Geliň tanyşalyň?! Pozitiw agzamyz Ahmedik bilen...

Salam arzylylar! Sag salamatmysyňyz?! Siziň nurana ýüzüňizden hiç haçan ýylgyryş, mähir, sylaşyk aýrylmazlygyny diläp, mowzuga başlaýas. Bu gün saýtymyzyň iň skandalnyý, käwagty dagy iň aktiw, iň gyzykly we syrly agzasy Ahmedik97 bilen ýakyndan tanyşarys. Tanyşlygy Siziň söýgüli alypbaryjyňyz geçirer. Düzgünlerimizde biraz üýtgeşme. Siz ähli soraglara hökman jogap beräýmeli.
Başladykmy? Galstugyňyzy bir düzediňä.
Na Start, Wnimaniýe, Marş.
Poýehali...
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Nikiňiziň soňundaky "ik" goşulmasyny goýmagyňyzyň belli bir sebäbi barmy ýa özüňizi gyzlara läliksiretmek üçin goýduňyzmy?
3. Durmuşyňyzdaky iň bagtly günüňiz barada gürrüň beräýiň.
4. Siz iň pozitiw agzalaryň biri, ýöne, Siziňem gynanýan, strese düşýän wagtlaryňyz bolýandyr, beýle ýagdaýdan nähili çykyp gidýäňiz?
5. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
6. Söýýän bagtlymy ýa söýülýän? Näme üçin?
7. Hakyky dostuňyz barmy? Dostluk barada pikiriňizi aýdaýyň?
8. Gyzlardaky iň halamaýan häsiýetleriňiz?
9. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
10. Eliňizde mikrofon, hemme gyzlar Sizi diňleýär, näme diýerdiňiz?
11. Söýgi barada (ýa söýgiliňiz barada) bir bent goşgy düzmäge synanyşyň.
12. Anjelina Joli, Priýanka Çopra, Amalia. Eliňizde pistolet, içinde iki ok bar, şularyň ikisini atmaly diýlende, haýsyny saýlap diri goýardyňyz?
13. "Arman" diýlende durmuşyňyzdaky haýsy ýagdaý göz öňüňize gelýär?
14. Özüňizi haýsy multfilm gahrymanyna meňzedýäňiz?
15. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik bolsun, ata Watanymyzyň iň şadyýan ýigitleriniň biri bolup galyň.
16. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!
6 лайков 559 просмотров
58комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
30 июн 2022, 01:11
Ahmedik_97,

4. Täleý-kysmatyňy integem özüň çözüp bilýän diýip hasaplaýaňmy?
Hawa!

Sen Yslam diniň kitaplaryndan, Parz diýilýän zady okap gören bolsaň, beýle pikirde bolmazdyň! Sen täleý kysmaty özüň sazlaýan bolsaň aşakdaky beren jogabyň düýbünden ters gelýär.

''Hezreti Muhammet pygamberiň ýolundan ýöräp parzymy ýerine ýetirsem,muňa ýetesi näme bar''

Sen Parz işleri ýerine ýetirmegiň üçin Kyrk parzyň 6-njysyny hem ýerine ýetirmegiň gerek! Ýagny: ''Takdyryň ýagşysynyň we ýamanynyň Alla tagaladandygyna ynanmak''. Ýagny Täleýiň erbediniň we gowsunyň Allatagaladan gelýändigine ynanmak hem Parzyň içine girip gidýär.
Ahmet
30 июн 2022, 01:12
Seri
1. Elmydama gaty köp gürleýäñizmi?
Ýok. Tersine diňe diňleýän.
2. Banyoda aýdym aýdýarsyňyzmy?
Şu soragy okap ýatyp güldümaý, otaýsy studiýa däl, banýa :D
3. Saçyňyzy kesmek hakda pikiriňiz barmy?
Şu gezek gowy kiçeltdim. Özümden beter dostlam, işdeşlem gynandy.
4. Günä etmek meýliňiz barmy?
Toba estagfrullah. Ýok.
5. Ilkinji tanyşan adama eliňi, ýüregiňi we gapjygyňy hödürlemäge taýynlygyň dogrymy?
Ýürek?! Şuňa henizem geň galýan. Ýok, ýalňyş
6. Başga adamlaryň maşgala işlerine goşulmagy halaýarsyňyzmy?
Beýle edepsizlige wyždanym ýol berenok.
7. Aý şöhlesinde tans etmegi halaýarsyňyzmy?
Men asla tansy halamok.
8. Palçylara ynanýarsyñyzmy?
Ýok.
9. Siz köplenç mugtyna işleýäñizmi?
Düşünmedim?!
10. Siz köplenç içgili şeýtanlary görýärsiñizmi?
Düşünmedim?!
11. Gelmişekler bilen duşuşmagy arzuw edýändigiňiz dogrumy?
Gelmişek diýip nämäni (kimi) göz öňüne tutdyň?
12. Aý şöhlesiniň aşagynda goşgy okamagy halaýandygyňyz dogrumy?
Goşgy okamak üçin ýer, wagt saýlamok.
13. Siz köplenç aýna seredip öziñizi owadan hasaplaýañyzmy?
Goý il baha bersin.
Bentner
30 июн 2022, 01:14
Ahmedik_97,
Pursatdan peydalanyp oz yurek buysanjyňy saytdakylar bilen paylaşaysaň
Ahmet
30 июн 2022, 01:17
Jeksparro
Ahmedik_97,

