Myş-miş :)

Geliň, ahyryna "myş-miş-muş-müş"goşulmalaryny goşup,iki setirden goşgy düzeliň. Degişme häsiýetli.
Bu diňe gyzykly wagt geçirmek üçin.

Şular ýaly şekilde :

@Nairobi Abaddona barjak-myş,
Soňam Islenene eýe boljakmyş.
14 лайков 1 203 просмотров
108комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
03 июл 2022, 20:01
Islenende söýgi temalary ýat boljakmyş,
Söýgüden ýanmadyklaryň göwni şat boljakmyş.

* * *

Hemedany Gazalyny äpberjekmiş,
Adekwatnyý agzalara hop berjekmiş.

* * *

Abaddonam goşa bazar,
Esetjekmiş saýtyna.
Agzalaryň bar arzyny,
Düzetjekmiş badyna.
Gauzen
03 июл 2022, 20:02
@Khanture Ýeriň tekizligi ýetmedik ýaly,
Darwini kül-peýekun edenmiş häli
Gauzen
03 июл 2022, 20:08
@Massimus hekaýalary dowam etjekmiş,
@Granger hem "häsini" ýetirjekmişin
Telwas
03 июл 2022, 20:08
Berekella! ??
Joşuň şeýdip. :)
Gauzen
03 июл 2022, 20:15
@Nirvana gelip görüp begenjekmişin,
Ylhamlanyp "Müsüriň" dördünjisin ýazjakmyş,
Ol ýerde maňa-da "gezekli çemçäniň sapy"
Diňe meniň elimde boljakmyş...
Gauzen
03 июл 2022, 20:27
Gauzen
@Nirvana gelip görüp begenjekmişin,
Ylhamlanyp "Müsüriň" dördünjisin ýazjakmyş,
Ol ýerde maňa-da "gezekli çemçäniň sapy"
Diňe meniň elimde boljakmyş...

*Ol ýerde-de "gezekli susagyň sapy"
Diňe meniň elimde boljakmyş häli
Gauzen
03 июл 2022, 20:31
@Kind_boy'yň hem gelýärmişin gelesi,
Ýöne şu wagt ýetenokmyş ellisi ;))
Ötegçi
03 июл 2022, 20:42
Geçip baryaka sowlan, Shrekmollamyş,
Gulagy şyñlap geljekmiş ýollamyş :D
Massimus
03 июл 2022, 20:42
Agzalaryň agzybirligi artyp, Sylaşygy bir-birinden ozjakmyş, Ötegçi, Ahmedik, Gauzen dostum, Meň adymy agzap goşgy ýazjakmyş...
Agzalaryň köpüsi barada ýazjak degişme myş-larym bar welin, soňky döwür degişmelerdenem serýozny many gözleýändikleri üçin ýazmaga ýaýdanýan
Ötegçi
03 июл 2022, 20:43
@Aksary dünýäbelli ýyldyzmyş,
Tanyşly barmasañ jaýyna salmazmyş :D
Ötegçi
03 июл 2022, 20:47
Hekaýalarñyzda guldirmegi oñarýañyz agamMassimus, gunde 2den 3den goýsañam okajak wln az goýýañyzda
Ötegçi
03 июл 2022, 20:47
@Ahally_24 firma açjakmyş
CEOsyny @arkac edip aljakmyş
Apples
03 июл 2022, 20:51
Gauzen
@Kind_boy'yň hem gelýärmişin gelesi,
Ýöne şu wagt ýetenokmyş ellisi ;))

Kind boy yn bolmasada dollary,
Gecendir ol gaty agyr yollary.
Massimus
03 июл 2022, 20:52
Ötegçi,
Hekaýalarñyzda guldirmegi oñarýañyz agamMassimus, gunde 2den 3den goýsañam okajak wln az goýýañyzda

Çalaja ýylgyrtsa-da razy men-ä dostum. Agzalar baradaky degişmeli mowzuklar bolmasa-da, öz gören - eşidenlerim barada Massimus stilde (dogrusy, halypam McM stilde) ýazmagy dowam ederin, nesip bolsa
Gauzen
03 июл 2022, 20:52
Kind_boy
Gauzen
@Kind_boy'yň hem gelýärmişin gelesi,
Ýöne şu wagt ýetenokmyş ellisi ;))

Kind boy yn bolmasada dollary,
Gecendir ol gaty agyr yollary.

sps bahaber
Gauzen
03 июл 2022, 20:53
Massimus
Ötegçi,
Hekaýalarñyzda guldirmegi oñarýañyz agamMassimus, gunde 2den 3den goýsañam okajak wln az goýýañyzda

Çalaja ýylgyrtsa-da razy men-ä dostum. Agzalar baradaky degişmeli mowzuklar bolmasa-da, öz gören - eşidenlerim barada Massimus stilde (dogrusy, halypam McM stilde) ýazmagy dowam ederin, nesip bolsa

Ýazsana agam okap, gülüp-gülüp diň arkan gaýdaýynla :D
Serdar
03 июл 2022, 21:00
@Hamedany özini sylaýanmyş,
Onuñ pikirinde hemme zad hasaplymyş.

@Khanture ýer tekizdigini etmesede dakazat,
Şo gün gije düýş görenmiş turanmyşyn harasat.

@Massmus agza eli mikrafonlymyş,
Justin bilen Selana 'ñ toýun alyp baranmyş.

@Nirwana agza tizden ojagyna barjakmyş,
Ýakynlarynyñ didaryndan bahym ganjakmyş.

