????

Nädeýin düşünjesini
Bolýar-da maña des-deñje
Paýlaşsa düşenjesini :)))
7 лайков 515 просмотров
52комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
Автор 21 авг 2022, 22:03
Hindiniñ awçysy çyksa şikara
Özge aw islemez pil sesin añsa
Otag orun bolsa bilbili zara
Otaga o:t salar gül sesin añsa

Jereniñ balasyn baksañ bejerseñ
Suw ýerine şeker-şerbetler berseñ
Höregne gül berip günde müñ görseñ
Watandan el götär çöl sesin añsa

Bedasylyñ köñli açylar şer diýseñ
Hergiz gitmez il derdine ýör diýseñ
Bahyllaryñ jany çykar ber diýseñ
Täzeden jan girer al sesin añsa

Nepes sen sözleseñ ulus illerde
Bilbil şeýda bolar täze güllerde
Asal ezgil dahan içre tillerde
Ary hüjüm eýlär bal sesin añsa.
Belki
Автор 21 авг 2022, 22:04
Dowzah meni ýakabilmez
Ýanyp men ataşlaryña.
Belki
Автор 21 авг 2022, 22:06
Çykyp köpler bilen gezip ýörüme
Söýen ýokdur seni menden zyýada.
Belki
Автор 21 авг 2022, 22:07
Men öläýsem jynazamda ymam ol
Gözýaşlaryñ bilen ýuw,Leýla,Leýla.
Belki
Автор 21 авг 2022, 22:08
Alda meni,näçe isleseñ alda
Ýöne bildirmesin ýalanyñ sepi.
Belki
Автор 21 авг 2022, 22:12
Öz iliñde gymmatyñ ýok,gymmatyñ ýok şahyrym
Öz iliñde gymmatyñ ýok özge ýurduñ puly ýaly.
Massimus
21 авг 2022, 22:33
Gauzen,
Tüweleme Copy+Paste'çiler "näýli gowmy"diýýämi Aýdaýöziň ;)

Şu aýdymç-a söz ýok prosta. Täze nesliň iň gowularynyň biri meň üçin-ä
Caspian
21 авг 2022, 22:35
Eginiňe yaraşar akşam alalar
Seni görüp şeýda gownum nalal:ar
Gokden yere inenen Munbir belalar
Değse mana değsin yara degmesin
Caspian
21 авг 2022, 22:35
**d
Nurmuhammet
21 авг 2022, 22:52
Dana däl men ýazar ýaly dana söz, ýöne ýazaýyn men durmuşymdan birki söz
Caspian
21 авг 2022, 22:54
Ygrary bolan yiğit yalan söylemez
Atyn nasag ozin yarali geldin
Dost bolan dostundan syryn gizlemez
Atyn nasag ozin yaraly geldin

Aydymdan
Rabiya
22 авг 2022, 01:05
Bir gör, onuň telpegini elle-de,
Şular ýaly nepis zadyň içinde
Bolaýmal-a bir oňatja kelle-de.

Hakykaty boýun alalyň , geliň!
Ýigidiň başyna bela getirýän
Ýa haram puldur, ýa biwepa gelin

Gör, bu şalaň gözýetimniň darlygyn,
Heý, görüňde rahat ýatyrarlarmy,
Bilseler gabryňda altyn barlygyn.

Kyn ýörejek ýoluň batgaly bolsa,
Ýol bererler birýan gyra çekilip,
Ilki öňe düşen batmaly bolsa.

Girimin-çykymyn öwrenip goýuň,
Başyňa düşmejek gumany ýokdur
Ýas bilen toýuň.

Toprak eklär , sen topragy ekleseň,
Ýöne ol özünde bar zadyn berýär,
Sen özüňe gerek zady ekmeseň.

Her kim tapawersin öz ornun, ýerin,
Mis teňňeler üçin uly ejirdir
Arasynda ýatmak altynyň , zeriň.

Öz ornuň tap, ilden janyň aýama,
Eger telpek bolsaň , başda götärler,
Köwüş bolsaň geýilersiň aýaga.

Bu hakykat saňa öňden mälimdir:
Iň eziz dostuňdyr- ýagşy niýetiň,
Ganym duşmanyňam – ýaman päliňdir.

Az sözle, dana bol oglum,
Bir halta saman bolandan
Ýekeje däne bol oglum !


Zametkama alanlarym
Aýsere
22 авг 2022, 11:04
Gauzen
Tüweleme Copy+Paste'çiler "näýli gowmy"diýýämi Aýdaýöziň ;)

Hakyky ady nämekä
Aksary
22 авг 2022, 11:10
M-11.
Gauzen
Tüweleme Copy+Paste'çiler "näýli gowmy"diýýämi Aýdaýöziň ;)

Hakyky ady nämekä

Ady Kerim
Aksary
22 авг 2022, 11:12
Tut elimden galdyr meni
Aksary
22 авг 2022, 11:12
Söýgi diýip ýörşüme
Saña golaýlaşyp barýaryn Allam
Aksary
22 авг 2022, 11:14
Ýüz ýüñ mata däldir ýamap ýelmäre
Diyilmese bolýar 'äý ýüzi ýyrtyk'
Aksary
22 авг 2022, 11:15
Kalby dyñzap giden ýygra bulut men
Ýagaryn böwrüni dilip gökleriñ
Aksary
22 авг 2022, 11:16
Sözlemäge sözi känkä
Dymarmyş diydiler ynsan
Aksary
22 авг 2022, 11:16
Nazaryñ kaklyşan jelegaylary
Belki
Автор 22 авг 2022, 13:31
46-njy teswirdäkiñ Nobatgulyñkymydy,Baýgeldi?
Aksary
22 авг 2022, 16:25
Belki
46-njy teswirdäkiñ Nobatgulyñkymydy,Baýgeldi?

Ýok Goçmyradyñky