar96@gmail.com elektron poçtama ugradyň özüm wikipedia goýup bereýin .
Şu mowzygy başga ýerlerde-de paýlaşsaňyz sizden örän hoşal bolardym .
Üns bilen okanyňyz üçin sag boluň .
Ýazan: Gerçeknazar Amannazarow , Türkmenistanyň raýaty ?

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.