Arhiwi dörjeläp... ;)

Elif bardy — edebiýatyň dälisi,
Syrdaşlardan ýok Ladybug ýalysy,
Гость dostumyz — ähli gyzlaň daýysy,
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.

Soho bar — bar ýaly wäşi Nuryşka...
Nirvana gyz — gyzlaň güli, bir başga!
Remezanyň jyny düşüpdir goşga,
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.

Bayker agam goja kysmy bir zatdyr :)
Mahek gyzyň baran ýeri berbatdyr :)
Bendtner dostam çaga ýaly bezzatdyr,
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.

чистая gyz gözelligiň özüdir,
Massimus dost saýtyň ala-ýazydyr,
Jedel Hiayress'iň halaýanydyr,
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.

Abaddon, gel, dost göwnüni açaly:
Ötegçä berilsin nigiň açary.
Wrestling hem obadaşdyr, gaçaly! :D
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.

DonMaxx bir çilim berse, çekişsek,
Mona Songz akyl berse — bekeşsek :)
Nairobä tüpeň beriň, atyşjak! :)
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.

Khanturäniň “tekiz ýerin” tertipläp,
Bizem bir gün ýadasadyk şer toplap...
Goý, ýaşalsyn iki gülüp, bir gepläp!
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.
17 лайков 384 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
kesirkelle
20 апр 2023, 17:20
Ýadymda. Meññem arhiwimde bolmaly...
kesirkelle
20 апр 2023, 17:20
Kopiýalapdym
Gerceknazar
20 апр 2023, 17:27
Ine meniňem arhiwim .

https://biz.islenen.ru/22582-agzalara-bagylap-yazan-degime-gogym.html
Öwreniji
20 апр 2023, 20:20
Pegas habarlaşyp bolanok seniñ bilen, boş wagtyñ janñlaşaly
Gunesh
20 апр 2023, 20:22
Bulan icinde yitip gidenlerema bar. Ladybug kim? Sondan galanlary tanalyan isjen agzalardy,ony weli tanamadym
Telwas
20 апр 2023, 21:07
Bir surat bar gözlerimiň öňünde:
Baýdak ýaly pasyrdap dur bir gelin.
Men özümi seýrek duýdum arkaýyn,

Şolaň birem: şol geline syr berip,

Guýa zyňan ýaly boldum syrlarmy
(Şükür, hälem barlygyna şeýleleň
Şuny bilýän: adam, hem-ä ynansa,
Hemem çyndan ynanylsa beýgeler!).



Lezzetini duýup bilýän gürrüňiň,
Hem bir süýji ýakym dolýar göwnüme.

Onsoň ap-arkaýyn içim dökýän-de,
Arasynda goýberäýýän öwnübem. :) 



Kişiň ykbalyna parhly seretmek
bagty ýetdiribem duranok hemmä.
Şu bagtyň eýesi bolany üçin
Biz üýşüp guwanýas @Ladybug ýeňňä. ;)
ajy
20 апр 2023, 22:26
Nirvana,
Salam akgyz,
Ýüregi päk gyz:)
Bamyñ sen
Ahmet
21 апр 2023, 09:03
Meňem ýadymda. Meni ýatdan çykarypsyňda şo wagt ))
Ahmet
21 апр 2023, 09:04
Şu garaburçam Nirvana gelen wagty görünýär. Galan wagt ýok. Diňe Nirvana bilen gatnaşýan bolmaga çemeli ))
Ahmet
21 апр 2023, 09:05
Gunesh
Bulan icinde yitip gidenlerema bar. Ladybug kim? Sondan galanlary tanalyan isjen agzalardy,ony weli tanamadym

Öz kruglaryndaky agzalar bolaýmasa ))
Biz krugda ýok bolanymyz üçin adymyz kok ))
Ahmet
21 апр 2023, 09:06
Çistaýa gözel bolsa gözeldir welin, esasy daşy däl-de içi gözel bolmaly däm-aý ))
Perhat Sabirovv
21 апр 2023, 13:23
Bizäm goşaýmaly ekeniňiz:))