BÄSLEŞIGIŇ NETIJELERI...

Agzalar gowumysyňyz, gowy bolaweriň. Düýn yglan eden bäsleşigimiz wada berşimiz ýaly 17:00-da tamamlandy. Elbetde bu bäsleşigimizden maksat kimdir birini ýokary göterip, beýlekiler ondan aşakda diýmek däl. Her agza öz isleýşine görä saýlady. Belki ähli agzalar gatnaşan bolsa, başgaça netije bolmagam mümkindi. Ýöne 1 gün wagt berdik, gatnaşmaga isleg bildirenler gatnaşdy, gatnaşmadygada zorluk ýok, janlary sag bolsun!

Netijede saýtymyzyň MISS ISLENENI garşydaşlaryndan uly aratapawut bilen saýlanan hanym MISS NIRVANA 15 ses bilen ýeňiji bolmagy başardy. Üstünlik arzuw edeliň!

Saýtymyzyň MISTER ISLENENI çekeleşikli ses berlişikden soň ýakyn garşydaşlaryndan bary-ýogy 2 ses aratapawudy bilen saýlanan jenap MISTER MASSIMUS 7 ses bilen ýeňiji bolmagy başardy. Bu çagada üstünlik arzuw edäýeliň!

Ýeňiji bolanlara admin tarapyndan 1 aýlyk nikiniň gapdalyna Mister we Miss nyşany goýular!
Ses berlişige gatnaşan, goldan, gyzyklanan ähli agzalara sag bolsun aýdýaryn!
6 лайков 418 просмотров
44комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gauzen
17 июн 2022, 19:58
Gauzen,
Ozuni goyayypsynmy

Gelen sesleriň jemini jemledik, bolany.

Massimus gutlysh bize-de huday yetirsin.
Massimus
Автор 17 июн 2022, 20:00
Nirvana,
Gutlanlar, gutlamaýanlar ähliňize minnetdar! Maňa dereje gerek däl.
Sag boluň sylagyňyza!


Şo dereje maňada gerek däl, ýöne bu bolşuň bolanok Nirvana! Agzalaryň köpüsi seň ýeňmegiňi isledi, saňa ses berdi, seň ýeňeniňe begenip gutlap otyrlar. Seni sylaýanlaryň ýüzüni alyp, meni saýlamagyňyz gerek däl diýmäge hakyň ýokmuka diýýän!
Massimus
Автор 17 июн 2022, 20:02
Gauzen,
Minnetdar
Telwas
17 июн 2022, 20:17
Massimus
Nirvana,
Gutlanlar, gutlamaýanlar ähliňize minnetdar! Maňa dereje gerek däl.
Sag boluň sylagyňyza!


Şo dereje maňada gerek däl, ýöne bu bolşuň bolanok Nirvana! Agzalaryň köpüsi seň ýeňmegiňi isledi, saňa ses berdi, seň ýeňeniňe begenip gutlap otyrlar. Seni sylaýanlaryň ýüzüni alyp, meni saýlamagyňyz gerek däl diýmäge hakyň ýokmuka diýýän!


Siz näme üçin meň teswirlerime gaharly, ýüzüni alýan ýaly bolýaň diýip düşünýäňiz? Şol dereje gödek teswirleýänmi?
Meni saýlanlara, saýlamadyklara, ählisine men minnetdar. Men diňe “Miss” diýen dereje gerek däl diýdim. Moder bolanymdan bäri käbir agzalaryň gözüne batýanymy aňýan şeýle-de.
Onsaňam men bu “Miss” dereje üçin yhlas etmedim. Öz yhlasym bilen ýeten bolsam, bu günkiden iki esse buýsanardym. Ujunda sähel närazyçylyk bolan derejäni kabul etmekden özüm birahat bolýan. Men sorag beren wagtym, men ýaly jogap berip bilmeseňiz, şahsyma hiç zat ýazmaň! (Söz eýesini tapar)

Ýene bir gezek ÄHLIŇIZE MINNETDAR! Begendirdiňiz… :)
Bentner
17 июн 2022, 20:30
Gutlayan miss bn misteri 1nji
Şagyzy Şazada
17 июн 2022, 21:06
Gutlaýan mister we miss agzalar
#B.S
17 июн 2022, 21:08
Gutlaýan! Ýeňişleriňiziň höwri köp bolsun!!! arak
Massimus
Автор 17 июн 2022, 21:18
Nirvana,
Bärde hiç hili närazyçylyk ýok, onsoňam sen bu derejäni diläp alaňok, mynasyp gazandyň, bärde diňe "sag boluň agzalar" diýmekden başga söz artykmaç bormuka diýýän...
Pegas
17 июн 2022, 22:04
"Ýeňijiň ýeňiş sazyny çalmaga haky bar" :)
Gutlyş, ýeňijiler! :)
NEMOO
17 июн 2022, 22:05
yenede koprak gura
Annadursun
17 июн 2022, 22:11
GUTLAYAN brawo
Öwreniji
18 июн 2022, 00:18
Gutly bolsun mr Massimus, ms Nirwana
My life
18 июн 2022, 00:43
Gutlayan yeñiji agzalar, dowamly bolsyn. Gijem bolsa aydyp galayyn))
Massimus
Автор 18 июн 2022, 01:32
Sag boluň hemmäňize!