Geliň tanyşalyň?! Iň gowy teswirçi Гость bilen...

Giç ýagşy, agzalar. Bu gün saýtymyzyň iň gowy teswirçisi, şadyýan dostumyz Gost kaka bilen uzak garaşylan söhbetdeşligi gurnarys. Söhbetdeşligi "Massimus production" söýgilisiniň ýüregine düşmezlik üçin söýgülisini tiz-tizden çalyşýan oglanlary maliýe taýdan üpjün ediş guramasy geçirer. Düzgünlerimizde üýtgeşme ýok. Siz Islemeýän soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz. Taýynmy? Ýörüň onda...
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Näme üçin şu nik?
3. Saýtdan bir gyza öýlenmeli bolsaňyz haýsy agzany saýlardyňyz?
4. Siz saýtymyzyň iň gowy teswir ýazýan agzasy, teswir ýazmankaňyz pikirlenýäňizmi ýa ýüzugra ýazýaňyzmy?
5. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
6. Nädip mydama şeýle şadyýan bolup bilýäňiz, bizede öwrediň.
7. Bäşlikleriňiz gutarmanka iki bolup oturaýaly, nähili görýäňiz?
8. Gyzlaryň Siz aýtmankaňyz, Size halaýandygyny duýduranlary boldumy? (Şuňa serýozny jogap beriň ýöne)
9. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
10. Durmuşyňyzda bolan gülkünç wakalardan birini gürrüň beräýiň.
11. "Söýgiň gözi kör bolýar" diýýärler, muňa nähili düşünýäňiz?
12. Şu ýerden islän meşhur adamyňyza salam ýollamak mümkinçiligi bar. Kime, nähili salam ýollardyňyz?
13. Goý Siziň janyňyz sag, görjegiňiz gowulyk bolsun. Saýtymyzyň iň şadyýan agzalarynyň biri bolup galyň.
14. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!
13 лайков 725 просмотров
62комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
29 июн 2022, 12:05
Öläýen ekeniňiz sorag berşip :))
Joram Alla ýaryň!
Öwreniji
29 июн 2022, 12:07
Hiayress,
Şakiranyňky ýaly garyn tans edýän.

Seri,
“Playboy” üçin surata düşmek islegiňiz barmy?

Gost drektr, şu ikisini edip durşy göz öňüme geldi. ?
Serdar
29 июн 2022, 12:09
Hiayress,
Bular hiç polis akademiýañ psihiçeski soraglaryny göräýde. Iñ huýow soragy "aýal maşgala bolasyñyz gelyami" diyip soraya)))
Serdar
29 июн 2022, 12:13
garaburc,
Garnyñ aladasy öýtýän señki)
Senyorita.
29 июн 2022, 12:23
Tüweleme soraglaryňyz bilen adamyň ýüregini ýaryp barýaňyz :))
Гость agzada aryňyz bamy nämemi :))
"Iň köp sorag berilen" derejesini alar-laý bu gidişde direktr Гость :))
XYIVENIA
29 июн 2022, 12:51
Hemme Гость daýy diýýä men size ýönekeyje edip daýyjan diysem bolýamy?
Hiayress
29 июн 2022, 14:17
Indiki aýa çenli bäşlikleriňden bäş müň karz bersene? (Şu-da soraga girýär dälmi :D)
Ra 4444
29 июн 2022, 14:40
Soho,
al capone
Hiayress
29 июн 2022, 21:13
Gost daýam gulaga çekize çalyp gitdi. Soň gelerde: "Obada üç gün siwýaz bolmady" diýer. ?
Гость
29 июн 2022, 22:09
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).

- Men Türkmenistanyň iň gowy welaýatynda, ýagny Daşoguz welaýatynda howaňam gowy güni dogulypdyryn (gowy adamlar gowy günde dogulýa-da). Men dogulmakam bizi goldaýan döwlet az eken. A meň doglanmy eşidip 187 döwlet goldapdyr bizi biragyzdan, " Şular ýaly ýaş nesli bolan döwletem bir goldaman bolarmy" diýip.

2. Näme üçin şu nik?

- manysy üçin.

