Arzymy aýtmaga geldim.

Salam watandaşlar! Gün sypdyrmanjyk ýaşap ýörsüňizmi?! Gowumy ýagdaýlaryňyz?!

Arzymy aýtsam, IMO-daky açyk duran akkaundym programmany obnawleniýa edenimden soň pozulypdyr. Aslynda pozulmandyr, emma şol akkaunda täzeden girjek bolsam kod soraýar. Olam daşary ýurt nomerden açylandy. Indi ony yzyna gaýtaryp getirip bolmajakdygyna düşünýän we kaýyl bolýan.
IMO programma Wi-Fi bilen işleýärdi şu wagta çenli. Ýöne 1 hepdeden bäri diňe öz internediň (mobil danni) bilen işleýär. A muňa bolsa kaýyl bolup bolanok. Her gezek girip çykaňda ep-eslije mb gidýär. Pulam çydadyp bolanok.
Ýagdaýlara şeýle ildeşler. Heý muň çykalgasy, çäresi ýokmy-ka?!
4 лайков 539 просмотров
57комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bentner
22 янв 2023, 16:51
Turke gidip sho nomeriňden tazeden acay?!
kesirkelle
22 янв 2023, 17:19
Çäre şudur ki.... aý, gomalyp çäre aýdasym geldi wln, özlemmiziñem ýagdaýlammyz şundan gawy däl....
Işläñzokmy?! Iş ýerlerde de wifi bolagandyr özi.
#B.S
22 янв 2023, 17:21
Net bloker yaly ekenomiki programmalary ulanaýmasaň
Dowsypat
22 янв 2023, 17:41
1 hepdeden bäri mobil danniden girýänleriň ýagdaýyna düşünensiň.Domaşny çekmedik ýerlerine Wi-fi çekenok ekenler.
Dowsypat
22 янв 2023, 17:44
Ýagdaýlara şeýle ildeşler. Heý muň çykalgasy, çäresi ýokmy-ka?!

Çäresini tapsaň bizede "Guk" diý!
Telwas
Автор 22 янв 2023, 17:53
Bendtner
Turke gidip sho nomeriňden tazeden acay?!

Mümkin däl.
Telwas
Автор 22 янв 2023, 17:55
kesirkelle
Çäre şudur ki.... aý, gomalyp çäre aýdasym geldi wln, özlemmiziñem ýagdaýlammyz şundan gawy däl....
Işläñzokmy?! Iş ýerlerde de wifi bolagandyr özi.

Düşnükli. Wah Wi-Fi öýde-de bar. Aýdýana Wi-Fi bilen işlänok şol IMO.
Telwas
Автор 22 янв 2023, 17:58
Khanture
Net bloker yaly ekenomiki programmalary ulanaýmasaň

Iphone üçin niýetleneni bar bolsa doly we dogry adyny ýazsana Khanture, kyn görmeseň.
#B.S
22 янв 2023, 18:00
Nirvana,
Iphone bolsa giryan apstore yazyan net bloker. Cykarya yukleyan. Giryan. Dine girjek programmany meselem imony goyyanda galanlary bloklap cykyan. Shonda dine imon puly/yada megabayty gidya. Beyleki priloženiýalardan bolsa internede girip bolmaya...
Telwas
Автор 22 янв 2023, 18:00
Dowsypat.
1 hepdeden bäri mobil danniden girýänleriň ýagdaýyna düşünensiň.Domaşny çekmedik ýerlerine Wi-fi çekenok ekenler.

Hawa, @Belki we beýleki agzalara indi has gowy düşünýän.
Telwas
Автор 22 янв 2023, 18:00
Dowsypat.
Ýagdaýlara şeýle ildeşler. Heý muň çykalgasy, çäresi ýokmy-ka?!

Çäresini tapsaň bizede "Guk" diý!

Hökman.
Telwas
Автор 22 янв 2023, 18:03
Khanture
Nirvana,
Iphone bolsa giryan apstore yazyan net bloker. Cykarya yukleyan. Giryan. Dine girjek programmany meselem imony goyyanda galanlary bloklap cykyan. Shonda dine imon puly/yada megabayty gidya. Beyleki priloženiýalardan bolsa internede girip bolmaya...

Sagja bol ýigit, ömrüň bolsun!
Bentner
22 янв 2023, 18:05
Vyvod: Imo girmeli dal.
Dowsypat
22 янв 2023, 18:06
Khanture!Den Braunyň elektron kitaplary barmy sende?
Nazar
22 янв 2023, 18:12
Bendtnere gosulyan :)
Telwas
Автор 22 янв 2023, 18:18
Bendtner
Vyvod: Imo girmeli dal.

