Hakerlerden öz işiňi nähili goramaly?
Kiber jenaýatçylaryň biznese aralaşmak üçin ulanyp biljek dürli görnüşli hüjümleri bolýar. Hat-da bu blogy okaýan wagtyňyz, dünýä torunda millionlarça hüjümler bolup dur we hakerler kompýuter wiruslarynyň täze görnüşlerini döredýärler.
Internete birikdirilen islendik kompýuteriň ýa-da telefonyň hüjüm edilmegi ähtimal, eger-de siziň dolanyşygyňyzda millionlarça pul serişdeleri bar bolsa, bu ähtimallyk ýokarlanýar. Bu gün dünýäde internet adamlaryň gündelik durmuşyna doly ornaşandygy sebäpli erbet niýetli hüjümlerden biznesiňizi we brendiňizi goramaklyk zerurlygy ýüze çykýar, muňa sowuk-sala garamaklyk bolsa howply bolup biler.
Zyýanly programma üpjünçiligi - kompýutere ýa-da telefona göze görünmezden ýokuşyp, olaryň üsti bilen ähli edýän hereketleriňizi yzarlaýarlar we maliýe maglumatlaryňyzy hem-de parollaryňyzy alýarlar. Olar dürli wirus görnüşinde bolýar - troýanlar, klawiatura içalysy we içaly programmalar. Zyýanly programma üpjünçiligi, esasan, internetden ýüklenýän nätanyş priloženiýalar arkaly aralaşýar. Eger şübhe duýýan bolsaňyz nätanyş programmalary enjamlaryňyza ýüklemäň ýa-da şübheli görünýän ssylkalara basmaň.
Fişing - sizde ynam döretmek we şahsy maglumatlaryňyzy almak maksady bilen kiber jenaýatçylar maliýe guramalarynyň ýa-da kompaniýalaryň wekilleri hökmünde hatlar (spam) ýa-da SMS habarlary iberýärler. Beýle hatlar sizde şübhe döredýän bolsa, elektron poçtaňyza gelýän gönükdiriji baglanyşyklara basmazlyk.
Skimming - bu usul köp ýurtda giňden ýaýrandyr. Bank kartoçkalarynyň belgilerini ogurlamak üçin kiber jenaýatçylar bankomat skimmerini ulanýarlar – bu kartoçkalaryň belgilerini we kodlaryny göçürýän ýörite okyýjy enjam. Şeýle hem, töleg terminallaryň şeklinde bolup bilerler.
Siziň adyňyzdan elektron poçta ýazgylary - hakerler siziň adyňyzdan elektron poçtaňyzyň salgysy üýtgändigi barada banklara ýazgy ugradyp töleg resminamalaryňyzy özlerine alyp bilerler. Ýa-da size gelmeli tölegleri öz bank hasaplaryna düşürtmek üçin öz bank salgylaryny goýup hyzmatdaşlaryňyza hat iberip bilerler.
Biznesiňizi kiber jenaýatçylardan nädip goramaly:
- howpsuzlyk üçin elmydama çylşyrymly we üýtgeşik parollary ulanmaly.
- şahsy we bank maglumatlary köpçülik bolup ulanylýan telefonlarda we kompýuterlerde saklamazlyk.
- size gelýän hatlardaky nätanyş ugrukdyryjylara we habarlara basmazlyk.
- internet poçta gelýän siziň talap etmedik telefon belgileriňize jaň etmezlik.
- enjamyňyzy köpçülik ýerlerde gözegçiliksiz goýmazlyk. Telefonyňyzy ýa-da kompýuteriňizi goýanyňyzda ulgamdan çykyp goýmak.
- kart belgiñiz, PIN-koduňyz, CVC kart koduňyz ýa-da parollaryňyz soralsa hüşgär bolmak.
- iberijileriň sahypasynyň salgysyny we elektron-poçtasynyň salgysyny basmazdan ozal atlaryny üns bilen okamaklyk. Aldamak islemeýändiklerine göz ýetirmeklik.
- köp orfografiki ýa-da grammatiki ýalňyşlygy bolan hatlarda kezzaplygyň alamatlary görnüp bilner. Sebäbi hakyky banklar ýa-da kompaniýalar elmydama özlerini sowatly görkezmäge we sözlemleri dogry we dürs ýazmaga synanyşýarlar.
- eger özlerini maliýe edaralarynyň wekilleri bolup görnüp, gyssap howsala salyp, sizden şahsy maglumatlaryňyzy, bank salgylaryňyzy isleýän bolsalar derhal karar bermäň, özüňizi arkaýyn we pikirlenip alyp baryň.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.