4. Täleý-kysmatyňy integem özüň çözüp bilýän diýip hasaplaýaňmy?
Hawa!

Sen Yslam diniň kitaplaryndan, Parz diýilýän zady okap gören bolsaň, beýle pikirde bolmazdyň! Sen täleý kysmaty özüň sazlaýan bolsaň aşakdaky beren jogabyň düýbünden ters gelýär.

''Hezreti Muhammet pygamberiň ýolundan ýöräp parzymy ýerine ýetirsem,muňa ýetesi näme bar''

Sen Parz işleri ýerine ýetirmegiň üçin Kyrk parzyň 6-njysyny hem ýerine ýetirmegiň gerek! Ýagny: ''Takdyryň ýagşysynyň we ýamanynyň Alla tagaladandygyna ynanmak''. Ýagny Täleýiň erbediniň we gowsunyň Allatagaladan gelýändigine ynanmak hem Parzyň içine girip gidýär.

Agam, dogrusy, men ol aýdanlaryňa ynanýan, ýöne real durmuş bilen şolary deňeşdirýän welin, mende şeýle bir üýtgeşik pikirleri döredýär. Şol üýtgeşik pikirlerem üýtgeşik blog, teswir ýazdyrýar, açdyrýar.
Serdar
30 июн 2022, 01:18
Gelmişekler(başga planetalylar) bilen duşuşmagy arzuw edýändigiňiz dogrumy?
Siz köplenç içgili şeýtanlary görýärsiñizmi?(içip doñup ýören şeýtanlary)
Muny boyun almak gerek erotiki saytlara köplenç giryanizmi?
Ahmet
30 июн 2022, 01:19
Bendtner
Ahmedik_97,
Pursatdan peydalanyp oz yurek buysanjyňy saytdakylar bilen paylaşaysaň

Şu pursatdan peýdalanyp, Islenen saýtynyň agzalaryna uzak ömür, berk jan-saglyk, agzybir maşgala ojaklarynda el ýetmez bagt arzuw edýärin!
Serdar
30 июн 2022, 01:22
Siz mydama keýpde gezýäñiz öýtýän, megerem size içgilik gerek bolmasa gerek keýpiñizi sazlamak üçin?
Ahmet
30 июн 2022, 01:24
Seri
Gelmişekler(başga planetalylar) bilen duşuşmagy arzuw edýändigiňiz dogrumy?
Arzuwa edemok, ýöne gelseler hökmany duşuşardym.
Siz köplenç içgili şeýtanlary görýärsiñizmi?(içip doñup ýören şeýtanlary)
Şeýtanyň içýänem barmy? Ýa owadanlap wokzally gyzlary aýdýaňmy?
Muny boyun almak gerek erotiki saytlara köplenç giryanizmi?
Asla. Giremok. Girmelem etmesin!
Ahmet
30 июн 2022, 01:29
Seri
Siz mydama keýpde gezýäñiz öýtýän, megerem size içgilik gerek bolmasa gerek keýpiñizi sazlamak üçin?

Men diňe türkmençä düşünýän. Aýyplaşmaweriň. Türkmençe ýazanyňyzda jogap ýazaryn, a to Mustafa diýjek bolup Andreý diýäýmäýin;)
Ötegçi
30 июн 2022, 01:29
1. Maşgalada naçe çaga?!.
2. Ýeke ogul bolmak bn kop ogul bolmak arastndaky parh?!.
3. Nirde işleýäñ?!.
4. Suratyñy paýlaşmak nahili duýgy?!
5. Haysy dunya belli firmada islemek islardiñ?!. Name uçin?!.
Ahmet
30 июн 2022, 01:34
Ötegçi
1. Maşgalada naçe çaga?!.
Şahsy maglumatym. Syr bolup galsyn
2. Ýeke ogul bolmak bn kop ogul bolmak arastndaky parh?!.
Ýeke ogul bolup görmämsoň bu soragada jogap ýok.
3. Nirde işleýäñ?!.
Mary şäherde. Raýatlar jaý bilen üpjün edýäris:)
4. Suratyñy paýlaşmak nahili duýgy?!
Hiç hilem däl, prosta paýlaşaýýan
5. Haysy dunya belli firmada islemek islardiñ?!. Name uçin?!
Google-de. Ähli maglumatlardan habarly bolmak üçin .
Ötegçi
30 июн 2022, 01:34
Seri, sorag bermani senden owrenaymeli :D
Ahmet
30 июн 2022, 01:38
Ötegçi
Seri, sorag bermani senden owrenaymeli :D

