Azaba hormat, posta LIKE.
Salam hormatly agzalar. Güniňiz gowy geçendir diýip umyt edýän. Postum başga zat barada bolsada ilki bilen degişmeden başlaýaýyn diýdim. Gyzlaryň logikasyna düşünip bolýar!!! Nädip??? Budilnik gygyrsada gaharlanýas, gygyrmasada gaharlanýas. Gyzlaňkam tipa şuňa meňzeşiräk işleýändirdä. Hehe ine degişmäm şeýleräk. Bu günki postumy ähli agzalara bagşlap goýýan. Gürrüňini etjek bolýan zadym LIKE. Howwa köpler "Şol zat zerurmy" diýip pikir edip biler emma... Bloggerler postlary agzalar üçin goýýarlar, onsaň howwa, elbetde ullakan "ZERUR". Bu nähili beýle bolýar. Ýagny köp ýa-da hemme post goýýan agzalar il-halka, jemgiýete başardygyndan köp ýagşylyk etmek isleýär. Köplere bu ýagşylyk etmek başardýar, köplere tersine bolup çykýar. Dogry her-kimiň öz düşünjesi, dünýä-garaýşy, pikir-ýöredişi bar. Islendik adam edebi-dilde posta teswir hem goýup bilýär. Gepi köpeldip oturmaýyn, özümden meselem alaýaýyn. Ýagny men postlary, mowzuklary wirtual ýazyp, ýazgylarymy size ýetirenimde LIKE-lar meniň wirtual howam, abraýym-mertebäm, iýmitim we ýaşaýşym. Elbetde diňe WIRTUAL. Like näçe köp goýulsa şonçada ýagdaýym gowlaşýar we azabymyň ýerine düşenini duýýaryn. Öňler şeýledim. Inni hasaplasam jemi hemmeýerdäki like-larym 10000-e golaýlaýar(Duýduňuzmy gizlin tyrladym). Şol sebäpli men ýetjek derejäme ýetdim hasaplap like boldyla-bolmadyla meňgä pofig. ÝÖNE, EMMA ine görüň gelejekki ýazyjylarymyz, şahyrlarymyz, döredijilerimiz, bloggerlerimiz bar ahyry. Olar ýazmaga, döretmäge, bize peýdaly zatlar ýetirmäge gaty höwesek. Biz okyjylar öz gezegimizde olaryň uly azabyna, ýagşylygyna, postlaryna diňe LIKE ýada sagbolsun aýdyp bilýäris. Hatda köplerimiz şol like basmagada gaty ýaltanýarys, edil "Ýaltanýan" diýip ýazmagada ýaltanýas, ýa-da unudýas. Şol sebäpli hemmelerden haýştym, HALASAŇYZ LIKE BASYŇ. Goý ol bloggerler höweslensin, goý olara wirtual howa, güýç berilsin, abraý-hormat berilsin. Goý olar bize ýene-ýene we ýene köp degişmeler, täsinlikler, geň-manyly tymsal sözleri ýetirsinler. Ol bloggerlaryň azaplaryna baha berilmese höwesden düşerler, höwesden gaçsalar ruhlary peseler, ruhlary peselse, düşnükli, az blog goýarlar. Az blog goýsalar ýene bize ylym-bilim ýetmezçilik eder we zynjyryň aňyrsy hemmelere mälim. Şol sebäpli azaplara hormat goýalyň. Ähli agzalary hormatlamak bilen IDEALLIDER ?
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.