KÖMEK GEREK!

Hany, ýazýan-pozýanlar, bir haýyşy bitireliň-le: 7-nji klas okuwçylaryň arasynda bäsleşik geçýär mekdepde. Onsoň her klas özüne topar adyny saýlapdyr. “Çemen” diýen toparyň adyndan goşgy ýazmaly 14-15 bent. Ilki salamlaşyk bolmaly, toparyň ady taryp edilmeli hemem döwrümiz wasp edilmeli şol 15 bentde.
3 лайков 326 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
Автор 28 фев 2023, 20:06
Gerçeknazar, Venus, beýleki galamgärler, hany, gaýrat ediňsene.
Ahmet
28 фев 2023, 20:55
Pegas
Gerçeknazar, Venus, beýleki galamgärler, hany, gaýrat ediňsene.

Juma şahyr bitirer bu ýumuşy ))
Dowsypat
28 фев 2023, 20:55
Naman basleshigi?Beylede UFO-lar gelip yatyr.Sizin baslesik yadynyza dusyar.
Venus
28 фев 2023, 21:04
Gutlalyň hany el çarpyp,
Gatnaşýan topar - "Çemeni"
Sebäp bular başlamanka
Bu ýarşymyzyň ýeňeni))
Venus
28 фев 2023, 21:05
Pegas,
Döwür bilen aram gowy däl-ä agam)
#B.S
28 фев 2023, 21:05
Dowsypat.
Naman basleshigi?Beylede UFO-lar gelip yatyr.Sizin baslesik yadynyza dusyar.

???
Venus
28 фев 2023, 21:06
Şu salamlaşyk hemme ýerde bar öýtýän, eýýäm 1 hepdäň içinde şu 10-njy aýdylan boldy:) imoda gaty köp aýtýalar)
Venus
28 фев 2023, 21:10
Khanture,
Senem men yaly sesli güldüňmi)))
Gerceknazar
28 фев 2023, 21:13
Pegas
Gerçeknazar, Venus, beýleki galamgärler, hany, gaýrat ediňsene.

Bolýar galamdaş haçana ýetişmeli goşgy?
Pegas
Автор 28 фев 2023, 21:17
Gerceknazar, şu güne?
Gerceknazar
28 фев 2023, 21:18
Pegas
Gerceknazar, şu güne?

Aý blät ýetişmedim blogy şu wagt okadym.
Gerceknazar
28 фев 2023, 21:19
Pegas,
Ýerişmedim onda blogy şu wagt okap durşym.
Pegas
Автор 28 фев 2023, 21:20
Gerceknazar, 1-2 sagatda ýazylmazmyka bir zatlar...
Gerceknazar
28 фев 2023, 21:21
Pegas
Gerceknazar, 1-2 sagatda ýazylmazmyka bir zatlar...

Synanşyp göreýin.
Gerceknazar
28 фев 2023, 21:22
Pegas
Gerceknazar, 1-2 sagatda ýazylmazmyka bir zatlar...

Synanşyp göreýin.
Pegas
Автор 28 фев 2023, 21:24
Gerceknazar
Pegas
Gerceknazar, 1-2 sagatda ýazylmazmyka bir zatlar...

Synanşyp göreýin.

Gaýrat)
Gerceknazar
28 фев 2023, 21:30
Pegas,
"Çemen" topary barada maglumatlar beräýdä material tapamok.
Pegas
Автор 28 фев 2023, 21:34
Gerceknazar, şol 7-nji klas gyzlaň öz toparlaryna dakan ady ol)
Ejegyz.
28 фев 2023, 22:09
Pegas,
Sizem şahyra?)
Pegas
Автор 28 фев 2023, 22:11
Ejegyz
Pegas,
Sizem şahyra?)

Men 7 aý bäri zat ýazyp bilemok.
Gerceknazar
28 фев 2023, 22:43
Pegas,
"Çemen" (salamlaşyk goşgy)

@Pegas agzanyň haýyşy boýunça

Salam bilen başlaýyn
Sözümiziň başyny
Topardaş klasdaşlarym
Gurşap aldy daşymy

Toparmyzyň ady "Çemen"
Çemen bolup gül açarys
Ynanýarys özümize
Ähli synplardan geçeris

Agzybir joralam bilen
Döretdik agzybir topar
"Agyzybire Taňry biýrdir"
Zehinli biz , dile çeper

Geldik bu gün bäsleşige
Baş baýragy alarys biz
Sorag beriň , soraglaryň
Ählijesin bileris biz

Ylym-bilimli gyzlar biz
Okaýarys , öwrenýäris
Iň gowy syrdaşym kitap
Bilimli ýaşlar bolýarys

Mugallymlarym sag bolsun
Bize ylym-bilim berýär
Şatlygyma deňje şärik
Ýykalamda elin berýär

Türkmen dili -ene dilim
Öz dilimi söýýärin men
Türkmen taryhy tükenmez
Oňa hormat goýýaryn men

Edebiýat-eziz edebim
Hemme dersi öwrenýärin
Arkadagly Serdar bilen
Döwrebap bilim alýaryn

Arkadagly Serdar bilen
Eziz ýurdum öňe barýar
Gözel ülkäm berkarar
Bagtyýar biz bagtyýar

Ak mermerli binalarda
Ylym-bilim alýarys biz
Göýä bedew bady bilen
Diňe , öňe barýarys biz

Guwanýaryn, buýsanýaryn
Şeýle ajap zamanym bar
Okaýarys , öwrenýäris
Bilim doly kitabym bar

Ellerimde galam, depder
Gollarymda dürli kitap
Bolaryn ökde mugallym
Ençe-ençe kitap okap

Her gün bäşlik baha bilen
Ejemjany begendirjek
Kakamjanyň diýýenni edip
Şeýdip ylym-bilim aljak

Watanyma hyzmat etsem
Ýokdyr ýüregimden arman
Ýaşasyn Türkmenistanym
Ýaşa Arkadagly Serdar

Arkadagly Serdarymyz
Bize hasam giň ýol açýar
Röwşendir geljegimiz
Giň äleme şöhle saçýar

Biz bagtyýar bagtly ýaşlar
Barha aýdyňdyr ýolumyz
Alkyş Size
Şöhrat Size
Arkadagly Serdarymyz

Gerçeknazar Amannazarow
Retro
Retro
01 мар 2023, 02:12
Gerceknazar
Pegas
Gerçeknazar, Venus, beýleki galamgärler, hany, gaýrat ediňsene.

Bolýar galamdaş haçana ýetişmeli goşgy?

Haý blää ???????? blää ???
Retro
Retro
01 мар 2023, 03:43
Pegas,
Bet dialog gidipdirle :))