3. Saýtdan bir gyza öýlenmeli bolsaňyz haýsy agzany saýlardyňyz?

- Häzir, " pylan agza" diýsem saýdyň işini görerler gyzlar, ala-goh edip. Gowsy şu soragyňy jogaplamaýyn. Agzybirçilik gowy zada )

4. Siz saýtymyzyň iň gowy teswir ýazýan agzasy, teswir ýazmankaňyz pikirlenýäňizmi ýa ýüzugra ýazýaňyzmy?

- Tema görä. Serýozny temalarda teswir ýazmaly bolsa pikirlenip ýazýan. Galanlarynda "dile geldi, bile geldi".


5. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.

- Içiňiz gysar :)

6. Nädip mydama şeýle şadyýan bolup bilýäňiz, bizede öwrediň.

- " Öwret" diýme agam. Pul sora bereýin, ýöne öwret diýme:)

7. Bäşlikleriňiz gutarmanka iki bolup oturaýaly, nähili görýäňiz?

Habarlaşaý )

8. Gyzlaryň Siz aýtmankaňyz, Size halaýandygyny duýduranlary boldumy? (Şuňa serýozny jogap beriň ýöne)

- Hawa bolupdy.

9. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?

Agzalara näme aýtsamkam'aý. Karoçi, oglanlar-gyzlar, daýy-daýza, aga-gelnejeler, bir zady hiç ýadyňyzdan çykarmaň! Şu ýerde diňe MEŇKI DOGRY

10. Durmuşyňyzda bolan gülkünç wakalardan birini gürrüň beräýiň.

- Soň bir gün aýdyp beräýerin, ýogsam giç bolup barýa

11. "Söýgiň gözi kör bolýar" diýýärler, muňa nähili düşünýäňiz?

-Söýeniň kemçilikleri gözüňe görünenok. Körlük şol.

12. Şu ýerden islän meşhur adamyňyza salam ýollamak mümkinçiligi bar. Kime, nähili salam ýollardyňyz?

- Men nä özümi sylamokmy, meşhurlar ýollasyn maňa salamy.

13. Goý Siziň janyňyz sag, görjegiňiz gowulyk bolsun. Saýtymyzyň iň şadyýan agzalarynyň biri bolup galyň.

- Sag bol agam, saňa-da iň gowy arzuwlar. Janyň sag bolsun, maşgalaňa guwanyp ýaşa!
Гость
29 июн 2022, 22:12
Remezan
1. Eger agzalardan biri gabat gelip, (Gelniň bn bile barýarkaň) Salam gost kaka, siziň saýtdaky söýgüliň salam aýtdy diýse, nähili duýgyny başdan geçiresiň.
2. Saýtda haýsy tema boýunça açylsa, gowy görýäň

Çişen bolardym " görýäňmi,äriňi entägem ýatlaýalar" diýip )

Syýasy temalar, eger medeniýetlije çekeleşik bolsa
Гость
29 июн 2022, 22:14
garaburc
Maña göni adresiñi ber Gost daýy çaýa barjak size

Özüm irden turamda " bu gün çaýy kimlerden içip bolarka" diýip turýan
Гость
29 июн 2022, 22:15
Soho
goz onune getir, gaty erbet tigirli bolasyn gelyar, yone almak uchin hich hili mumkinchilik yok, Hudaydan tigir bermegini dilapjik sabyrly bolup gezjekmi ya tigir ogurlap, Hudaydan gunan gechilmegini dilap gezjekmi?

Özi bermegni diläp geziwermesem ogurlap tigir ediner ýaly şýustrçylyk ýok mende :)
Гость
29 июн 2022, 22:17
Soho
indiki yyl garpyz gawun boljak dalmish - diyenlerinde nahili pikir kella gelyar?

"Ýene suw kesiljekmikä" diýen pikir
Гость
29 июн 2022, 22:17
Soho
Entematalogiya haysy ugur?

