"Çemen"(salamlaşyk goşgy)

"Çemen" (salamlaşyk goşgy)

@Pegas agzanyň haýyşy boýunça

Salam bilen başlaýyn
Sözümiziň başyny
Topardaş klasdaşlarym
Gurşap aldy daşymy

Toparmyzyň ady "Çemen"
Çemen bolup gül açarys
Ynanýarys özümize
Ähli synplardan geçeris

Agzybir joralam bilen
Döretdik agzybir topar
"Agyzybire Taňry biýrdir"
Zehinli biz , dile çeper

Geldik bu gün bäsleşige
Baş baýragy alarys biz
Sorag beriň , soraglaryň
Ählijesin bileris biz

Ylym-bilimli gyzlar biz
Okaýarys , öwrenýäris
Iň gowy syrdaşym kitap
Bilimli ýaşlar bolýarys

Mugallymlarym sag bolsun
Bize ylym-bilim berýär
Şatlygyma deňje şärik
Ýykalamda elin berýär

Türkmen dili -ene dilim
Öz dilimi söýýärin men
Türkmen taryhy tükenmez
Oňa hormat goýýaryn men

Edebiýat-eziz edebim
Hemme dersi öwrenýärin
Arkadagly Serdar bilen
Döwrebap bilim alýaryn

Arkadagly Serdar bilen
Eziz ýurdum öňe barýar
Gözel ülkäm berkarar
Bagtyýar biz bagtyýar

Ak mermerli binalarda
Ylym-bilim alýarys biz
Göýä bedew bady bilen
Diňe , öňe barýarys biz

Guwanýaryn, buýsanýaryn
Şeýle ajap zamanym bar
Okaýarys , öwrenýäris
Bilim doly kitabym bar

Ellerimde galam, depder
Gollarymda dürli kitap
Bolaryn ökde mugallym
Ençe-ençe kitap okap

Her gün bäşlik baha bilen
Ejemjany begendirjek
Kakamjanyň diýýenni edip
Şeýdip ylym-bilim aljak

Watanyma hyzmat etsem
Ýokdyr ýüregimden arman
Ýaşasyn Türkmenistanym
Ýaşa Arkadagly Serdar

Arkadagly Serdarymyz
Bize hasam giň ýol açýar
Röwşendir geljegimiz
Giň äleme şöhle saçýar

Biz bagtyýar bagtly ýaşlar
Barha aýdyňdyr ýolumyz
Alkyş Size
Şöhrat Size
Arkadagly Serdarymyz

Gerçeknazar Amannazarow





9 лайков 11 002 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
Автор 28 фев 2023, 22:36
Bolşuna görä bir zatlara ýazan boldym Sapa aga . Galanlarynam özüň owadanlaşdyraý.
Venus
28 фев 2023, 23:08
Tüweleme)

Domkrada gowja eken))
Venus
28 фев 2023, 23:10
Ynha bu gün ýaryş güni,
Bizem yaryşmana geldik,
Iller gülden çemen bogsa,
Biz bilimden çemen bogduk

Bla bla bla...
.....
Ýaltanýan...
Gerceknazar
Автор 28 фев 2023, 23:11
Venus23
Ynha bu gün ýaryş güni,
Bizem yaryşmana geldik,
Iller gülden çemen bogsa,
Biz bilimden çemen bogduk

Bla bla bla...
.....
Ýaltanýan...

Berekella dowam et
Gerceknazar
Автор 28 фев 2023, 23:12
Venus23
Tüweleme)

Domkrada gowja eken))

Iller edýär menem etjek :)
Pegas
01 мар 2023, 00:02
Gerceknazar, köp sag bol.
Gerceknazar
Автор 01 мар 2023, 00:13
Pegas
Gerceknazar, köp sag bol.

Bolýar agam senem sag bol
Ahmet
01 мар 2023, 08:08
Venus23
Tüweleme)

Domkrada gowja eken))


Hiç ýerde domkrat bizde bar dosti )))
Ahmet
01 мар 2023, 08:08
Gerceknazar
Venus23
Tüweleme)

Domkrada gowja eken))

Iller edýär menem etjek :)

Döwür şeýle döwür )))
Jumamyrat
04 мар 2023, 15:32
daş bolupdyr
Madine
29 апр 2024, 21:53
gowy gosgy mena haladym