Hiç kime hiç zady öwredip bilmerin, ýöne pikirlenmäge mejbur edip bilerin

Häzirki wagtda kanun adalatdan öňe geçip barýar. Ýogsam kanun diýlen zat adalatyň bir guraly bolmaly. Has irki döwürlerde kanun diýlen zat ýokdy, ýöne şonda-da adalat hakynda kiçijigem bolsa düşünjeler bardy. Jemgyýet has çylşyrymlaşdygyça adalaty dolandyrmaga bolan bir kast ýüze çykdy. Eger gerekli adamlar hökümetiň adalat hukuklaryna gerekli baha berip bilmeseler, halky hökümetiň sütemlerinden halas edip bolmaz, döwletiň kanun bilen rugsat berip bilmejek sütemleri ýok.
Döwletleriň terrorçylyk, adam öldürmek ýa-da beýleki jenaýatlar hakyndaky buýruklary ygtybarly kepillik däl, ýöne welin hökümetleriň şu wagta çenli saklanyp gelýän 'buýrugy' hasaplanýar. Hakyky sosial sazlaşyk, gyzyklanmalaryň özara raýdaşlygy esasynda ösýär. Işleýänleriň köplenç hemme zady ýok, bir zady ýetmeýän ýaly, işlemeýänler ýaltalar hemişe hemme zatdan lezzet alýarlar, gyzyklanmalaryň raýdaşlygy ýok, sosial sazlaşyk bu diňe bir mif...
Her jenaýat zerurlykdan döreýär. Az jenaýat isleýän bolsaňyz, ýaşaýyş şertlerini üýtgetmeli. Mätäçlik jenaýat etdirýär. Eşikler , pul, betbagtlyk, öý- bularyň bary adamdaky ýabany haýwany oýarýar, soň ol karar berýär we jenaýatçy bolýar. Onuň bilen näme edýärler? Jezlandyrmaly! Näme üçin ony şeýle işleri etmäge mejbur edeni jezalandyrmaly däl? Wagty gelende şu pikiriň logiki tarapyna düşünersiň. Jenaýatçy bilen näme edýäler? Türmä iberýärler. Bu ony gowlaşdyrarmy? Gaýtam iň erbet tarapy. Ilki bilen oňa gahar edip, şahsyýetini aýak astyna almakçy bolýalar. Oňa bellik edýärler. Ony zolaklara garaňkylyga salýarlar. Ar almak duýgusy artýar. Oňa ýabany haýwan ýasaýarlar, reforma islese etdirmeýärler, bu bolsa onuň kalbynyň markaly ýerinden çykýar.
Adalat jemgyýetiň gapma-garşylykly bähbitlerine çydamly ýaşaýyş jaýydyr. Jeza indi üýtgesik däl...sebäbi bu demokratik pikir üçin ýigrenji jenaýatçylaryň arasynda ahlak taýdan tapawut döredýär. Manysyz köpçülikleýin jogapkärçiligi şahsy jogapkärçilikden gowy görýäris. Hukukyň kanuny we ahlak kesgitlemeleri biri-biriniň antitezi bolsa-da ýazyjylar ony sinonim hökmünde ulanýarlar. Häkmiýeti ýagşylyk bilen bulaşdyrýarlar, we adalat üçin kanuny ýalňyşýarlar.
Emma bu kanuny talaňçylygy nähili kesgitlemeli? Örän ýönekeý. Kanunyň käbir adamlardan özüne degişli zady alýandygyna ýa-da degişli bolmadyk beýleki adamlara berýändigine göz aýlaň. Jenaýat etmezden, bir raýatyň edip bilmejek zadyny edip, beýleki bir raýata hasabatynyň we peýdasynyň bardygyna ýa ýokdugyna göz aýlaň.
Aklawçy seni hiç haçan durmuşda aklap bilmeýär. Adamzat, akyl we adalat saňa näme etmelidigiňi aýdyp , durmuşda seni aklap biljek zatlar.
Adam tebigatyna garşy kanunlary çykaryp bilerler, ýöne adam tebigaty hemişe gowy kanunlary alar.
Adalat agsak, ýöne barjak ýerine barýar. Meniň pikirimçe, dogry barjak ýerine barar, ýöne haçan? Haçanda saňa indi peýdasy degmejek wagtymy? Diýeli, bir näçe ýyllar geçer, eger seň hakyňy alan adam ýokary wezipeli adam bolsa, adalatam barjak ýerine barsa, oňa çenli ol adam wezipesinden şahsy bähbidi üçin arkaýyn peýdalanyp ýetişýär, birtopar adamyň hakyny iýýär. Soň adalat geler, ol adam gitmeli ýerine gider, jeza berler, ýöne giden hak, azap gaýdyp gelermi? Gelmez. Adalat üçin göreşmeli, hakyň elden gidermejek bolmaly. Ýöne adamlaryň aglaba bölegi gorkýarlar. Näme üçin gorkýaň, kimden gorkýaň? Seniň haklydygyň çyn bolsa, Hak hemişe seň tarapyňda bolar. Diňe birazajyk hereket etmeli.
Amanowa Leyli
3 лайков 154 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Merjen
22 июн 2021, 00:36
dogry aytyan oz hakyny almaly