Enteýänler biläýmese )
Гость
29 июн 2022, 22:19
Belki
Salam.Gost daýy.
Siziñ ýaşyñyzyñ menden bary ýogy 2-3 ýaş ulydygyny eşdip şok geçirdim
Näme üçin saýtdakylara özüñizi ýaşuly adam hökmünde tanatdyñyz?
Ýa gyzlar lak atyp,azar berer öýtdüñizmi? :)
Meñä asylam oglanlara (onda-da maşgalalylara) lak atma gylygym ýok.Beýleki gyzlara-da käýäp bererdim lak atsalar :))

Hawa, şoň üçin

Irräk aýdaýmalyda şony. Kösenip gezmezdim beýdip uly görünjek bolup )
Гость
29 июн 2022, 22:19
Bendtner
Gost sen kicikaň nace yashyňdadyň?

Ýadyma düşenok. O wagty kiçidimä )
Гость
29 июн 2022, 22:20
Ötegçi
Bahym ulalasyñ gelýami Gost kaka?!)))

Mundan beter ulalyp düýe bolaýmy )
Гость
29 июн 2022, 22:21
wordless
Gost kaka, kitap gerekmi? :)

Ugradyk göwer şo öňki poşta )
Гость
29 июн 2022, 22:22
Pegas
Menden näçe ýaş uly sen, Гость?)

Senden näçe ýaş uludygmy aýtsam meň bilen gatnaşmaga utanarsyň inim )
Гость
29 июн 2022, 22:23
Hiayress
Şepe, teswir ýazmazdan öň näme edýäň?!
1) Duş alýan.
2) Bilýän aýatlarymy okaýan.
3) Razminka edýän: 5 sapar oturyp-turýan, 10 sapar otžimaniýa, duran ýerimde ylgaýan.
4) Çagalar bilen maslahatlaşýan.
5) Ýüzärlik tütetýän.
6) Ata-babalarymyň ruhlaryny kömege çagyrýan.
7) Wandamyňky ýaly şpagat oturýan.
8) Rembonyňky ýaly suwdan saçymy seçelendirip çykyp, dişim bilen granadyň kriçogyny aýyrýan.
9) Şakiranyňky ýaly garyn tans edýän.
10) Şagulinleriňki ýaly aýbogdaşyny gurap meditasiýa edýän.
11) Graf Drakulanyňky ýaly grobyň içine girýän.
12) Möý adamyňky (Çelowek pauk) ýaly potolokda başaşak asylyp durýan.
13) McGregoryň pohotkasy bilen telefonyň ýanyna gelýän.
14) Kristiano Ronaldonyňky ýaly stoýkada durýan.
15) Akpamygyňky ýaly döwden rugsat alýan. (Döw kimkä bir diýäýme:))

Teswir ýazylýan ýere barýan )
Гость
29 июн 2022, 22:26
sᴛᴀᴛᴇ
1. Aýdaly, dünýäniň meşhur kompaniýasy "Faberlic"-e siziň aýalyňyzy (tejribesi barlygy üçin) 1 ýyllyk işe çagyrsa we kärhananyň girdejisiniň 10/1 bölegi (1,93$ miilliard dollar) berilýän bolsa, ýöne siz munuň üçin örän köp mukdarda çykdajy etmeli bolýaňyz, hemme zadyňyzy (öýüňizi, ulagyňyzy, mebelleriňizi we ş.m) satmaly bolýaňyz. Siz töwekgelçilik edersiňizmi ýa-da adatdaky durmuşyňyz bilen dowam edersiňizmi?
2. Гость-yň, ýagny siziň bir günüňiz barada gysgaça aýdaýsaňyz?

Beýleki aýdanlaryňdana gorkamok riskowat etmäge, ýöne şu aýalymy işe çagyrýan ýerleri oýlandyrýa :)

Irden turýan işe gidýän, işden gelip ertir işe gidilýän wagta çenli uklaýan. Doly ýazmaga giç boldy aýyplaşma )
Bentner
29 июн 2022, 22:28
Гость
Soho
Entematalogiya haysy ugur?