Arsynda uklaýan bolmaga çemeli, käbir soraglaryny okap gözüm çaşaryp gitdi:)
Ötegçi
30 июн 2022, 01:38
Ahmedik_97, Marydan jaý gerek bolsa arkaýyn baraýmalymy?!. (Baryberjek)
Serdar
30 июн 2022, 01:41
Ötegçi,
)))
Ötegçi
30 июн 2022, 01:42
Ahmedik_97,
Aradaky SADMAN bn owredenlerñiz işe ýarady, sagboluñ!
(Jaý paýlap yoren bolsañdagy mgbt alada etmeda swist )
Serdar
30 июн 2022, 01:43
Ahmedik_97
Ötegçi
Seri, sorag bermani senden owrenaymeli :D

Arsynda uklaýan bolmaga çemeli, käbir soraglaryny okap gözüm çaşaryp gitdi:)

Ýörite zakaznoý soraglardan, göz çaşyrtýanyndan señ üçin brat.
Ahmet
30 июн 2022, 01:45
*Raýatlary jaý bilen üpjün edýäris
Ahmet
30 июн 2022, 01:45
Ötegçi
Ahmedik_97, Marydan jaý gerek bolsa arkaýyn baraýmalymy?!. (Baryberjek)

Geliber;)
Ahmet
30 июн 2022, 01:46
Ötegçi
Ahmedik_97,
Aradaky SADMAN bn owredenlerñiz işe ýarady, sagboluñ!
(Jaý paýlap yoren bolsañdagy mgbt alada etmeda swist )

Aha, elimden geldigiçe hyzmatdadyrys. Bizi sylany Alla ýalkasyn!
Ekenomika — bu Marylylaryň iň öňde goýýan wajyp meseleleriniň biri :D
Ahmet
30 июн 2022, 01:49
Seri
Ahmedik_97
Ötegçi
Seri, sorag bermani senden owrenaymeli :D

Arsynda uklaýan bolmaga çemeli, käbir soraglaryny okap gözüm çaşaryp gitdi:)

Ýörite zakaznoý soraglardan, göz çaşyrtýanyndan señ üçin brat.

Jogabyny alyp bilmejek bolsaň bu soraglary bereniň haýry ýok dostum.
Serdar
30 июн 2022, 01:51

Jogabyny berp bilmeseñ men gunam dal. Jogabyny alamdada hayyr yok o soraglardan manada, sañada prosta po prikolu.
Ahmet
30 июн 2022, 01:57

Elbetde po prkolu:) meňem günäm däl.
Pukki
30 июн 2022, 03:16
Seni su yurtdan cykmakam gorermikam? Sol 2 sany kitabyndan manada nusga berermikan ??
Ahmet
30 июн 2022, 03:40
Pukki
Seni su yurtdan cykmakam gorermikam? Sol 2 sany kitabyndan manada nusga berermikan ??

Ertir nädýä?
Ahmet
30 июн 2022, 09:07
Massimus
Indiki sanymyzda haýsy agza bilen tanyşalyň, şahsa ýazaýyň.
Ahmedik bilen söhbetdeşlik geçirmegimizi sorap kän agza haýyş etdi.

Şu ýerde hemme kişiň öňünde aýtsam bolanokmy?! Beýtsem, düzgüni bozýan bolsam, şahsyňa ýazaýaryn. Ýöne meň teklip beren agzam bilen hökmany tanyşlyk gurnamaly bolarsyň:)
Han ogul
30 июн 2022, 10:18
Diýeli siz kynçylykly günleri başdan geçirýäňiz. Şl wagt Alla sygynyp kömek soramagy amatly bilýäňizmi ýa peýdasyz hasaplaýaňyzmy?
"Alla'' sözi adamy rahatlandyrýar diýýärler, siz näme pikirde?
Öwreniji
30 июн 2022, 13:15
Ahmedik_97,
Näme üçin imenno sen Ahmet?
we näme üçin 99 ýa 100 däl?