Professoryň jogaby

Uniwersitetieriň birinde, professor sapaga şeýle başlaýar: pikir edip görüň, şu gün dünýäniñ iň soňky güni, ertir ahyrzaman diýeliň, bu gün nämeler edersiňiz?
Talyplardan her dürli jogaplar gelýär:
– Alladan günälerimiň geçilmegini dilärin...
– söýýän adamlarym bilen razylaşaryn...
– maşgalam bilen wagtymy geçirerin...
– dostlarym bilen çagalyk döwrümdäki ýaly futbol oýnaryn...
– günüň batyşyny we doguşyny synlaryn...
– iň gowy görýän naharlarymy iýerin...
– hemme ýakynlarymy agşam naharyna çagyraryn...
– iň bir gidesim gelýän ýere gidip, şo ýerde ölümime garaşaryn...
– göwnüne degen adamlarymdan otünç soraryn...
Professor ýylgyryp:
– Şu zatlary etmek üçin hökman ahyrzaman bolmalymy!?
6 лайков 131 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
18 июн 2022, 04:46
Hakyky
Perman Izakow
18 июн 2022, 08:08
LIKE