Harplyk goşgysy
Harplarlyk goşgysy
(Gülnar mugallymyň haýyşy boýunça)
A.
Atajan,Agajan,Aýna
Joralarym ,dostlam bary .
"Mama alma al"diýip
Aňsatjak öwrendim A-ny
B.
Baýram dosdym geldi bu gün
Diýdi "Dosdym ýör oýnaly"
"Baba,Baýram,Bahar"diýip
Bahymjak öwrendim B-ny
Ç.
Çagajyklar oýnaýarlar
Çemen,Çerkez,Çynar,Çary
Şolaryň adyny tutup
Çaltjak öwrendim Ç-ny
D.
Didar mugallym öwretdi
Ähli sany sanamany
"Dört,dokuz,togsan dört"diýip
Derrewjek öwrendim D-ny
E.
Ejemjanym ezizlänim
Janymdan eý görýän seni
"Ene kalba eýe"diýip
Eglenmän öwrendim E-ni
Ä.
Äýneklije aýazbaba
Geldi sowgat paýlamaga
Äşe "Äýnek äber"diýdi
Şonda öwrendim men Ä-ni
F.
Futbol oýnamaga gitdik
Üýşüp oýnaýas futboly
"Fanta , futbol , futzal"diýip
Bahymjak öwrendim F-ny
G.
Gerçek joşýar,goşgy goşýar
Gursagyma gelse göni
"Gerçek goşgy goşdy"diýip
Gaýtalap öwrendim G-ny
H.
Harplyk baýramynda bu gün
Sanaýas ähli harplary
"Hormatlasaň hormatlarlar "
Diýip öwrendim men H-ny
I.
Irden turýan,ýuwunýaryn
Ýygnaýan ýatýan ýerimi
Maşk edýärin,iýip-içýärin
Diýip öwrendim I-ni
J.
Jennet mekan Türkmenistan
Sensiň jigerimiň jany
"Jeren,Jemal joralarym "
Diýip öwrendim men J-ny
Ž.
Žirafany gördüňmi dost
Žurnalda gördüm men häli
"Žirafa hem žurnal"diýip
Aňsatjak öwrendim Ž-ny
K.
Kakamjany eý görýärin
Olam eý görýändir meni
"Kakamjanym kyblam "diýip
Derrewjek öwrendim K-ny
L.
Lukmanlarmyz-dermanlarmyz
Dertden halas edýär bizi
"Lukman gerek hökman "diýip
Öwrendim men L harpyny
M.
Mugallymlarym sag bolsun
Öwredýärler köp zatlary
Bu gün ýene mugallymdan
Öwrendim men M harpyny
N.
N harpynam öwretdi ol
Söýýärin mugallymjany
Ýene gaýtalap-gaýtalap
Öwrendim men N harpyny
Ň.
Bu harpdan başlaýan söz ýok
Onda-da gerek hökmany
"Gaňňa,töňňe,iňňe"diýip
Öwrendim men Ň harpyny
O.
Okaýarys , öwrenýäris
Söýýärin öz mekdebimi
Inhä bu gün şol mekdepde
Öwrendim men O harpyny
Ö.
Öwrenýärin men kän zady
Öwredýär mollymyň özi
Özleşdirip sapaklary
Özümem öwrendim Ö-ni
P.
Pajarlaýar pudagymyz
Pugta Arkadag permany
"Perman , Pena,Pälwan "diýip
Öwrendim men P harpyny
R.
Rahym,Rahman,Resul,Roza
R harpyndan gelýär bary
Rüstem , Röwşen , radio diýip
Ahyry öwrendim R-y
S.
Sylaýany sylaýaryn
Söýýärin men söýýänleri
Ejemjanym söýýän seni
Diýip öwrendim men S-ny
Ş.
Arkadagly Serdaryma
Aýdýarys biz şöhrat-şany
"Şygyr,şöhrat hem şan"diýip
Derrewjek öwrendim Ş-ny
T.
Tirkiş aýlanyp tigirli
Tigirçegni tigirledi
Aýamady jany-teni
Diýip öwrendim men T-ny
U.
Ulylary sylaýaryn
Hem-de söýýärin kiçini
"Ulag,uly,umyt"diýip
Öwrendim men U harpyny
Ü.
Ülkämiziň balalary
Hem şu güni hem-de düýni
"Ülje,üzüm,ülke,ülker"
Diýip öwrendim men Ü-ni
W.
Watan -çuňňur mukaddeslik
Gorap, söýeliň watany
Watan waspy dilde dessan
Diýip öwrendim men W-ny
Y.
Ylym-bilim ojagynda
Öwrenýäris kän zatlary
Ynha bu gün mugallymdan
Öwrendim men Y harpyny
Ý.
Ýürek bilen aýdylan söz
Eýeleýär ýürekleri
"Ýürek-ýuwşak ýüpek"diýip
Ýatda sakladym men Ý-ny
Z.
Zamanamyz ajap zaman
Ýurdum Arkadag Serdarly
Ýaşap ajap zamanada
Öwrendim men Z harpyny
Gerçeknazar Amannazarow.
