Söýgi

Salam agzalar!Siz bilen bir saýtyñ daşyna tegelenip,gümür-ýamyr etmekçi.Näme hakda diýýäñizmi?
Bu gün- mälim gün.Bu gün-romantik gün.Şu günüñ şanyna her setirinden söýgi we romantizm kükäp duran mowzuk açmakçy.
Söýgi käbirleri üçin güýmenje,käbirleri üçin ömrüñ manysy.Şahyr aýtmyşlaýyn:"Söýgiden gelýäris,barýarys söýgä,ýerden döräp ýere gidilşi ýaly".
Agzalar size bu günki berjek soraglarym:
Söýgä ynanýañyzmy?Ömrüñizde ýekeje gezegem bolsa söýüp gördüñizmi?Söýgüñiziñ soñy bagt toýuna ýazdymy ýa-da gowuşabilmedik aşyklaryñ hataryna adyñyzy altyn harplar bilen ýazdyrdyñyzmy?
Elbetde,arañyzda şahsy durmuşy hakynda geplemek islemeýänler bolup biler."Bu zatlar pynhan galmaly"diýýänler bolup biler.Hormatymyz bar.Şeýle pikir edýänler "Howwa" ýa-da "ýok" diýip bir söz bilen jogap berip bilerler.Mowzuga gatnaşmazlyk hakyñyzam bar elbetde.
Indi şeýle pikir etmeýänler "Men özümiñ söýgi başdan geçirmämi gürrüñ berjek.Goý,beýlekilere-de görelde bolsun"diýýänleriñizem bardyr.Bulara hasam hormatymyz bar :)) Söýgi başdan geçirmäñizi gypynç-çekinçsiz,giñişleýin gürrüñ berip bilersiñiz.
Hatda şeýle pikir edýänlere goşmaça soraglarymyzam bar:Ýatdan çykmajak söýgüliler güni başdan geçirmäñiz barmy?Söýgüliñize alan iñ gowy sowgadyñyz ýa-da onuñ size beren iñ gowy sowgady?
Mowzugymyzyñ maksady gyzykly söýgi başdan geçirmelerini diñlemek,bulardan özümize sapak edinmek we gyzyklyja wagt geçirmek
Hany onda gitdik :)))
5 лайков 836 просмотров
34комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
14 фев 2022, 14:59
Kemsinme Ezizim! Kemsinme asla!
Geyýän geýimleriň sadalygyna.
Seni söýgim bilen, bagryma basýan,
Melul men gözleriň jadylygyna.

Kemsinme, ezizim, durmuşda häli,
Meň kärim utulmak,
Utup bilemok.
Hem käbir işewür adamlar ýaly,
Arzan alyp, gymmat satyp bilemok.

Kemsinme ezizim, berme gama ýan,
İr-giç, seniň sargydyňy bitirin.
Häzir men bergimi üzmäne barýan,
Son saña köyneklik mata getirin.

Mañlaýdan der saçyp,
Dilden dür saçyp,
İşleýärin, baýlygym ýok, pulum ýok.
Ýöne men birzady aýdaýyn açyk:
Meniň senden başga, söýýän gülüm ýok!

Men seni söýýärin,
Söyýärin, ýöne,
Söýgi köýnek ýaly geýilýän däldir.
Geýnüwli gelinler,
Aý dek gelinler,
Belki, seniñ ýaly söýülýän däldir!


(Bagul Ataýewanyň mawzuklaryndan)
Atsyzatly
14 фев 2022, 15:27
Belki,
Söýgümiň soňy täze söýgümiň döremegi bilen gutardy. :(
Söýgüliler güni, günleri aýratynlaşdyrjagam bolmandyrys, ýöne bu güne degişli wakalaram bar, köp, köp ýöne birmeňzeş. Eliň gyzyl bägülli, ikijäk geçirilen wakalar.))
Aýnur
14 фев 2022, 15:41
BAGT
Birgün gelip senden gideýin diýdi
Özümde barlygyn duýmadyk bagtym.
Men özgäni bagtly edeýin diýdi,
Şindi bir ýaman söz diýmedik bagtym.J

ogap berdim, bolýar gitseň, hoş onda,
Ötegçi şemaly saklanok baglar.
Gujagyndan güwläp gaýdan derýany
Goýbermän saklajak bolanok daglar.

Gitdi. Goý, özgäni bagtly etsin,
Ýeri, nätjek, köňül köşgüň bozulsa?!
Özi göwnäp gitse, goý, gitse gitsin,
Egleme bir pursat bagtyňam bolsa!
Yeyeyey
14 фев 2022, 16:11
Oglanlar ümsim diñe gyzlarlaý gyzlar söýgä gyzykýarlar öýtýän ?????
Gyzlar ylhamyñyz joşup barýar birini ýürekden söýüpsiñiz
Belki
Автор 14 фев 2022, 17:51
Email salgy,erkeklerde ýürek ýok diýýämi öñem biri :))
Mähri
14 фев 2022, 19:46
Soygi bir oyun
ona ynanan goyun :)
Menin pikirima su , oň birini soydum yone özüne aytmadym, ol bolsa basga birini soydi. Sondan soň soyginiň gyzygy gaçdy :(