Enteýänler biläýmese )

?
Bentner
29 июн 2022, 22:29
Şahsyň barada 1 zadam aytmansyň hotya adyň name?
Bentner
29 июн 2022, 22:29
Ak goyun toyuňy edeniňe nace yyl boldy?
Ötegçi
29 июн 2022, 22:39
Bendtner, akgoýnuny 95nji ýyl edipdir :D
Гость
29 июн 2022, 22:44
[quote=Seri]
1.Aldamak isleýärsiňizmi?
- Kimi näme üçindigne görä

2. Alkogolyň sizi jogapkärçiliksiz zatlara mejbur edýändigi hakykatmy?
Mümkin,

3. Ilki göreniňde köplenç aşyk bolýarsyňmy?

Gyzyklanma döreýä. Ilki göremde aşyk bolup göremok entägä

4. Pikiriňize näçe gezek haýran galýarsyňyz?
- ýadaýançam

5. Şkafda gizlenmeli bolduňyzmy?
- Arkaýyn ýer bolmasa gidemoga :)

6. Köplenç başga biriniň hasabyna içýärsiňizmi?
- oturlyşyk, doglan gün, şu zatlarda goýman ellini içirýäler. Hawa, şularam biriniň hasabynada

7. Köplenç soňundan ökünýän zatlaryňyzy edýärsiňizmi?
-Hawa

8. Köçedäki stenalara gödek sözler ýazanyňyz dogrumy?
- Aldapdyrlar seni
9. Aýalyñyzy(söýgüliñizi) näçe gezek aldadyňyz?
- hemişe-de aldaýan " söýýän seni " diýip

10. "Akmak bolmagy" halaýarsyňyzmy?
- Akyllylardan soralýa bu sorag )

11. Gybat etmegi gowy görýärsiňizmi?
-Iň halamaýan zadym

12. Başga adamlaryň işine burnuňy sokmagy halaýarsyňmy?
- Waşşe halamok

13. Özüňizi ýiteren ýaly ýagdaýda içýärsiňizmi?
- Ýokla how, dosowlan

14. Göwnüňe degmek endigiň barmy?
Öz göwnümemi, hawa

15. Köplenç erotik düýş görýärsiňizmi?
-Ataň ýaly adama şeýle sorag berilýämi )

16. Jemgyýetçilik ýerlerinde köplenç tertipli bolýarsyňyzmy?
- hawa. Göreldeli raýat men köpçülik ýerinde )

17. Para alýarsyňyzmy?
Ýok, diňe " sowgat" diýip berseler alýan. Para alamok )

18. Telefonda (jañda) söýüşip gördüñizmi?
Muňa-da 15nji jogap

19. Holadinligi boşatmak üçin köplenç gijäniň ýarynda oýanýarsyňyzmy?
- Ýok

20.Siz köplenç ýalta bolýarsyňyzmy?
- Hawa

21. “Playboy” üçin surata düşmek islegiňiz barmy?
-Playboy näm zat

22. Pul üçin ähli zada kaýyldygyñyzy boýun alýañyzmy?
- Ýok

23.Geçip barýanlara penjireden suw guýýanyñyz dogrumy?
- Ýene-de aldapdyrlar seni

24.Başgalaryň üstünden gülmegi halaýarsyňyzmy?
- Ýok

25. Jemgyýetçilik ýerlerinde söýgi bilen meşgullanmagy halaýarsyňyzmy?
-Oňňaly ýerlerde göreldeli raýat men

26.Jedel etmegi halaýandygyňyz dogrumy?
Hawa, mynasyp garşydaş tapsam

27. Maña soragyñyz bamy?
- Sorag bererlik bolan däldiris.
Гость
29 июн 2022, 22:45
Nirvana
Öläýen ekeniňiz sorag berşip :))
Joram Alla ýaryň!

Sag bol )
Гость
29 июн 2022, 22:46
XYIVENIA
Hemme Гость daýy diýýä men size ýönekeyje edip daýyjan diysem bolýamy?

Diýiwer. " Pul ber" diýmeseň boldy )
Гость
29 июн 2022, 22:46
Hiayress
Indiki aýa çenli bäşlikleriňden bäş müň karz bersene? (Şu-da soraga girýär dälmi :D)

Düşnüksiz ýazýaň şepe, düşünmedim munyňa :)