Olam bolar bir günden bir gün.
Imoda kursdaşlam, şu saýtdan käbir habarlaşýan agzalarym bardy.
Telwas
Автор 22 янв 2023, 18:18
Biriňem meň beren Salamymy almansyňyz, göziçykanlar.
Telwas
Автор 22 янв 2023, 18:26
Gelmän-gelmän gelen wagtym göresim (iň bolmanda nigini) gelýän agzalarym bar.

Arkaç aga bardy. Käwagtjyk Nury Meredowyň aýdymlaryny ýatladýardy. Özüniň käbir başdan geçirmelerini we dini temalarda pikirlerini beýan ederdi.

Özüniň gyzykly çopançylyk durmuşy we ýatlamalara baý başdan geçirmeleri bilen okamaga höweslendirýän Baýker aga bardy.

Esma we Gumly gelin uýamam bardy süýjije goşgulary bilen.

Garaz bardylar ençemesi, indi olaram ýat bolup barýar.
Janyňyz sag bolsa, mümkinçiligiňiz bolan wagty görünip, ýazyp duruň bir zatlar.

Bir wagtkylar ýaly gyzykly söhbetdeşlikleri, pikir alşyp-berişmeleri küýsedi göwnüm.
Öwreniji
22 янв 2023, 18:28
Salam, Nirvana hanym! Imonyñ haýsy görnüşi mende-de şol ýagdaý boldy emma apk priloźenýa ulanýadym. Imonyñ üç görnüşini aldym könesi (başda çykany) işledi.
Telwas
Автор 22 янв 2023, 18:31
Remezan
Salam, Nirvana hanym! Imonyñ haýsy görnüşi mende-de şol ýagdaý boldy emma apk priloźenýa ulanýadym. Imonyñ üç görnüşini aldym könesi (başda çykany) işledi.

Remezan aga gowumy? Mende App store-da imoň ýekeje görnüşi çykýar. Şondan başga imo skaçat edip bolanok.
Borla, oňaýaryn. Başga çäresi barmyka diýip gyzyklanaýyn diýdim.
Telwas
Автор 22 янв 2023, 18:34
Neme, şu wagt açylan bloglary okaşdyrdym welin, “Poeziýa agşamy” ady bilen konferensiýa geçiripsiňiz. Bize çakylyk ýokmy? :)
Goşga suwsap giden göwündir biziňkem. Indi gurnan wagtyňyz bizem habardar edeweriň.
Mümkinçiligiňiz bar bolsa şu gün gurnasaňyz menem diňlärdim.
Daşary ýurtda wagtymam gyzyklanma bildirýärdim şeýle konferensiýalara.
Kerbaba
22 янв 2023, 18:39
Салам. бир варианты бар. Ойден вф бн чыкмак учин боляр. Бир интернет уланмаян танышынызын номерни алмалы. Оз телефонынэа гоюп плайМ-дан имоны скачайть эдип алмалы, шо номери регистрлемели. Ачылансон номери эесине гайтарып бермели. Ойде вф да уланыбермели. Вф бар болса тф номер хокман дал экен. Ине шу вагт мен тф номерми айрып язып отырын шуны. Имода ишлап дур. Йоне мобилный данностда боланок. Только ойде вф чатылгы ягдайда боляр. Барлап горун!
#B.S
22 янв 2023, 18:53
Dowsypat.,
Болмалы оза
Dowsypat
22 янв 2023, 19:56
Болмалы оза

Bolanlary gerekdi.
Venus
22 янв 2023, 19:57
Salam. Edil Iphone bilemedim. Samsungda köne wersiýalar gowy işleýä diýýäler. Özümä iň soňky wersiýa ulanýan. Telefon alanymdan bäri wifi ýok şu wagt çenli. Mobil danna öwrenişibem gitdim dogrysy) Imoda, insta, opshy hemmesäm mobilden)
Venus
22 янв 2023, 19:59
Gumly gelin uýamam bardy


Dostluk bilen Kitapçyda görünýäler )
Kerbaba
22 янв 2023, 20:12
Venus23,
нахили тф алдыныз?
Venus
22 янв 2023, 20:58
kwadrat kelle,
Öň diňe 15manatlyk açýadym. Indi 200manatlyk 20Gb)
#B.S
22 янв 2023, 21:07
Dowsypat.,
Nadip ugratmaly
kesirkelle
22 янв 2023, 21:08
Venus23, 20 GB bir aýyña ýetýämi?!.