Youtube

Gud moniň dostlar. Meniň youtube kanalym bar, ýöne hiç şo kanaly ösdüribilemok. Wideo goýup gördüm. Ylmy makalamy okap bölek-bölek edip goýdum. 50-60 adam gördi. Gaty az youtube boýunça. hawa ýöne makala kyn, biriniň nahar iýşine sereden ýaly dälem welin, şonda-da 50-60 adama gerekmi ylym? Galdym mundan azara. Näme üçinkä diýip daş-töwregimden soradym. Olaram daş-keşbiň owadan bolmaly diýdi. Ýo, men hudaýa şükür daş keşpden nalamaly gyz-a däl, ýöne barybir zametkama belläp goýdum. Ýöne hakykatdanam wideo bezenip goýýanlary ýalan däl ahyry. Näme kän, salon-malon kän. Indi o meseläni anykladyk. Ikinjisi, wideo kontentiň gyzykly bolmaly diýdiler. Ýo, menem gyzykly görüp goşgy goýdum iňlisçe. Ony hem gören adam bary-ýogy 50 sany. Kimkä şolar? Birhili şobir adamlar ýaly bolup dur-da göwnüme. Onsoň ýene soradym näme üçip diýip. Bu gezek bloggerlere reklama etdir diýdiler, ýöne meniň tanyş blogerim ýok. Özümiňem örän meşhur bolasym gelýär kontentlerde. Gizläp näme edeýin, köpräk pul gazanar ýaly. Indi siz maňa maslahat beriň, men nädip öz döredijiligimi gyzykly kontent edip bilerin? Birden masalahatyňyz işlese, onda paýlaşaryn şo adam bilen. Häzirlikçe düşünenlerimi sanasam
1. Owadan bolmaly
2 Moda eşik geýmeli
3 kosmetika bolmaly
4 ýa özüň hor bolmaly ýa-da wideo hor düşmeli
5 bloggerlere reklama etdirmeli
6 epataž tapmaly
7 Iňlis dilinde bolsa has gowy
ynha şular ýaly kontent döretmeli. Onda şeýlebir üýtgeşik gyzykly kontent dörederi ýaly ak ýol arzuw ediň. Meniň ösdügim siziň ösdügiňiz.
häzirlikçe bary-ýogy 7 sany podpisçhik bar, ýöne gyzyklanýanlar üçin youtube kontent adresim
@bagul-atayeva
Ýöne hiç tapyp bolanok poiskden, şo sebäpli youtubyň özünde posik berip görüň ýa-da Linkedinde goydum
Link - Bagul Atayeva, http://www.linkedin.com/in/bagul-atayeva-0540aa278
2 лайков 644 просмотров
44комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
MILALIKA
Автор 28 авг 2023, 11:41
Bulam kanalyň URL adresi diýýär welin, muny nädip üýtgetmeli
https://www.youtube.com/channel/UCxgq4OK3tJ-WFVRtHu-96dg
Dowsypat
28 авг 2023, 11:54
You tube islap durmy hazir?
MILALIKA
Автор 28 авг 2023, 11:57
Dowsypat.,
Yok işlänok. Men ýöne geljegi göz öňünde tutdum
Dowsypat
28 авг 2023, 12:00
Gud moniň dostlar. Meniň youtube kanalym bar, ýöne hiç şo kanaly ösdüribilemok. Wideo goýup gördüm. Ylmy makalamy okap bölek-bölek edip goýdum. 50-60 adam gördi.

Dowsypat.,
Yok işlänok. Men ýöne geljegi göz öňünde tutdum

Wangan ozem gelejegi beyle prognoz edip bilmandi yone.
MILALIKA
Автор 28 авг 2023, 12:04
Dowsypat.,
Yo bu hakyky goydum way, öň goydum o wideolary soň pozdum, häzir diňe kulinariya degişli iki sany wideoroligim dur.
Dowsypat
28 авг 2023, 12:18
You-tubyn yerini tutyan programmalar yokmy?
MILALIKA
Автор 28 авг 2023, 12:25
Dowsypat.,
Meselem???
Men youtubde paylashasym gelýär
Гость
28 авг 2023, 12:28
Şonça zat edeňde-de bolmadyk bolsa hudaýýoly paýlap göräýmeseň
MARS
28 авг 2023, 13:33
Гость
Şonça zat edeňde-de bolmadyk bolsa hudaýýoly paýlap göräýmeseň

???? :))
Ashakda hazir yazjak...
MARS
28 авг 2023, 13:34
MILALIKA,
imoda meni tapyp yazay komek ederin 62980684
#B.S
28 авг 2023, 13:40
https://www.youtube.com/@khanturebs

Meň kanalymda 10 podpisçik 5 wideo 402 prosmotr bar
MILALIKA
Автор 28 авг 2023, 13:47
Khanture,
Meniň bir wideom 1000 prosmotr aldy, balyk bişirdim
birinde blinçhik - ony ýöne prosto aldym, nähili bolýarka diýip. Indi proof ýideo goýjak ýöne hiç ösüp bilemok
MILALIKA
Автор 28 авг 2023, 13:47
Гость,
Men indi etmekçi şolar ýaly
oýun ýadyňa düşýärmi biri janygyp aýtsa
Гость
28 авг 2023, 14:05
MILALIKA
Гость,
Men indi etmekçi şolar ýaly
oýun ýadyňa düşýärmi biri janygyp aýtsa

