Siziň pikiriňizçe?
Ilki bilen ähliňize ( köne we täze gelen) agzalara Salam, gowymysyňyz?
Köpden bäri şu kellämdäki pikirlerome henizem jogap tapyp bilmedim.
Geçen ýyl kursdaşlarym bilen gezelenç etmek üçin Saglyk ýola gezelenje gitdik, aýlandyk, surada düşdik, garaz hezil etdik. Ondan çykyp Saglyk ýoluň primerno 50metr uzaklykda ýerleşýän tokaýlyga ( ýap-ýaşyl owadan baglyk ýerine) aýlandyk, soň gyzlaryň biri "Şo 2 dagyň ortasyndan ýöräp geçilýän ýoly" görüp, dawaýte şotaýygam aýlanaly diýdi, aý bizem razylaşyp uly owadan iki dagyň ortasyndan ýöräp gitdik, dagyň ýüzüne " Pylany seni söýýän", "Şutaýda plany bolupdy" diýen ýazgylary okap, owadan gülleri synlap,surada düşüp ýöräp barýardyk, emma birden ýöremegimizi birden bes etdik, näme üçin???
Sebäbi ýolyň aňyry ýüzüne geçmeli däl diýip 2 sany uzyn sary we gyzyl bilen örtülen lenta durdy ( lentaly znak), durdyk,pikirlendik,näme üçin geçmeli dälkä? Dagyň aňyrsy Eýran däl, biz diňeje iki dagyň arasynda durdyk welin birdenem DAGYŇ IÇINDÄKI GOWAGA GÖZÜM DÜŞDI..bähhhh..bu nämekä diýişdik..Birdenem gyzlaryň biri " Öň uruş döwründe şu taýy bir molla gaçyp gizlenen ekenmiş" diýdi, ýene birimiz " eli ýaragly biri gizlenýändir" diýdi, ýene birimiz "ýolbars " bardyr diýdi..hehehe ýolbars näme işlesinaý şo gowakda? ýene birimiz " biri şotaýy çykyp soňudanam ýykylyp ölendir" diýdi.
hawa ýöne köpiňiz " OL ÝÖNEJE BIR DAGDAKY GOWAKJAGAZ" diýmegiňizem ahmal, ýöne men şogowaga seretdigim saýy hamala içinde biri bar ýaly boldy..
Sebäbi otyryp pikirlenseň, "Näme üçin imenno,şu gowaga girmek gadagan diýip lenta bilen görkezilen??? " Dagda gowak känä, näme üçin olarda GIRMEK GADAGAN diýlen duýduryş ýok?
Aý şeýdip ýarym sagatlap çekeleşip durdyk, ýöne hijimiziňem şo taýy geçip görmäge aýagymyz ätmedi,bilmedim belkide GORKYDAN geçen däldiris?
Şeýdibem, yzymyza dolandyk..
Bu mowzygy ýazmagymyň sebäbi, belkide SIZIŇ ARAŇYZDA şo gowak hakynda bilýäniňiz bardyr, eşdeniňiz bardyr??
Teswiriňize garaşýan ( häzir suradyny goýjak)

22комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.