(04.03.2023)
(Gülnar mugallymyň haýyşy boýunça)
A.
Atajan,Agajan,Aýna
Joralarym ,dostlam bary .
"Mama alma al"diýip
Aňsatjak öwrendim A-ny
B.
Baýram dosdym geldi bu gün
Diýdi "Dosdym ýör oýnaly"
"Baba,Baýram,Bahar"diýip
Bahymjak öwrendim B-ny
Ç.
Çagajyklar oýnaýarlar
Çemen,Çerkez,Çynar,Çary
Şolaryň adyny tutup
Çaltjak öwrendim Ç-ny
D.
Didar mugallym öwretdi
Ähli sany sanamany
"Dört,dokuz,togsan dört"diýip
Derrewjek öwrendim D-ny
E.
Ejemjanym ezizlänim
Janymdan eý görýän seni
"Ene kalba eýe"diýip
Eglenmän öwrendim E-ni
Ä.
Äýneklije aýazbaba
Geldi sowgat paýlamaga
Äşe "Äýnek äber"diýdi
Şonda öwrendim men Ä-ni
F.
Futbol oýnamaga gitdik
Üýşüp oýnaýas futboly
"Fanta , futbol , futzal"diýip
Bahymjak öwrendim F-ny
G.
Gerçek joşýar,goşgy goşýar
Gursagyma gelse göni
"Gerçek goşgy goşdy"diýip
Gaýtalap öwrendim G-ny
H.
Harplyk baýramynda bu gün
Sanaýas ähli harplary
"Hormatlasaň hormatlarlar "
Diýip öwrendim men H-ny
I.
Irden turýan,ýuwunýaryn
Ýygnaýan ýatýan ýerimi
Maşk edýärin,iýip-içýärin
Diýip öwrendim I-ni
J.
Jennet mekan Türkmenistan
Sensiň jigerimiň jany
"Jeren,Jemal joralarym "
Diýip öwrendim men J-ny
Ž.
Žirafany gördüňmi dost
Žurnalda gördüm men häli
"Žirafa hem žurnal"diýip
Aňsatjak öwrendim Ž-ny
K.
Kakamjany eý görýärin
Olam eý görýändir meni
"Kakamjanym kyblam "diýip
Derrewjek öwrendim K-ny
L.
Lukmanlarmyz-dermanlarmyz
Dertden halas edýär bizi
"Lukman gerek hökman "diýip
Öwrendim men L harpyny
M.
Mugallymlarym sag bolsun
Öwredýärler köp zatlary
Bu gün ýene mugallymdan
Öwrendim men M harpyny
N.
N harpynam öwretdi ol
Söýýärin mugallymjany
Ýene gaýtalap-gaýtalap
Öwrendim men N harpyny
Ň.
Bu harpdan başlaýan söz ýok
Onda-da gerek hökmany
"Gaňňa,töňňe,iňňe"diýip
Öwrendim men Ň harpyny
O.
Okaýarys , öwrenýäris
Söýýärin öz mekdebimi
Inhä bu gün şol mekdepde
Öwrendim men O harpyny
Ö.
Öwrenýärin men kän zady
Öwredýär mollymyň özi
Özleşdirip sapaklary
Özümem öwrendim Ö-ni
P.
Pajarlaýar pudagymyz
Pugta Arkadag permany
"Perman , Pena,Pälwan "diýip
Öwrendim men P harpyny
R.
Rahym,Rahman,Resul,Roza
R harpyndan gelýär bary
Rüstem , Röwşen , radio diýip
Ahyry öwrendim R-y
S.
Sylaýany sylaýaryn
Söýýärin men söýýänleri
Ejemjanym söýýän seni
Diýip öwrendim men S-ny
Ş.
Arkadagly Serdaryma
Aýdýarys biz şöhrat-şany
"Şygyr,şöhrat hem şan"diýip
Derrewjek öwrendim Ş-ny
T.
Tirkiş aýlanyp tigirli
Tigirçegni tigirledi
Aýamady jany-teni
Diýip öwrendim men T-ny
U.
Ulylary sylaýaryn
Hem-de söýýärin kiçini
"Ulag,uly,umyt"diýip
Öwrendim men U harpyny
Ü.
Ülkämiziň balalary
Hem şu güni hem-de düýni
"Ülje,üzüm,ülke,ülker"
Diýip öwrendim men Ü-ni
W.
Watan -çuňňur mukaddeslik
Gorap, söýeliň watany
Watan waspy dilde dessan
Diýip öwrendim men W-ny
Y.
Ylym-bilim ojagynda
Öwrenýäris kän zatlary
Ynha bu gün mugallymdan
Öwrendim men Y harpyny
Ý.
Ýürek bilen aýdylan söz
Eýeleýär ýürekleri
"Ýürek-ýuwşak ýüpek"diýip
Ýatda sakladym men Ý-ny
Z.
Zamanamyz ajap zaman
Ýurdum Arkadag Serdarly
Ýaşap ajap zamanada
Öwrendim men Z harpyny
Gerçeknazar Amannazarow.
(04.03.2023)
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.