@Bendtner atdaş seredmändir kän gyza,
Ýöne öýlenjekmiş perişde dek bir gyza,

@Soho milli taryhymyz halaýarmyşyn,
Ärtogrul onuñ üçin beýik hanmyşyn,

@Garaburch gaharlyka has da owadanmyşyn,
Öýke kinäni içinde çüýretýämişin.

@Hiayress agza umnumyş,
Ýöne realda kulturnymyş.

@Elif düýşinde söýgä uçranmyş,
Ony Islenene pylçanmyş.

@Mümkin agza romantikany söýýämiş,
Ol ak atly bolmasa da şazada garaşýamyşyn.

@Gost agza gyzyk wäşimiş,
Muny eşiden "Ýagşy" okuwçysy boljakmyş.

@Bayker agzañ puly köpmiş,
Göwni sadamyş.

@Pegas agza mollummyş,
Gyzlar şahyr diýip gepin edýämiş.

@Donmaxxx çilimi goýjakmyş,
Haçanda bar gyzlar öziniñki bolandamyş,

@Wordless agza gyzlaryñ huyr perisimiş,
Muny eşiden Aýşwariniñ gulagy galanmyş.

@Remezanyñ bolsa da ýaşy uly,
Ýüregi urşy 18 ýaşlyñky ýalymyş.

@Ejegyz agza ýekeje ýürekdeşmiş,
Bir gün ejesi arkasyndan sýurpiriz bolup geljekmiş.

@Nairobi gyzlañ gözel şasymyş,
Irden tursa öñkije otagymyş ýöne talypmyş.

@Ötegçi agza armansyz ötjekmiş,
Ötendede jennetde döwran sürjekmiş.

@Ahmedik saýtda iñ akyllysymyş,
Ýazgyt nesibe onuñ öñünde ejizmiş.

@Mona Songz az wagtdan talypmyş,
5 ýyldan gyzyl diplomy ele aljakmyş.

@Xyiweniýa agzañ saçyn Rapunsel görenmiş ,
Otyryp hepdeläp pikire batanmyş.

@Biohimik agajyñ aşagynda oturanmyş,
Kellesine alma gaçyp alym bolanmyş.

@Kalp doktary kän bilim alanmyş,
Az wagtdan ökde medikmiş.

By: @Seri??
Gauzen
03 июл 2022, 21:05
@Seri şu gün alanmyşyn aýlygy,
@Gauzen: "Dost, beräý indi bergiňi!"
Gizlin
03 июл 2022, 21:10
Barmyş saýtymyzda COMEDY CLUP,
Massimus başlykmyş, Soho modermiş:)


Hakykam şul agzaň ýazgylaryny ýyrşarman okamak mümkin däl.
Gizlin
03 июл 2022, 21:12
Soho Ärtogruly halap görýämiş,
Sorasañ komiks zadam bilýämiş.

Heh, her kim bir zatda tanalýarda))
Ahally
03 июл 2022, 21:12
Ötegçi off № 42 Şu gün, 20:47
@Ahally_24 firma açjakmyş
CEOsyny @arkac edip aljakmyş

televizor
Gizlin
03 июл 2022, 21:14
Ahmedik saýtda iñ akyllysymyş,
Ýazgyt nesibe onuñ öñünde ejizmiş.


Ylym uran bolaýmasa şu çagany. Şuňa zat diýmägede gorkyan mena urşar öýdüb durn))
Serdar
03 июл 2022, 21:15
Gauzen,
@Seri aylygyn alyp keýpe gidenmiş,
@Gauzen agza uky derman içirenmiş.
XYIVENIA
03 июл 2022, 21:23
@Xyiweniýa agzañ saçyn Rapunsel görenmiş ,
Otyryp hepdeläp pikire batanmyş.


??Yspasiba Seri
Bentner
03 июл 2022, 21:45
Ötegçi,
Ay dash edipsiň dost)
Bentner
03 июл 2022, 21:46
Seri,
Atdaş daş edipsiňa?
Mahremcynar
03 июл 2022, 21:48
Yøne yøne Myş Muş edip bar agzalar yatanmys goşgy düzmän
Belki
03 июл 2022, 21:58
Ony heläk edip biriniñ yşky
Massimus agamyz ýazypdyr goşgy

"Degişmeden ýazan çynym"diýenmiş
Soñam agzalardan gaty görenmiş :))

Ötegçi goşlaryn düwüp ýörenmiş
Soñam bir-iki aýdan talyp bolanmyş

Nairobi,Mona songz jopba joralar
Talyplyk bagtyndan ýetdik paý alar

Biohimik öýlenenmiş ir ýaşda
Gelni bilen okuw diýip ýüwrüp başlan

Aksary bilbilmiş ajapmyş sesi
Hemem juda päk ýüregiñ eýesi

Khanture-de şol dek päk kalplymyşyn
Okuwa girjekmiş,hem bagtlymyşyn

Gost aksiýadan maşyn utjakmyş
Felicita joram bagt toý tutjakmyş

Gültäjiñem toýy boljakmyş basym
Hemem isleneni ýapdyrjakmyşyn :)

Remezanam güýçli şahyr çykanmyş
Bentner,düşewüntli pişe tapanmyş

Belki,ýola bakýar,intizarlar deý
Şazada-da gara berenokmyş teý

Sabrynyñ soñuna çykypmyş ine
Baryp goýberenmiş sada wezire :)
Ötegçi
03 июл 2022, 22:02
Belki, jora ýaryşdan ne habar?! (Saña wezire kaýyl bolmak gelişenok, bir şazada tapyn:D)
#B.S
03 июл 2022, 22:06
Khanture togalak yerci bolanmysh
Ony Nirvana birki gunden subut etjekmish ;)
Hiayressem bilyardimow shunyn kellesi guycli oglandygny diyjekmish ;)