söýüñ meni

Söýüñ meni, ýürk söýgi küýseýä,
Şeýle bir küýseýär, ýok çaky-çeni.

Gurbannazar Ezizow
1 лайков 252 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
kesirkelle
Автор 30 дек 2022, 18:14
Meni söýmekligiñ çykdajysy ýok,
Bar zatdan, bar zatdan geçip söýmeli.

Seýitmyrat Geldiýew
kesirkelle
Автор 30 дек 2022, 18:14
Goýun bilen guzyň ýatyşyn gördüm,
Şeýdipjik ýatardyk enem ikimiz.

Italmaz Akmyradow.
kesirkelle
Автор 30 дек 2022, 18:16
Otuz ýedi ýyllyk azabym ýatyr,
Armanly-biarman öten ömrümde.
Arzuwlarym otyr, azarym ýatyr
Hyrçyn dişlän, dilin çeýnän göwnümde.
Seýitmyrat Geldiýew
kesirkelle
Автор 30 дек 2022, 18:17
Asman giňişligi zerurdy maňa
Hem onuň erkana ýüzýän buludy.
Uçup gitmekçidim çemini tapyp,
Ýaş oglandym, arzuwlarym uludy...

Çary Ýegenmyradow
kesirkelle
Автор 30 дек 2022, 18:34
Belki, sen heniz hem ovadan gyzsyň, 
Goja görünmäge utanýan saňa.

Italmaz Akmyrat
kesirkelle
Автор 30 дек 2022, 18:38
Sähratap kalbymy göge uçuryp,
Şygryýete orun berip törümden.
Indem senden alyslarda, uzakda,
Özbaşyma goşgy ýazyp ýörün men.

Bir gün kalba salyp umyt-arzuwym,
Bararyn garaşman çagyraryňa...
Seň söýgi-mähirden gursagma salan
ýüregňi geçirdim çagalaryma.
Gocmyrat Orazberdiýew