???⛵?

Öýüñ-maşgalañ gadryny olardan daşda bolamda has gowy bildim. Näçe işläp ýadasañam maşgalañ hakda gyzyklyja geçmişiñi ýatlamak, süýjiden süýji arzuw hyýallar ýüwürtmek ýadawlygñy, gaharyñy, käte içi jugurdysyny unutdyrýar. 3 hepde wirtual durmuş bilen aramy kesdim. Bir gezegem internet, wifili ýerde wifi açmadym. Ýadap öýe gelip, iýip-içip, suwa düşüp ýerime geçemde käbir alan kitaplarmy dowam etmäge çalyşdym. Bolmady. 3 hepde de 75 sahypa. Kitap 52 gyzyk bolanda da, adam bedeniniñem belli bir derejede çydamlylygy bar. Guje alýan 3-4 sagatlyk uky hem uzak günki iş bilen kyn bolýar. Käte lapykeç bolýan: "Ömrümi hysyrdap geçirmelimi?! Haçana çenli?!. Jigiñe etdiñ, çagaña etdiñ, olara arkaýyn okamaga şert döretdiñ diýeli, olañ öz dünýäsi, öz arzuw hyýallary bar. Señ bolsa başgarak dünýäñ bar. Eýsem señ edesiñ gelen zatlary bular edermi, öziñi aldamak gerek däl, ýene Ýere näçe kişi gelip-geçende de señ ömrüñi, señ arzuwlarñy gaýtalan 1je kişem bolmaz..." we.s.m...

Garaz şeýleräk, dostlar. Sizi unudamok.  Kate gelesim gelyar. Heriñiziñ özüñize mahsus häsýetjiklerñizi ýatlaýan. Ýazsam ýazyp oturmaly, ýone biraz ýadaw. Birzatlar ýazasym gelip, birine derdinesim gelip(hem siz bn gurriñ edesim gelip) ýazanlam boldy. Salamat geziñ!

@Ötegçi
5 лайков 191 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Haydar
28 авг 2022, 23:46
Indi ötüp gidiberjekmi cilimkesh
Ötegçi
Автор 29 авг 2022, 07:00
Haydarofff, elimiñ degdiginden gelip durasym gelyar. Gormeli dä...
Ötegçi
Автор 29 авг 2022, 07:00
Barde goýulýanlaram okasym gelyar wln, elim degenokda..
Kleopatra
29 авг 2022, 12:25
Öläga,patdyllap-putdullap garagyň aksyn