Hawa
Menembiri2
28 авг 2023, 14:06
MILALIKA,
Onuň üçin başynda "üstünde kelle döwlen" IDEÝA gerek! Sende belli bir ideýa ýoga aýdyşyňa görä, başda kulinariýa diýipsiň soň moda, kosmetika... Ükem düşünseň başda gowja ideýa tap, meselem iňlis dilini bilýen bolsaň iňlisçe öwret illere...
MILALIKA
Автор 28 авг 2023, 14:13
Menembiri2,
idea bar, nädip ýetirmeli şol ideýany adamlara??
Kerbaba
28 авг 2023, 14:32
Чашын гозуне середен ялы болдум. О диййан каналыныз ткм да ишланога!? Я сизлер даш... юртдамы?
Menembiri2
28 авг 2023, 14:54
kwadrat kelle,
Bärde wpn bilen girilýe agam, bu kanallara...
Menembiri2
28 авг 2023, 14:59
MILALIKA
Menembiri2,
idea bar, nädip ýetirmeli şol ideýany adamlara??

Özüň aýdypsyňa ýoutubede diýip! Gyzykly kontent döretseň gyzykýanlar tapylar! Prosto seniň etýeň zatlaryň gyzykly däldir! Adamlary gyzyklandyrýan zatlardan goý, ýöne bir tema boýunça git. Diýjek bolýanym bir gün palow bişirip wideo goýup ertirem makiýaž syrlary wideosyny goýsaň o bolmaz! Bir tema boýunça git, bolmanam bir günde 1000 podpisçik toplap bilmersiň!
Menembiri2
28 авг 2023, 15:00
MILALIKA
Menembiri2,
idea bar, nädip ýetirmeli şol ideýany adamlara??

Özüň aýdypsyňa ýoutubede diýip! Gyzykly kontent döretseň gyzykýanlar tapylar! Prosto seniň etýeň zatlaryň gyzykly däldir! Adamlary gyzyklandyrýan zatlardan goý, ýöne bir tema boýunça git. Diýjek bolýanym bir gün palow bişirip wideo goýup ertirem makiýaž syrlary wideosyny goýsaň o bolmaz! Bir tema boýunça git, bolmanam bir günde 1000 podpisçik toplap bilmersiň!
Massimus
28 авг 2023, 17:54
Tüweleme, sende şo zatlar bar ekeni, ukyp, başarnyk, gözellik, öz adyňa kanal.
Eger syr bolmasa ýutubdan nädip pullanyp bolýar. Her prosmotra, laýka, podpisçikleriň sanyna görä pul berilýämi, näçeräk berilýä. Mes: 1000 prosmotra 100 dollar.
Öwredäýdä bizem beýdip kösenip ýörmäli, plizz, požaluýsta!
MILALIKA
Автор 28 авг 2023, 18:00
Massimus,
Bilemok-da menem. Nädip kontentimi meşhur edýin diýsem hiiiç bir suwutly zat aýtmadylar. Käbir biderek roliklerem millionlap görýärler. Men nädenimde nädip bolar diýip otyn
Massimus
28 авг 2023, 18:52
MILALIKA,
Esasy öň edilmedik zat etseň gowy bolarmyka diýýän, täzeçilräk bir zat döretmeli. Onam ukyp-başarnygyňa görä özüň edäýmeseň, bärden degerli maglumat alyp bilermikäň?!
Ýöne şu girdejili ýerini biläýseň welin hökman aýtgyn, ýeke özüň nemedip ýörme diňe
MILALIKA
Автор 28 авг 2023, 22:13
Massimus,
Aýtdyň gutardy hasap edäý
MARS
29 авг 2023, 01:05
MILALIKA,
Imoda yazmadyna nomer goydum
SypaýyS
29 авг 2023, 09:27
Massimus,
You tubda 1000 prosmotr üçin 10 dollardy öň
Milýon prosmotr üçin 10000 dollar
SypaýyS
29 авг 2023, 09:30
Siz wpn nädip düzmelidigi barada wideo goýuň.Bu tema boýunça Youtube da wideolar bar olaram ýöne doly öwredenok .Siz şony doly öwretseňiz podpisçigiňiz hem artar.
Bu iş size kyn görünmegi mümkin emma eläçsiz zat däl.
SypaýyS
29 авг 2023, 09:31
Şeýle etseňiz salon palonam hökman däl
Massimus
29 авг 2023, 09:38
Sypayy,
Sag boluň!
MILALIKA
Автор 29 авг 2023, 11:07
Massimus,
Sen aljakmy indi bu ideýany / Seret Sypayy Massimus sag boluň diýip eýýäm ýetişipdir. Bor-da alyň onda. Ustupit etdigim bolsun. Men nämeden wideo goyjagymy bilemok, ýöne öz döredijiligim bolarmyka diýýän