Siziň pikiriňizçe?

Karoçe, bir adam agyr keselleýär,onsoň oňa biri kömek edeýin dp uly möçberde pul berýär, we " BEREN PULUMY KESELIŇDEN AÇYLANSOŇ AZ AZDAN BERERSIŇ ,, diýýär.


Indi, siziň pikiriňizçe pul beren adam çyndanam KÖMEK ETDIMI ýa-da prosto KARZYNA PUL bereni boldymy?

TESWIRIŇIZE GARAŞÝAN

2 лайков 217 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
19 сен 2021, 11:36
Kömek etdi kesellän wagty zeruryny bitirdi. Uly sogap gazandy şol adam.
Biohimik
19 сен 2021, 11:37
Komek etdi oz hayryndan gecip pul berdi ol hacan sagaljak belki oler sagalandam az azdan diyyan
Okuwçy04.A
19 сен 2021, 11:41
Mohumi saglyk sol kesel adam sol puly iki esse edip gaytarmaly gerek bolsa
Resul.
19 сен 2021, 11:43
Aslynda karzyna Bernem bolsa şoñ kömek etdigi ondada uly möçberdäki puly
- Dani
Автор 19 сен 2021, 11:53
хэмманиз бн ылалашян
Gudrat
19 сен 2021, 12:10
Görseň şol pul beren adam ýedi ýatdyr..
Şamuhammet
19 сен 2021, 12:51
Kömek etjegi çyn bolsa şeýle beräýmeli eken puly, diline alyp näme bar!?
Mr.JUMBA3
19 сен 2021, 15:27
glawny JANSAGLYK gel jek mnm yaramok sn cynyn bn komek etjek bolsan dok duyn 240 man derman yazyp gitdi alyp ber
Halima_Oraztaganova
19 сен 2021, 15:45
Hm komek etyar hm karzyna beria.. ikisem bolup Duryamy nam...?
Şamuhammet
19 сен 2021, 19:41
Mr.JUMBA3,

mister Jumbaz. Şu günler finans ýagdaýym pesiräk. Bolan wagty aýdan bolsaň mesele däl...
Men ýokarda ýöne pikirimi aýtdym. Agyr syrkawa pul kömek edip, soň gaýdyp bergin diýmezdim özüm bolsam...
Şamuhammet
19 сен 2021, 19:44
Oraztaganova_,

Meň pikirimçe şoň şol beren puly üçin sogap ýazylmaýar, gaýdyp yzyna almaly bolsa...

Kelle işledýäňizmi?

Siz hudaý ýoly paýlap, şony paýlan öýüňizden tama edip baryp alyp bilersiňizmi? Ýok?

Meň aýdýanymam şolar ýaly...
Maksat
19 сен 2021, 20:28
Pul götrimne berilmese yada gyssagly yzyna soralmasa sogap. Hassa öz yagdyna görä gaytarsa
Şamuhammet
19 сен 2021, 22:25
Bayker,

Olar ýaly gadym döwürde ýaşamyzok. Hiç zadyň gürrüňi edilmeýän onda-da 50 ýa 100 manadyň gürrüňi edilmeýän XXI asyrda ýaşaýarys...
Maksat
20 сен 2021, 07:44
Jeksparro,
Gürrüñi edilýän yagday mende şu ýyl bolup geçdi maña 30 müñ manat ýaly çykdajy boldy bolnisda 5 müñ man ýaly dos oglanlar we 3 müñ man garyndaşlar kömek etdi men soramadym ýöne berileni yzynada gaýtarmadym gerekdi. Iki aý gowrakdan öýe geldim on güniñ dowamynda jemläp gaýtardym ýöne olar almady gaýta özümi utandyrdylar haçan ayaga galypsaglygña gowşañda yuwaşdan berersiñ bu puluñada derman däri al indem bize goşulyançañ agzasañ gaty göreris diydiler.
Maksat
20 сен 2021, 08:03
Senem jeksparro ýaşansyñ görensiñ bilimiñem yokarydyr. Yöne menem köp zady başymdan geçirdim ýaşymam kiçi däl. Elimden gelenden gowy adamlara kömek etdim. Wagt tapsam okadym mekdepden gulluga çenli gullukdada okadym tapanymy. Gelemsoñ baş çopan boldum şonnada okadym. Soñky döwür talyplar.com okaýan islenen açyldy ilki okayjy boldum soñ agza boldum pikirimi aýtmak ün.